24.9 C
Aşkabat
25.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Milli howa ulgamynyň üsti täze häzirki zaman uçar bilen ýetirildi.

Türkmen paýtagtynyň halkara howa menziline “Bombardier” (Kanada) iri uçar gurluşyk kompaniýasynyň önümi bolan “Challenger-870” kysymly täze ýolagçy gatnadýan uçar gelip gondy. Ol hormatly Prezidentimiziň degişli Karary esasynda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy tarapyndan satyn alyndy.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň bu karary ulag ulgamyny, şol sanda milli raýat awiasiýasyny ösdürmek, halkara howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak, şeýle hem ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini has-da gowulandyrmak we uçuşlaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen kabul edildi.

Häzir ýurdumyzyň raýat awiasiýasy batly depginler bilen ösýär. Döwletiň goldaw bermegi bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman aeroportlar gurulýar, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň tehniki parky döwrüň ýokary talaplaryna laýyklykda doly döwrebaplaşdyryldy.

Hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn goldaw bermegi netijesinde milli howa ulgamy dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň uçarlarynyň hasabyna yzygiderli üpjün edilýär. Mysal üçin, “Challenger-870” uçary esasan içerki, şeýle hem halkara howa gatnawlarynda ulanylýan täze “Boinglerden” ybarat bolan ýolagçy awiaparkynda nobatdaky häzirki zaman howa gämisi bolar.

Milli howa ulgamynyň üstüni ýetiren täze uçaryň aýratynlyklary barada aýdanyňda “Challenger-870” giň salona eýedir we ýolagçylar üçin has oňaýly bolan ýerler bilen üpjün edilendir.

Täze häzirki zaman howa gämisi türkmen uçarmanlarynyň amala aşyrýan yzygiderli halkara ýolagçy gatnawlarynyň çägini has-da giňelder hem-de hereket edýän ugurlarda howa gatnawlarynyň ýygylygyny artdyrar.

Täze uçaryň gelmegi mynasybetli milli däp-dessurlarymyza laýyklykda aeroportda uly nesliň wekilleri ak pata bermek däbini berjaý etdiler we Beýik Biribardan milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen döwletiniň gülläp ösmegini dileg etdiler.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Tebigy Gazyň, Elektrik Energiýasynyň, Ýaşaýyş Jaý-Jemagat, Awtoulag we Aragatnaşyk Hyzmatlarynyň Täze Bahalary Bellenildi

Pederlerimiziň Dag Gaýalarynyň Içinde Gazan Guýylary Köýtendagyň Gözel Ýerleriniň Biridir

Türkmenistanyň Prezidenti: Hazar – Hoşniýetli Goňçylygyň we Hyzmatdaşlygyň Deňzi