21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
DURMUŞ

Türkmenistanyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan dabaralara gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna gabatlanyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň nobatdaky desgalaryny ulanmaga bermek boýunça dabaralara gatnaşmak üçin, paýtagtymyzdan Türkmenbaşy şäherine ugrady.

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara aeroportunda uçaryň ýanynda döwlet Baştutanyny hökümet edaralarynyň, milli parlamentiň, Balkan welaýatynyň häkimliginiň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular we din wekilleri garşyladylar. Watanymyzyň abadançylygynyň we milletiň Lideriniň ähli asylly başlangyçlarynyň rowaçlanmagynyň hatyrasyna doga-dileg edilýär. Dili senaly ýaşulular ynsan hakdaky ägirt uly aladalary üçin döwlet baştutanyna hoşallyk sözlerini aýdýarlar. Hormatly Prezidentimiz ýaşulular bilen gürrüňdeşligi dowam edip, olaryň ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemäge, biziň jemgyýetimizde ruhy ahlak däpleriniň dowam etdirilmegine goşant goşmakda hormatly ýaşulularyň aýratyn orun eýeleýändigini aýtdy. Şeýle asylly däpleriň biri-de täze Galkynyş eýýamynda täzeden dikeldilen ählihalk ýowarlarydyr diýip, döwlet Baştutany belledi we hormatly ýaşululary bag ekmek boýunça köpçülikleýin ýowara gatnaşmaga we ösüp barýan nesillere şahsy görelde bolmaga çagyrdy.

Soňra uçar menzilinde kenar ýaka şäheriniň çagalar we ýaşlar tans toparlarynyň hem-de ýurdumyzyň belli aýdymçylarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti ýygnananlar bilen mähirli görşüp, awtomobile tarap barýar, awtomobil Awaza tarap ugrady, häzirki wagtda bu ýerde «ekstra» derejeli halkara deňiz şypahanasyny döretmek barada öz gerimi boýunça görlüp-eşidilmedik taslama durmuşa geçirilýär.

Bu batyrgaý taslamany amala aşyrmagyň depginleri haýran galdyrýar: üç ýylda bu ýerde kaşaň we sagaldyş toplumlaryny özünde jemleýän myhmanhanalaryň, çagalar üçin ähli oňaýly şertler döredilen ajaýyp merkezleriň ak mermer bilen örtülen belent jaýlary, infrastruktura degişli bolan we täze tehnologik çözgütleri bilen haýran galdyrýan, galyberse-de energiýa we suw bilen üpjün edýän ulgamlaryň, şypahananyň ähli gulluklarynyň bökdençsiz işlemegine ýardam berýän desgalar guruldy, täze ýollar çekildi, seýilgäh zolaklary guruldy, Awazanyň çäginden gämili gatnaw üçin derýa geçirildi, bu derýa daş-töwerege bezeg bermek bilen çäklenmän, şäheri emele getirýän esasy elemente öwrüldi. Şu ýyllarda dörän däbe görä, bu taslamany öňe süren döwlet Baştutany «Awaza» milli syýahatçylyň zolagynyň ähli iri we möhüm ähmiýetli desgalaryny ulanmaga bermek bilen bagly dabaralara gatnaşýar.

Ine, bu gün hem Hazaryň kenarynda nobatdaky desgalaryň açylyş dabarasyna başlamaga ähli zat taýýar edildi. Milli täze seýilgäh toplumynyň esasy girelgesiniň ýanynda ýaşlar awtoulagda gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşylaýarlar. Daş-töwerekde ýaşyl baýdaklar pasyrdaýar, bu ýer dürli reňkdäki howa şarlary we lentalar bilen bezelipdir. Daş-töwerekde ruhubelent ýagdaý höküm sürýär. Bu gün müňlerçe adamlar baýramçylyga mahsus wakanyň şaýady bolup, oňa gatnaşmak üçin Awaza ýygnandylar, munuň özi keşbi düýpgöter özgeren türkmen kenarynyň ýyl ýazgysyna özboluşly sahypa bolup ýazylar.

