27.9 C
Aşkabat
01.05.2024
YLYM

Ylymlar gününe bagyşlanýar

12-nji iýunda ýurdumyz Ylymlar gününi – özüniň peýda bolmagy üçin täze Galkynyş eýýamyna – ägirt uly üýtgeşiklikleriň we öňdebaryjy özgertmeleriň eýýamyna borçly bolan baýramçylygy dabaraly ýagdaýda belläp geçer, oýlanyşykly ylmy çemeleşme, ylmy pikiriň öňdebaryjy gazananlary onuň esasynda goýuldy.

Ylmy taýdan esaslandyrylan binýat ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň esasyny düzmelidir, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetimizi gönüden-göni şuňa ugrukdyrýar. Häzirki zaman Türkmenistan täze tehnologiýalary çekmek hem-de innowasiýalary öwrenmek, olary iş usulyna ornaşdyrmak bilen öňdebaryjy dünýä tejribesini işjeň özleşdirýär. Hut şonuň üçin hem Ylymlar gününiň ähmiýeti beýik özgertmeler eýýamynyň täzeçil düýp mazmunyny nygtamak bilen, alymlaryň hünär baýramçylygynyň çäginden çykýar.

Türkmenistanyň alymlary Ylymlar gününi belläp geçmäge aýratyn ruhubelentlik bilen taýýarlanýarlar. Olar üçin bu baýramçylyk netijeleri jemlemegiň we geljek üçin meýilnamalary kesgitlemegiň özboluşly güni bolar. Şu günler akademiki we pudaklaýyn institutlarda, ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdeplerinde Ylymlar gününiň hormatyna dabaraly çäreler geçirilýär.

Şol çäreleriň ilkinjileriniň biriniň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň taryha degişli meseleleri öwrenýän institutlarynda bolup geçendigi çuňňur many-mazmuna eýedir. Mysal üçin 8-nji iýunda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň mejlisler zalynda “Täze Galkynyş zamanasynda ylym syýasatynyň dabaralanmagy” atly maslahat geçirildi. Şol gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynda “Ylym we tehnika milli ykdysadyýetiň ganatydyr” atly ylmy maslahat boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze Galkynyş eýýamynda türkmen döwletiniň wagyz-nesihatyny kemala getirmekde durmuşyň şeýle filosofiýasyny, taryhy, durmuş, medeni, ruhy tejribäniň döredijilikli gatnaşygyny, Türkmenistanyň häzirki we geljekki ösüşiniň wezipeleri bilen bilelikde taryh ylmynyň möhüm ornuny hemişe belleýär.

Häzirki tapgyrda taryh ylmynyň ösüşiniň wezipeleri we geljegi uly ugurlary alymlaryň — akademiki institutlaryň taryhçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, aspirantlaryň duşuşyklarynyň esasy meselesi boldy.Dabaraly maslahatlaryň işiniň barşynda olara gatnaşyjylar kärdeşlerine özleriniň soňky geçiren barlaglaryny, şeýle hem geljekki gözlegleriň we bilelikdäki taslamalaryň mowzuklaryny hödürlediler, soňky arheologiki tapyndylary we çaklamalary hakynda gürrüň berdiler, öňdebaryjy tehnologiýalary taryhy tapyndylary bir ülňä getirmek işine ornaşdyrmagyň, ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleri üçin okuw-usulyýet edebiýatyny döretmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Alymlaryň nygtap geçişi ýaly, taryhy jähtden we ylmy bilimleriň ösüşini nazara almak bilen, häzirki wakalara akyl ýetirmek we olary ygtybarly beýan etmek Türkmen döwletiniň ösüşiniň häzirki tapgyrynda taryh ylmynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Täze Galkynyş eýýamynda halkara derejesinde ylmy alyş-çalyş etmek üçin açylýan mümkinçilikler taryhy geçmişiň wakalaryna täze öwüşgin çaýýan täze çeşmeleri, öň nämälim bolan halatlary açmaga mümkinçilik berýär diýip, çykyş edenler bellediler. Şeýle hem biziň günlerimizde geçmişiň wakalaryny öwrenmegiň barşynda dersara çemeleşmelerini ulanmak, taryhyň garyşyk ylmy pudaklara giňden goşulyşmagy, usulyýet mümkinçiliklerini aýgytly täzelemek, taryh ylmynyň esasy aýratynlygy bolup durýar diýlip bellenildi.

Dabaraly maslahatlara gatnaşyjylar ýurdumyzyň ylmy mekdebini ösdürmäge, alymlaryň netijeli işlemekleri üçin ähli şertleri döretmäge birsyhly üns berýändigi üçin milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýtdylar.

