25.9 C
Aşkabat
23.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Тürkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň Bellenen Möhletleri Gulluk Eden Harby Gullukçylary Harby Gullukdan Boşadyldylar

Тürkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň Bellenen Möhletleri Gulluk Eden Harby Gullukçylary Harby Gullukdan Boşadyldylar

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda“ Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 18-nji martynda çykaran PP-76 Permanyny ýerine ýetirmek maksady bilen, 2017-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy kanunda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary dabaraly ýagdaýda harby gullukdan boşatdy. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň çagyryş boýunça harby gullukçylaryna Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Düzgünnamalary hem-de hormatly Prezidentimiziň “Watan goragy mukaddesdir”, “Mertler watany beýgeldýär” atly kitaplary we olaryň watansöýüjilik, terbiýeçilik ähmiýeti barada yzygiderli okuw sapaklary gurnaldy. Bu bolsa harby gullugy geçýän esgerlerde watan mukaddesligine çuňdan düşünmägä giň mümkinçilikleri döretdi.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň aýdym-saz toparynyň aýdymçy sazandalarynyň ýerine ýetiren ajaýyp çykyşlary dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Bu bolsa çagyryş boýunça harby gullugy üstünlikli tamamlaýan esgerler üçin has-da täsirli we ýatda galyjy boldy.

Çeşme: Тürkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugy

Degişli makalalar

Zemin barada ylymlar kolleksiýasy.

syrach

Prezidentimiz “Kazakstan Temir Joly” Müdiriýetiniň Başlygyny Kabul Etdi

syrach

Aşgabatda Türkiýäniň Eksport Harytlarynyň Sergisi Fotosuratlary