Bir wagtlar çöllük ýerde indi mähir paýlaýan, bezelen we dürli yşykly şäher döredi, bu şäher özboluşly binagärligi bilen ýakymly täsir galdyryp, bagy-bossanlyga bürenen seýilgähleri, suw çüwdürimlerinden ybarat galereýalary, güler ýüz bilen garşylaýan kafeleri, çagalar üçin niýetlenen oýun meýdançalary we beýlekileri özünde jemleýär. Awazanyň taryhy wakalara baýdyr, täze Galkynyş eýýamynda täze binalaryň ençemesi ulanmaga berildi, täsirli tanyşdyrylyş çäreleri hem-de ykdysady we tehnologik innowasiýalar biziň ähli reformalarymyzyň we özgertmelerimiziň ilkinji nobatda sosial ugra gönüdirilendigine şaýatlyk edýär.

Bu ýerde ähli zatlar adamlar üçin we adamlaryň hatyrasyna döredildi. Täze seýilgäh toplumy Awazanyň esasy meýdançasyna öwrüldi, onuň düzümine ägirt uly deňiz suw çüwdürimi we kenar ýakasyndaky suw çüwdürimleriň toplumy, dynç alyş üçin niýetlenen desgalar, köpçülikleýin dabaralary geçirmek üçin amfiteatr girýär. Bu ýerde birnäçe gezek uly möçberli çäreler, daşary ýurtly estrada ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda konsertler, halkara festiwallary guraldy. Ýöne indiden beýläk ol abadanlaşdyrylan ýaşyl zolak hem-de agşamsyna gymmat bahaly daşlaryň ähli öwüşgünlerini ýatladyp duran suw çüwdürimleri bilen gurşalyp, gutarnykly görnüşe eýe boldy.

Şu gün bu ýerde ajaýyp sazlar, milli owazlar ýaňlanýar, joşgunly aýdymlar eşidilýär. Çykyş edýänleriň milli lybsalarynyň özboluşly nagyşlary meýdança düşelen türkmen halylarynyň gölleri bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.

Bu dabara mynasybetli deňziň gözel kenaryndaky ajaýyp seýilgäh toplumyna Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatik korpusyň we habar beriş serişdeleriniň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Olar milletiň Liderini şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Döwlet baştutany ýygnananlar bilen görşüp, şu gün hormatly atlara mynasyp bolan medeniýet we sungat işgärlerini hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerini gutlap, olara täze döredijilik üstünliklerini gazanmagy arzuw etdi.

Döwlet Baştutanynyň öňünde Balkan welaýatynyň sungat ussatlary çykyş etdiler, seýilgähiň meýdançasynda täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda gazanylanlary wasp edýän täsirli aýdym-saz kompozisiýasy görkezildi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti owadan seýilgähde gezelenç etdi. Täze toplum kenaryň ýakasynda bagy-bossanlyga bürenen we oňaýly künjekleriň biri bolmak bilen çäklenmän, landşaft dizaýnyna inżenerçilik innowasiýalaryň we döwrebap tehnologiýalaryň jemlenen ýerine öwrüldi. Dürli yşyklar bilen bezelen suw çüwdürimleriniň toplumlary onuň görküni has-da artdyrýar. Süw çüwdürimleri seýilgähiň deňze tarap uzalyp gidýän alleýasyny gurşap alýar. Bu ýerdäki ýodajyk kenardan deňze tarap uzalyp gidýän hem-de tolkunlaryň arasynda ýerleşýän syn ediş meýdançalaryna alyp barýar. Şu ýerden seýilgäh toplumynyň esasy bezegi: Hazaryň suwunyň ýüzi bilen ýokarlygyna tarap uzalyp gidýän deňiz suw çüwdüriminiň tolkunlaryň astynda gizlenip duran pursady görünýär.

