18.9 C
Aşkabat
26.04.2024
YLYM

Türkmenistan-Fransiýa: medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän arheologik bazanyň çäginde «Abiwerd» döwlet taryhy-medeni goraghananyň ýanyndaky ylmy-dikeldiş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Ony döretmek pikiri belli fransuz arheology, professor Oliwe Lekonta degişlidir. Ol eýýäm on ýyl bäri Duşagyň golaýyndaky gadymy Ulugdepe obasynda gazuw-agtaryş işlerini geçirýär.

Ulugdepe obasy biziň eýýamymyza çenli ll-l müňýyllyklaryň sepgidinde bolupdyr, ol Köpetdagyň etegindäki iri arheologik ýadygärlikleriň biri bolup durýar. Şol ýadygärlikler siwilizasiýalaryň bosagasynda ýüze çykypdyr we dünýäde ilkinji ekerançylaryň ýaşan obalarynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde bu gün ylym dünýäsinde giňden belli boldy. Uzak geçmişde galan şol eýýamyň senetçilik önümçiliginiň ussalarynyň eserleriniň köpüsi biziň döwrümize çenli üýtgän ýagdaýda gelip ýetipdir we gaýtadan dikeldijileriň işini talap edýär. Dikeldijiler olaryň diňe bir ömrüni uzaltmagy däl-de, eýsem daşdan we metaldan ýasalan zergärçilik önümleriniň, nagyşlanan nepis keramika gaplarynyň, adamlary we haýwanlary şekillendirýän heýkeljikleriň, şeýle hem diwar suratlarynyň, daşdan ýasalan mozaika panelleriniň we arheologlaryň beýleki täsin tapyndylarynyň öňki gözelligini gaýtaryp bilýärler.

Duşakdaky dikeldiş merkeziniň işini ýola goýmaga Fransiýadan tejribeli hünärmenler we çagyrylan beýleki bilermenler -Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça milli müdirliginiň öňden gelýän hyzmatdaşlary usulyýet kömegini bererler. Bu ýerde döredilen barlaghana iň häzirki zaman enjamlar we ýörite serişdeler bilen üpjün edilip, ol öz işinde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň dikeldiş kafedrasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk eder hem-de özboluşly okuw we amaly işler binýadyna öwrüler. Şonda arheologik tapyndylar muzeýlere gowuşmazdan öň doly dikeldiş tapgyryny geçerler. Bu ýere şeýle hem gaýragoýulmasyz konserwasiýa we dikeldilmäge mätäç bolan muzeý gymmatlyklary gelip gowşar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna gabatlanan merkeziň açylyş dabarasyna paýtagtymyzyň we welaýatlaryň muzeýleriniň, ýerli dolandyryş we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, häzir biziň ýurdumyzda işleýän italýan, polýak, rus we fransuz arheologlary, şeýle hem Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Per Lebowiç, gumanitar ýokary okuw mekdepleriň talyplary, żurnalistler gatnaşdylar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

TDIM-niň Halkara Gatnaşyklary Instituty Bilen TIKA-niň Arasyndaky Hyzmatdaşlyk

syrach

Türkmenistanda Halkara Sergisi we Maslahat Geçirilýär

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Pekindäki Diplomatik Wekilhanasy Halkara Telekeçiligi we Ykdysadyýeti Uniwersitetinde Duşuşyk Geçirdi