10-njy iýunda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebinde “Bilimli, ylymly nesil bagtly geljegimizdir” ady bilen baýramçylyk çäresi geçiriler. Oňa bu görelde alarlykly okuw mekdebiniň mugallymlar topary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Milli bilim institutynyň wekilleri, Ahal welaýatynyň jemgyýetçiligi we häkimliginiň wekilleri, ýaşlar gatnaşar.

Ýokary okuw mekdebiň ylmyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek meseleleri şol gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçiriljek maslahatyň esasy mowzugy bolar. “Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasy we Bilim ministrligi Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylym ulgamyndaky taryhy özgertmeleri” atly maslahatyň guramaçylary bolup çykyş edýärler.

“Beýik Galkynyşlar zamanasynda ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara sergisi hem-de ylmy maslahat Ylymlar gününiň hormatyna geçiriljek esasy waka bolar we olaryň dabaraly açylyşy 10-njy iýunda Sergi köşgünde bolup geçer. Öňki ýyllara garanyňda daşary ýurtly sergä gatnaşyjylaryň sanynyň ep-esli artmagy ylmy-bilim beriş ulgamynyň gazananlarynyň bu halkara gözden geçirilişiniň tapawutly aýratynlygy bolar. Munuň özi häzirki zaman Türkmenistanda innowasiýalaryň geljegi uly bazarynda tejribe alyşmaga we işewür gatnaşyklary ýola goýmaga dünýäde bildirilýän gyzyklanmanyň artýandygyna şaýatlyk edýär.

Başarnykly ýaşlary ylma çekmek, ýokary okuw mekdeplerinde zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň döredijilik gözleglerini höweslendirmek ýurdumyzyň ylmy mekdebini ösdürmegiň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň we talyp ýaşlarynyň arasynda ylmy işleriň ýurdumyzda her ýyl geçirilýän bäsleşigi şu wezipeleri çözmegi maksat edinýär.

Bu abraýly intellektual bäsleşik öz ähli güýçlerini we bilimlerini eziz Watanymyza gülluk etmek işine bagyşlamaga berk çalyşýan ýaş başarjaňlaryň ýüzlerçesini öz çägine çekýär. Şol bäsleşigiň ýeňijileriniň hatarynda ylmy-barlag institutlarynyň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki kärhanalaryň ýaş işgärleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary bar.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň işlerine dürli ugurlar boýunça baha berilýär. Bu uly sanawda taryh we medeniýet, dil we edebiýat, şahyrana hem-de saz döredijiligi, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, biologiki hem-de suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, oba hojalygy we tohumçylyk, geologiýa hem-de gazylyp alynýan peýdaly magdanlar, nebitgaz ulgamy, himiýa we beýleki ençeme ugurlar bar. Ýaş zehinleriň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guralan bu bäsleşigiň ýeňijilerini däp boýunça sylaglamak dabarasy Ylymlar gününiň öňüsyrasynda, 11-nji iýunda Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň mejlisler zalynda geçiriler.

Ýurdumyzyň medeniýet işgärleri diýarymyzyň ylmynyň baýramçylygyna öz döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar. Baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasynda 10-njy iýunda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde açylýan “Ylma ak ýol” atly maksatlaýyn mowzukly sergi we ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti bar. Şol konsert baýramçylyk gününde paýtagtymyzyň “Altyn asyr” seýilgähinde bolar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, ýurdumyzyň Bilim ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýan “Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we energetikanyň netijeliliginiň meseleleri” atly halkara maslahat—bilelikdäki türkmen-rus ylmy-innowasion maslahat Ylymlar gününiň hormatyna geçirilýän dabaralaryň özboluşly jemi bolar. Bu maslahatyň işi 13-nji iýunda “Mizan” işewürler merkezinde başlar we hünärmenleriň çaklamalaryna laýyklykda ýurdumyzyň häzirki zaman ylmyny ösdürmäge, öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary iş ýüzünde ornaşdyrmaga möhüm goşant bolar. Çünki ol häzirki zaman ýokary derejede ösen döwletiň ösüşiniň aýrylmaz şertidir. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Pekindäki Diplomatik Wekilhanasy Halkara Telekeçiligi we Ykdysadyýeti Uniwersitetinde Duşuşyk Geçirdi

Ýurduň orta hünär okuw mekdeplerinde abituriýentler üçin giriş synaglary tamamlandy.

syrach

Talyplara Begendiriji Habar