22.3 C
Aşkabat
23.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YLYM

Stambul Uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň Şygryýet Gününe Bagyşlanan Ylmy-Amaly Maslahat Geçirildi

Stambul Uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň Şygryýet Gününe Bagyşlanan Ylmy-Amaly Maslahat Geçirildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda “Sagdynlygyň we Ruhubelentligiň ýyly” diýlip yglan edilen 2017-nji ýylyň 18-nji maýynda, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygynyň (Stambul ş.) hem-de Stambul uniwersitetiniň rektorlygynyň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň güni we Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp, “Magtymguly Pyragy – Türkmen edebiýatynyň hazynasydyr” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Stambul uniwersitetiniň Jemil Bilsel maslahatlar zalynda geçirilen bu ylmy-amaly maslahat, dabaraly baýramçylyk çäresi bilen utgaşdyryldy. Bu dabaraly ylmy-amaly maslahata Baş konsullygymyzyň wekilleri, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň prorektory O.Myradow, Stambul uniwersitetiniň rektory Mahmut Ak, bu uniwersitetiň prorektorlary Mert Sawrun we Sedat Murat, Stambul uniwersitetiniň Türkologiýa institutynyň müdiri Fikret Turan, Stambul uniwersitetiniň Hasan Ýüjel adyndaky mugallymçylyk fakultetiniň uly mugallymy Nurjan Güder, Türkmenistan-Türkiýe Raýdaşlyk we Hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Ismail Nejdet Aýgün, Ankara uniwersitetiniň mugallymy Berdi Saryýew, “Atawatan Türkmenistan” žurnalynyň wekili Adem Kula, Stambul uniwersitetiniň mugallymlary, edebiýatçy alymlary hem-de türkmen we türk talyplary gatnaşdylar.

Ýokary gatnaşygy bilen tapawutlanan bu maslahat iki ýurduň döwlet senalarynyň ýaňlanmagy bilen başlady. Döwlet senalarynyň ýerine ýetirilmeginden soňra, Türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen tanyşdyrýan wideo-şekilli görnüşler gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi. Bu görnüşlerde Magtymguly Pyragynyň ylmyň basgançaklarynda geçen ýoly, onuň ilkinji mugallymy hökmünde öz kakasy D.Azadydan bilim alandygy, şahyryň öz goşgularynda agzybirligi we watansöýüjiligi ündändigi hem-de elmydama Berkarar Türkmen döwletiniň arzuwynda ýaşap geçendigi aýdylýar. Şeýle hem, Türkmen halkynyň hazynasy bolan beýik şahyryň eserleriniň häzirki döwürde dünýäniň dürli ýurtlarynda içgin öwrenilmeginiň örän buýsandyryjy ýagdaýdygy beýan edilýär.

Dabaraly ylmy-amaly maslahatda Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli liderliginde ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygy, 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hem Berkarar Watanymyzyň halkara sport abraýyny barha ýokarlandyrmaga uly goşant goşjakdygy bellenildi. Ýurdumyzda milli medeniýetimize we gahrymançylykly taryhymyza goýulýan belent sarpanyň nusgasy hökmünde, edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň eserlerini dünýä ýaýmak boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy. Maslahatyň açyk diýlip yglan edilmeginden soňra, Stambul uniwersitetiniň rektoryna söz berildi. Rektor öz çykyşynda, Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň geçirilmeginiň özleri üçin buýsançly ýagdaýdygyny aýtdy. Rektor, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky bilim pudagy boýunça hyzmatdaşlygyň geriminiň barha giňeýändigini bellemek bilen, Stambul uniwersitetinde bilim alýan Türkmen talyplarynyň zehinli we göreldeli talyplar hökmünde tapawutlanýandygyny aýtdy. Uniwersitetiň ýolbaşçysy dabaraly maslahata gelenleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli gutlap, Türkmenistan Döwletimiziň özgerişliklere beslenmegini arzuw etdi. Soňra, maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyzdan gelen D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň prorektory O.Myradowa söz berildi. O.Myradow eden çykyşynda, Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber tagallalarynyň netijesinde barha öňe barýan ýurdumyzda, halkymyzyň medeniýetini we baý taryhyny dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde, ýurdumyzyň we dünýäniň dürli künjeklerinde Türkmenistanyň medeniýet günleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň yzygiderli bellenilip geçilýändigini aýtdy. Şeýle hem, nusgawy şahyrlarymyzyň ömri we döredijiligine bagyşlanyp geçirilýän ylmy-amaly maslahatlaryň täzeçe ylmy garaýyşlaryň ýüze çykmagy üçin uly mümkinçilik bolup durýandygyna ünsi çekdi. O.Myradow şeýle maslahatlaryň daşary ýurtlarda geçirilmeginiň guwandyryjy wakadygyny aýdyp, uniwersitetde bilim alýan talyplara we zähmet çekýän mugallymlara üstünlik arzuw etdi. Maslahatyň dowamynda, Stambul uniwersitetiniň uly mugallymy Nurjan Güder, Ankara uniwersitetiniň mugallymy Berdi Saryýew we Türkmenistan-Türkiýe Raýdaşlyk we Hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Ismail Nejdet Aýgün dagylar çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan eserleriniň terbiýeçilik taýdan netijeliligi bilen tapawutlanýandygyny bellediler hem-de şahyryň şygryýet gününiň yzygiderli geçirilmeginiň türkmen medeniýetiniň we mirasynyň wagyz edilmeginde ähmiýetli çäre bolup durýandygyny aýtdylar.

