33 C
Aşkabat
12.05.2021
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

“Merw” Okuw Türgenleşigindäki Ikinji Duşuşygyny Geçirdi

Paýtagtymyzda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän Marynyň “Merwi” “Aşgabat” köpugurly stadionynyň türgenleşik meýdanynda ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Paýtagtymyzyň “Aşgabat” topary bilen geçirilen duşuşykda Marynyň topary 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. “Merwe” ýeňiş getiren toplary duşuşygyň ikinji ýarymynda Alibek Abdyrahmanow (60, 64) öz adyna ýazdyrdy.

Ýeri gelende bellesek, duşuşygyň birinji ýarymynda paýtagtymyzyň toparynyň düzüminde ýakynda BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçiren futbol boýunça milli ýygyndymyzdan çakylyk alan oýunçylaryň bäşisi (Gurbanmyrat Garaýew (derwezeçi), Myrat Amantaganow, Nazar Towakelow, Şatlyk Gurbanow, Döwran Berdiýew) çykyş etdi. Bu duşuşykda milli derejeli emin Akmyrat Jumaýew eminlik etdi.

Marynyň toparynyň okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamyndaky birinji duşuşygynda “Köpetdag” bilen geçiren duşuşygyny 2:2 hasabynda tamamlandygyny ýatladýarys.

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Ýokary Tehnologiki Önümçiligi

turkmenhabargullugy

Aşgabatda Geçirilen Sergi-Ýarmarkada Pagta Önümlerini Satmak Boýunça ABŞ-nyň 30 Million Dollaryndan Gowrak Baha Deň Bolan Şertnama Baglaşyldy

turkmenhabargullugy

Medeniýet Institutynyň Talyplary Talyplar Teatrynda…