22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
YLYM

Magtymgulynyň şygyrlary täjik dilinde

Beýik türkmen şahyry, akyldary Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň täjik dilinde çap edilmegi türkmen halkynyň taryhy-medeni we ruhy baýlygyna dünýä ýüzünde barha ösýän gyzyklanmalaryň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Täze şahyrana ýygyndy “Gymmatly miras” ady bilen dostlukly ýurtda neşir edildi.

Türkmen nusgawy edebiýatynyň we öz döwrüniň medeniýetiniň görnükli wekili Magtymguly Pyragy Gündogar halklarynyň edebiýatynyň ösüşine täsirini ýetiren dünýä çeperçilik ulgamynda tanymal şahsyýet bolup durýar. Magtymguly Pyragynyň ýokary ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan çeper mirasy täze Galkynyş eýýamynda özüniň jebisleşdiriji ähmiýetini tassyklap, täze güýç bilen ýaňlanýar.

Türkmen nusgawy edebiýatynyň wekiliniň eserleriniň ýygyndysynyň täjik dilinde neşir edilmegi dostlukly halklaryň soňky ýyllarda däp bolan ruhy-medeni gatnaşyklarynyň giňeldilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, türkmen-täjik gatnaşyklary häzirki döwürde ýokary göterilişe eýe bolýar. Döwletara gatnaşyklary diňe bir söwda-ykdysady ulgamynda däl, eýsem gumanitar hyzmatdaşlykda, doganlyk halklaryň ruhy gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda has-da işjeňleşdirilýär.

Doganlyk halkyň dilinde neşir edilen täze kitaplar ýyl-ýyldan berkeýän türkmen-täjik dostluk gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka bolup, türkmen döwletiniň Baştutanyna çuňňur hormatyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp ugurly döwlet, syýasy we ylmy işinde uly hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Täze kitaplaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsyýetine we işine bagyşlanan neşirler, şeýle hem milletiň Lideriniň ylmy işleri bar. Mysal üçin, geçen ýyl türkmenistanlylara täjik diline terjime edilen “Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk” atly kitaby, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” we “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy” atly ylmy işleri hödürlenildi. Şu ýyl Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” diýen ýygyndyda jemlenen maksatnamalaýyn çykyşlarynyň, sözlän sözleriniň we söhbetdeşlikleriniň täjik dilindäki neşiri çapdan çykdy.

Şu ýylyň mart aýynyň başynda ajaýyp türkmen şahyry Nurmuhammet Andalybyň doglan gününiň 350 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Bu senä gabatlanylyp şahyryň täjik dilindäki eserleriniň ýygyndysy, şeýle hem Täjigistanyň Ylymlar akademiýasynyň golýazmalar gaznasyndaky çeşmeleriň esasynda taýýarlanylan neşir çap edildi.

Häzir türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynyň ähli ulgamlarynda bolup geçýän oňyn özgertmeler, şol sanda milli ykdysadyýeti we durmuş-medeni ulgamlary ösdürmek, ylmy we bilimi kämilleşdirmek, şeýle hem iri taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça möhüm wezipeleri çözmek babatda alnyp barylýan ägirt uly işler Täjigistanyň esasy döwürleýin neşirleriň sahypalarynda öz beýanyny tapýar. Biziň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşynyň wakalary barada öz okyjylaryna yzygiderli gürrüň berýän “Elita” žurnaly hem munuň mysallarynyň biridir. Mysal üçin, bu meşhur täjik neşiriniň soňky iki sanynda Türkmenistana aýratyn üns berildi. Onuň ýörite goýberilişi bolsa dolulygyna garaşsyz türkmen döwletiniň häzirki durmuşyna, onuň ylalaşdyryjylyk ornuna we milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn halkara başlangyçlaryna bagyşlandy.

Medeniýetleriň arasyndaky şeýle netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmekde, biziň halklarymyzyň arasyndaky dostlugy, birek-birege ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýlaryny berkitmekde, garaşsyz hem bitarap türkmen döwletiniň gazanan üstünliklerini giňden wagyz etmekde Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň möhüm ornuny bellemek gerek. Biziň ýurdumyzyň Täjigistandaky ilçihanasynyň goldaw bermeginde bilelikdäki medeni çäreleriň ençemesi geçirildi. Şeýle hem doganlyk halky Türkmenistanyň baý ruhy mirasy bilen tanyşdyrýan täjik dilindäki täze kitaplar neşir edildi. Olaryň arasynda Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ýygyndysy hem bar.

Magtymguly Pyragynyň täjik dilinde çap edilen eserler ýygyndysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň özüniň zehinli şahyryna bolan çäksiz hormat we buýsanç duýgularyny beýan edýän sözleri bilen açylýar. Onda, hususan-da, Magtymgulynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen pelsepesine, milletiň ýürek owazyna, türkmen ruhunyň sütünine öwrüldi diýen sözler bar.

Türkmen we täjik alymlarynyň ýazan makalalarynda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijilik ýoly hakynda gürrüň berilýär. Onuň döredijilik mirasyny öwrenmek boýunça tapgyrlaýyn syn berilýär. Ýygyndy şahyryň “Pyragy” atly goşgusy bilen açylýar.

Magtymgulynyň eserlerini täjik diline birnäçe täjik terjimeçileri terjime edipdirler. Täjik we türkmen alymlarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde neşir edilen Magtymgulynyň şahyrana döredijiligi mazmuny we ugry boýunça örän baýdyr we neşiriň doganlyk täjik halkynyň dilinde çap edilmegi watansöýüjilik, ahlak we ruhy tämizlige daýanýan ýörelgeler arkaly doganlyk halklary baglanyşdyrýar.

Täze ýygyndynyň tanyşdyrylyş dabarasy Duşanbe şäherinde geçirildi. Ol giň jemgyýetçiligiň, Täjigistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň, dostlukly ýurduň alymlarynyň gatnaşmagynda geçrildi. Çärä gatnaşyjylar beýik şahyryň eserleriniň täjik dilinde çap edilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, iki döwletiň arasyndaky netijeli ylmy we medeni gatnaşyklaryň giňeldilmegine öz täsirini ýetirer. Täze şahyrana ýygyndy doganlyk ýurduň milli we ylmy kitaphanalarynda mynasyp orna eýe bolar.

Magtymguly Pyragynyň “Gymmatly miras” atly ýygyndysy ýokary neşir derejesinde çap edilipdir we iki dostlukly ýurtlaryň milli öwüşginleri bilen bezelipdir.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Uzak Ýaşamagyň Syry

Köýtendagyň Ýerasty Dünýäsiniň Syrlary: Garlyk Gowaklarynyň Özboluşly Haýwanat Dünýäsi

turkmenhabargullugy

Türkmenistan-Fransiýa: medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

syrach