Ýokary ylmy häsiýete eýe bolan bu ylmy-amaly maslahat dabaraly sahna çykyşlary bilen dowam etdi. Stambul uniwersitetiniň Edebiýat fakultetinde Türki dilleriň döwrebap şiweleri we edebiýatlary hünäri boýunça ýokary bilim alýan türk talyplary Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň”, “Näme sen?”, “Söýmüşem seni” we “Bu derdi” atly goşgularyny okadylar. Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleriniň yzygiderli geçirilmegi türkmen dilini öwrenýän türk talyplary üçin tejribelik we gollanma bolup hyzmat etmek bilen, olaryň okuwlaryna uly goşant goşýar. Çärede çykyş eden türk talyplarynyň şeýle dabaraly maslahatlara gatnaşmaga isleg bildirip, Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny höwes bilen ýerine ýetirmekleri, Mähriban Arkadagymyz türkmen medeniýetini we mirasyny dünýä ýaýmak boýunça edýän tagallalarynyň miwesi bolup durýar. Dabaranyň dowamynda, Stambul şäherinde ýokary bilim alýan türkmen talybynyň ýakymly owazyň sazlaşygynda ýerine ýetiren Magtymguly Pyragynyň “Gözel sen!” atly goşgusy maslahata gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanyp, joşgunly el çarpmalara mynasyp boldy. Çäräniň barşynda, türkmen talyplary tarapyndan ýerine ýetirilen türkmen milli küştdepdi tansy dabaranyň iň gyzykly pursatlarynyň biri boldy. Talyplarymyzyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren küştdepdi tansy, halkymyzyň milli gymmatlygy hökmünde gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Dabaraly sahna çykyşlaryna beslenen ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň özgermegi hem-de Berkarar döwletimiziň gazanýan ajaýyp üstünlikleriniň we türkmen halkymyzyň nusgalyk medeniýetiniň wagyz edilmeginde bitirilen işler üçin maslahata gatnaşan hormatly myhmanlara plaket sylaglary gowşuryldy. Şeýle hem, dabaraly maslahatda göreldeli çykyş eden talyplara ýadygärlik sowgatlar berildi.

Sylaglary we ýadygärlik sowgatlary gowşurmak dabarasyndan soňra, ýadygärlik suratlara düşüldi hem-de maslahata gatnaşyjylara türkmen milli naz-nygmatlary we türkmen palawy hödür edildi.

Şeýle hem, dabaraly çäreler bilen utgaşdyrylan ylmy-amaly maslahatyň geçirilen ýeri bolan Jemil Bilsel maslahatlar zalynyň girelge bölümçesinde Türkmenistan döwletimiziň ýeten belent sepgitleri, türkmen medeniýetiniň we edebiýatynyň görnükli eserleri hem-de paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bilen tanyşdyrýan ajaýyp sergi ýaýbaňlandyryldy. Maslahata gelenleriň ünsüni özüne çeken bu sergide, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti paýhasynyň miwesi bolan ajaýyp kitaplary, türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň eserleri hem-de halkymyzyň milli gymmatlyklary bilen tanyşdyrýan görkezme esbaplary görkezildi. Sergini synlamaga gelenlere Aziada-2017 oýunlary bilen tanyşdyrýan kitapçalar we žurnallar paýlandy.

Çeşme: http://istanbul.tmconsulate.gov.tm/tk/news/4273

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgär, Daşoguz Welaýatynyň Häkiminiň Oba Hojalyk Boýunça Orunbasary Meretdurdy Isgenderowiç Gurbanowyň MAKSATNAMASY

Türkmenistan Howa Ýollarynyň Ýerli Gatnawlarynyň Ugry we Tertibi

turkmenhabargullugy

Türkmen-Gazak Toparynyň Mejlisi

syrach