Döwlet Baştutany seýilgäh toplumynyň «Bahry» kafesiniň üçeginde bina edilen syn ediş meýdançasyna çykýar. Hormatly Prezidentimiz bu ýerden toplumyň çägine, täze gurluşyklaryň örän giň panoramasyna syn edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýanynda bolan daşary ýurtly diplomatlar şu gün Awazada gören zatlaryna tüýs ýürekden haýran galandyklaryny aýtdylar. Olaryň sözlerine görä, Awaza Türkmenistanyň täze belentliklere tarap batly ösüşiniň, türkmen topragynyň rowaçlyk gazanmagynyň simwolyna öwrüldi. Daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalaryň wekilleri döwlet baştutanyny bu uly möçberli taslamany üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen gutladylar, şol taslamada hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir» diýen ýörelgesi öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda ýokary derejeli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegine hem-de deňziň kenaryndaky ägirt uly rekreasion potensialdan adamlaryň bähbidi üçin peýdalanylmagyna aýratyn üns berilýändigini, ulanmaga berlen toplumyň hem hut adamlar üçin niýetlenendigini aýdyp, ýygnananlaryň ählisini bu ajaýyp waka we ýurdumyzyň garaşsyzlygynyň ýetip gelýän şanly baýramçylygy bilen gutlady.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti distansion dolandyryşyň pultuna basyp, suw desgasyny işe girizýär we şol pursatda adatdan daşary deňiz suw çüwdürimleri biri-biriniň yzyndan ýokarlygyna galyp, owunjak suw akymlary bilen gojaman Hazaryň ýüzüni örtýär. Täze desga daş-töweregimizi gurşap alan peýzaża juda belende göterilýän suw çüwdürimleriniň galkynyşyny we tizligini eçilýär.

Bu ägirt uly kümüş öwüşginli suw çüwdürimi kenardan 185 metr daşlykda ýerleşip, beýikligi 24 metr, ini 60 metr bolan ägirt uly ekrany döredýär. Agşamsyna golografik şekilleri we yşykly etýudlary synlap bolar, munuň özi kenardaky seýilgähde ýaňlanýan sazlar bilen birkemsiz sazlaşýar. Kenardaky suw çüwdürimler hem bu sazyň äheňine görä dürli öwüşgünlere eýe bolýar. Hakykatdan-da munuň özi reňkleriň we ýagtylygyň ajaýyp sazlaşygydyr. Täze seýilgäh toplumynda guraljak reňkli – sazly tomaşalar ýakymly täsir galdyryp, syýahatçylyk zolagynyň ýene-de bir özboluşly ýüzi bolar.

Şeýlelikde, şu gün döwlet Baştutanynyň gatnaşmagynda ýurdumyzdaky ilkinji Milli syýahatçylyk zolagynyň taryhyna täze sahypa ýazyldy. Awaza geljege tarap uly ädim ätmek bilen, indiki dabaralara taýýarlyk görýär. Geljekde göwnejaý üpjün edilen estrada merkezlerini, köp funksiýaly sport toplumlaryny, täze myhmanhanalary we tomaşalar boýunça tutuş şäherjigi gurmak göz öňünde tutulýar. Awazanyň halkara işewürlik biznes we kongres merkezi bolsa eýýäm giňden ykrar edildi: bu ýerde halkara konferensiýalaryň we duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Bulara gatnaşan myhmanlar ýakymly täsir galdyran deňziň türkmen kenaryndaky täsin künjegine ýene-de dolanyp gelmek arzuwy bilen gidýärler.

Şu gün Hazaryň ajaýyp kenar ýakasynda sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen uly gala-konsert Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 19 ýyllygyna gabatlanyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda täze desgalaryň açylmagyna bagyşlanan dabaralaryň şowhunyny artdyryp, täze Galkynyş we häzirki wagtda tutuş türkmen topragyny gurşap alan beýik özgertmeleriň eýýamyndaky dabaralaryň ýene-de bir täsirli simwolyna öwrüldi.

