22.9 C
Aşkabat
15.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

“Köpetdag”, “Nebitçi” Hem-de “Ahal” Toparlary Ýeňiş Gazandylar

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 13-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşyklary geçirildi. Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda “Şagadamyň” ýaşlar düzümini 3:1 hasabynda ýelişe sezewar eden “Köpetdag II” topary 27 utuk toplap ýaryş tertibinde eýeleýän ikinji ornunda galdy.

Üçünji orny eýeleýän “Nebitçi II” topary hem bu tapgyrynyň duşuşygyny ýeňiş bilen tamamlady. Balkanabadyň topary öz meýdanynda “Merw II” toparyny 5:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Gazanan bu ýeňşinden soň “Nebitçi II” topary 25 uutuk toplady.Oýun gününiň üçünji duşuşygy Maryda geçirilip, onda “Ahal II” myhmançylykda “Energetigiň” ýaşlar düzüminden 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Futbol birinjiliginiň 14-nji tapgyrynyň duşuşyklary 11-nji hem-de 12-nji iýunda geçiriler: “Altyn Asyr II” – “Nebitçi II”, “Şagadam II” – “Energetik II”, “Ahal II” – “Aşgabat II”, “Merw II” – “Köpetdag II”.

 

13-nji tapgyryň duşuşyklary:  

 “Köpetdag II” – “Şagadam II” – 3:1

Gollar: 1 Röwşen Begjanow, 6 Hakmuhammet Bäşimow, 34 (11 m.j.u.) Elýasberdi Berenow (“Köpetdag II”) – 13 Arzuw Allaberdiýew (“Şagadam II”)

 “Energetik II” – “Ahal II” – 1:2

Gollar: 68 (11 m.j.u.) Rahym Seýidow (“Energetik II”) – 1 Orazgeldi Seýidow, 35 Agageldi Täçmämmedow (“Ahal II”)

“Nebitçi II” – “Merw II” – 5:1

Gollar: 52 Seýitmämmet Öwezmyradow, 60 Sapar Orazgylyjow, 64, 66 Remezan Orazgeldiýew, 89 Arslan Saparow (“Nebitçi II”) – 35 Myrat Öwezmyradow (“Merw II”)

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistanlylar 2019-njy Ýyly Gülläp Ösýän Watana Buýsanç Bilen Garşyladylar

turkmenhabargullugy

Pekinde Türkmenistanyň Prezidentiniň we HHR-yň Başlygynyň gepleşikleri boldy.

syrach

Türkmenistanda Saýlawlary we Sala Salşyklary Geçirmek Baradaky Merkezi Toparyň Mejlisi

syrach