21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
DURMUŞ

Milletiň ruhy gymmatlyklarynyň baýlaşmagyna goşant

Şu gün gojaman Hazaryň kenaryndaky şäheriň Ruhyýet köşgünde medeniýet we sungat işgärleriniň iň gowy wekillerine hormatly atlary dakmak hakyndaky şahadatnamalaryny, şeýle hem mähriban Watanymyzyň garaşsyzlygynyň 19 ýyllygynyň hormatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly däbe öwrülen bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy boldy.

Köşgüň ajaýyp zalynda ruhubelentlik ýagdaýy höküm sürýär. Bu ýere hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, Umumymilli «Galkynyş» hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, habar beriş serişdeleriniň işgärleri ýygnandylar.

Her ýyl geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň ýeňijilerini hormatlamak dabarasynyň milli senenamanyň şanly senesiniň – türkmen döwletiniň garaşsyzlygynyň 19 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýändiginiň simwoliki manysy bardyr. Bu dabara ýurdumyzyň baş baýramyna gabatlanylyp guralýan çäreleriň ilkinjileriniň hatarynda geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny saklap galmak we artdyrmak milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen döwletiniň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda ýurdumyzyň medeniýeti milli aňy kemala getirýän beýik gymmatlyk bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.

Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynyň ideologiýasyny kemala getirmekde medeniýet ulgamynyň işgärleriniň üstüne örän uly jogapkärçiligiň düşýändigi tötänden däldir. Döredijilik hünärleriniň wekilleri – şahyrlar, ýazyjylar, kompozitorlar, sazandalar, suratkeşler, heýkeltaraşlar, artistler, muzeýleriň we kitaphanalaryň işgärleri, żurnalistler, zehinli ýaşlaryň halypalary öz öňlerinde goýlan wezipeleriň örän wajypdygyna düşünip, ýurdumyzyň medeniýetini we sungaty ösdürmäge mynasyp goşant goşýarlar. Olar özleriniň eserlerinde mähriban Watanymyzy wasp edip, döredejilik zähmeti bilen türkmen halkyny döredejiligiň we ösüşiň ýolunda täze üstünliklere we ýeňişlere ruhlandyrýarlar.

Dabaranyň barşynda Ministrleriň Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllyk baýramy mynasybetli hormatly atlary dakmak hakyndaky Permanyny we Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri hakyndaky Karary okaýar.

Ýygnanlaryň el çarpyşmalary astynda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan we milletiň Lideriniň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň iň gowy wekilleriniň degişli şahadatnamalary, şeýle hem her ýylky gözden geçirilişiiň ýeňijilerine diplomlary we baýraklary gowşurdy.

Baýraklara mynasyp bolanlaryň ählisiniň adyndan Ruhuýet köşgüniň sahnasyndan ýurdumyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna alyp barýan ägirt uly işleri, häzir hakyky ösüşi başdan geçirýän milli medeniýeti we sungaty ösdürmek barada edýän yzygiderli aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri ýaňlandy.

referans:www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

Türkmenistanyň Bitaraplyk Baýramy Dünýä Metbugatynyň Sahypalarynda

syrach

Türkmenistandaky etraplar we şäherler.

syrach