Hazaryň kenarynda gurlan täze Amfiteatrda ruhubelent we joşgunly ýagdaý höküm sürýär. Bu ýere hökümetiň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Umumymilli «Galkynyş» hereketine girýän iri jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň ýolbaşçylary, medeniýet we sungat işgärleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Dabara gatnaşyjylar abadançylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan progressiw özgertmelere we reformalara esaslanýan syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy dik durup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.

Soňra uly baýramçylyk konserti başlandy. Oňa gatnaşyjylaryň her biriniň çykyşynda täze Galkynyşyň we beýik özgertmeleriň ýoly bilen, öňe tarap ynamly gadam urýan ata Watanymyzyň waspy ýetirildi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýylda geçirilýän «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň hormatly atlaryna we baýraklaryna eýe bolanlar bar.

Birleşdirilen aýdym-saz we tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde «Awazada toý bu gün» atly edebi-sazly kompozisiýa Hazaryň kenarynda we açyk asmanyň astynda ýerleşýän sahnadaky çykyşlaryň täsirliligini has-da artdyrdy.

Meşhur estrada aýdymçylarynyň we sazandalarynyň, şöhrat gazanan toparlaryň we dabara gatnaşyjy ähli aýdymçylaryň çykyşlary täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň ýoly bilen ynamly gadam urýan mähriban Watanymyzyň beýik senasyna öwrüldi. Sungat ussatlary biri-biriniň yzyndan sahna çykyp, özleriniň ajaýyp zehinlerini we ýokary ussatlygyny görkezdiler.

Dabara gatnaşan daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda Azerbaýjan Respublikasynyň at gazanan artisti Gülýanag Mämmedowa hem bar. Ol «Mähriban ogul» atly aýdymy ýerine ýetirdi we ol türkmen-azerbaýjan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we çuňlaşdyrylmagyna goşant goşandygy we täze Galkynyş eýýamyny wasp edýän aýdymlary türkmen we azerbaýjan dillerinde ussatlyk bilen ýerine ýetirýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Alatyn asyry» bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldy.

«Küştdepdi» atly gadymy türkmen tansy halkymyzyň köp asyrlar boýy dowam edip gelýän däp-dessurlaryna we ruhy-medeni köklerine ygrarlylygynyň hem-de döwürleriň we nesilleriň arasy üzülmeýän baglanyşygynyň özboluşly simwolyna öwrülip, uly baýramçylyk konsertine özboluşly öwüşgin çaýdy.

«Arkadaga buýsanýan» atly aýdym gala-konsertiň jemleýji aýdymy bolup, tolgunýan tomaşaçylaryň kalplarynda uly ösüşlere eýe bolýan ata Watanymyza buýsanç duýgusyny has-da artdyrdy. Häzirki wagtda ata Watanymyz öz milli Lideri – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde, parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urmak arkaly, her gün bu ýolda täze üstünlikleri gazanýar.

Amfiteatryň sahnasynyň kaşaň bezegi aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşyp, ajaýyp suw-yşyk şüweleňini emele getirdi. Onda iň häzirki zaman tehnologiýalary we ýörite lazer enjamlary ulanyldy. Bularyň hemmesi joşgunly baýramçylyga gaýtalanmajak öwüşgin çaýdy. Bu görnüş giç agşama çenli dowam etdi we ol dabara gatnaşyjylaryň kalplaryna ýakymly ýatlama bolup ornaşdy. Bu bolsa Watanymyzyň täze taryhynyň döredilmegine, onuň bagtyýar ykbalyna dahyllydygyňa göz ýetirmek duýgusyny döretdi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Watan Gahrymanlarynyň Hormatyna

syrach

Bildiriş (Biometriki Maglumatly Pasport Hakynda)

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Daşary Syýasaty we Diplomatiýasy Žurnaly

syrach