26.1 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

«Kopetdag» Ýaryş Tertibinde Öňdäki Orna Geçdi

12-nji martda paýtagtymyzda 2-nji tapgyryň çäginde “Aşgabat” bilen “Köpetdag” toparlary duşuşdy. Bu duşuşykda 1:0 hasabynda ýeňiş gazanan “Köpetdag” toplan 4 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji basgançaga geçmegi başardy.

Ýeri gelende bellesek, bu tapgyryň beýleki duşuşyklarynda “Nebitçi” “Şagadamdan” (1:0), “Merw” bolsa “Energetikden” (1:0) üstün çykdylar.

Bu tapgyrda geçirilmeli “Altyn Asyr” bilen “Ahalyň” arasyndaky duşuşyk 24-nji aprele süýşürildi.

Futbol çempionatymyzyň üçünji tapgyrynyň duşuşyklary 16-njy hem-de 17-nji martda geçirilip, onda “Ahal” – “Merw”, “Şagadam” – “Altyn Asyr”, “Energetik” – “Aşgabat” hem-de “Köpetdag” – “Nebitçi” toparlary duşuşarlar.

Geçirilen duşuşygyň netijesi:

“Aşgabat” – “Köpetdag” – 0:1

Gol: 67 Şiri Annaýew (“Köpetdag”)

Duýduryşlar: 31 Süleýman Orazow, 35 Azat Şamyradow, 36 Nazar Towakelow, 45+1 Boris Iwanow, 73 Batyr Täçnazarow, 77 Döwran Berdiýew, 81 Atageldi Berdiýew (“Aşgabat”) – 25 Döwletmyrat Seýitmuhammedow, 30 Şiri Annaýew, 40 Tofik Şukurow (baş tälimçi), 80 Ýakup Maksadow, 87 Batyrgylyç Berdiýew, 90+1 Resul Çaryýew (“Köpetdag”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: E.Annamyradow (Balkanabat ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)

Tomaşaçy sany: 200

Çempionatyň tablisasy:

T/b Toparlar O Ý D U T U
1. “KÖPETDAG” 2 1 1 0 1-0 4
2. “AHAL” 1 1 0 0 2-0 3
3. “MERW” 1 1 0 0 1-0 3
4. “NEBITÇI” 2 1 0 1 1-2 3
5. “ŞAGADAM” 2 0 1 1 0-1 1
6. “ENERGETIK” 2 0 1 1 0-1 1
7. “AŞGABAT” 2 0 1 1 0-1 1
8. “ALTYN ASYR” 0 0 0 0 0-0 0

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

«Lebapawtoulag»-Sebitiň Ulag Kuwwaty

Futbol Boýunça Türkmenistanyň Çempionatynyň 4-nji Tapgyrynyň Duşuşyklarynyň Eminleri Bellenildi

Göçegçi Çal Durnalar Amyderýanyň, Tejeniň Jülgelerinde we Köpetdagyň Eteginde Mekan Tutdylar