18.9 C
Aşkabat
19.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmengurluşyk 2013 Halkara sergisiniň açylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanda gurluşyk ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysady we durmuş üpjünçiliginiň möhüm görkezijileriniň biri bolup durýar. Gurluşyk pudagynyň ösüş depginleri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanýandygyny alamatlandyrýar. Türkmenistanyň şäherleriniň we obalaryň sazlaşykly özgerýän keşbi, köp sanly täze gurluşyklar we olaryň batly depginleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Täze gurluşyklar täze taryhy eýýamyň häsiýetli aýratynlygy bolmak bilen, türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ösüşiň täze belentliklerine we ýokary durmuş derejesine bolan meýilleriniň anyk görkezijisidir. 

Bu gezekki sergi ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň sazlaşykly ösüşiniň aýdyň beýanyna öwrüldi. Halkara çäräniň esasy maksady we wezipeleri gurluşyk ulgamynyň we senagatynyň ýeten derejesini, gazanýan üstünliklerini, häzirki zaman tehnologiýalaryny, täze taslamalary we gurluşyk pudagynyň önümlerini beýan etmekden, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň gerimini giňeltmekden, innowasion işi ösdürmekden, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekden, täze gurluşyk tehnologiýalary ulgamynda tejribe we maglumat alyşmagyny, önüm öndürijiler bilen ony sarp edijileriň arasynda özara peýdaly ylalaşylary baglaşmak üçin zerur şertleri üpjün etmekden ybaratdyr. 

“Türkmengurluşyk” Halkara sergisini geçirmek bäş ýyl bäri dowam edýär. Şu döwürde gurluşyk ulgamyna degişli sergi çäreleriniň hatarynda görnükli orun eýeleýän giň möçberli gözden geçirilişiň göwrümi has-da ýokarlandy. Her ýylda geçirilýän bu gözden geçirilişe gatnaşýan agzalaryň düzümi ýýl-ýyldan artýar. Oňa diňe bir döwlet edaralary ýa-da ugurdaş pudaklar däl, eýsem ýurdumyzyň telekeçileri, türkmen bazarynda üstünlikli işleýän we oňa uly gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalary yzygiderli gatnaşýarlar. Bir sergiden beýleki bir sergä çenli bolan döwürde oňa gelip gowuşýan teklipleriň sany barha ýokarlanýar. 

Şu ýylky gözden geçirilişe gatnaşyjylaryň sany 190-a golaýdyr. Oňa dünýäniň 19 ýurdundan gurluşyk pudagynyň hünärmenleri, şol sanda 150-ä golaý kompaniýa gatnaşýar. Olardan 78-si gurluşyk pudagyndaky mümkinçiliklerini ilkinji gezek görkezýärler. 

Sergini we ylmy maslahaty guraýjylar her ýyl köp ugurlaryny hödürleýärler. Olaryň hatarynda binagärlik taslamalary, gurluşyk enjamlary, gurluşyk we bezeg serişdeleri, gurallar, gurluşykda ulanylýan elektroenergetika we energiýa tygşytlaýjy serişdeler, ýol gurluşygynyň tehnikalary we ýük göteriji tehnikalar, bnalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmagyň we bezeg usullary, mebel önümçiligi bar. Olar ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň durmuş derejesini özgertmekde giňden ulanylýan serişdelerdir. 

Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda gazananlaryna we geljegine bagyşlanan bu gezekki halkkra forumda hem görkezilen serişdeleriň görnüşleri we möçberleri örän uly boldy. Paýtagtymyzyň aýdym-saz toparlarynyň dabaraly çykyşlary serginiň açylyşyna özboluşly öwüşgin çaýdy. Olar mähriban Watanymyza, gün-günden gözelleşýän paýtagtymyza bagyşlanan häzirki zaman aýdym-sazlaryny ýerine ýetirdiler. 

Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümet agzalary, milli parlamentiň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabadyň köp sanly ýaşaýjylary we türkmen paýtagtynyň myhmanlary gatnaşdylar. 

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara we myhmanlara iberen Gutlagyny üns bilen diňlediler. Onda milli Liderimiz forumyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, gurluşyk pudagyna bagyşlanyp geçirilýän halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda ýeten sepgitleri, bu ugurda alnyp barylýan örän uly işler bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmakda, gurluşyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek isleýän kompaniýalar hem-de kärhanalar bilen bilelikde işlemegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda, türkmen we daşary hünärmenleriniň özara tejribe alyşmagynda uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiziň gutlag sözleri “Türkmengurluşyk-2013” atly halkara sergisine hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly ylmy maslahatyna gatnaşyjylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Soňra dabara gatnaşyjylar serginiň iki gatynda hem-de açyk meýdançasynda ýerleşen giň möçberli ekspozisiýa bilen tanyşdylar. 

Serginiň konsepsiýasy ýokary tehnologiýalara we dürli bähbitlere ugur almakdan ybaratdyr. Sergide görkezilýän zatlar işewürde hem, gurluşyk ulgamynda işleýän hünärmende hem, öz öýüni, edarasyny, kottež ýa-da daça gurmak isleýän ýönekeý raýatda hem uly gyzyklanma döretmelidir. Olar gurluşyk tehnologiýalarynyň täzelikleri, maşynlar we gurallar, materiallar we enjamlar bilen tanyşýan talyplary hem-de okuwçylary hem gyzyklandyrar. Sergi täjirçilik şertnamalaryny baglaşmak, mynasyp mahabat işini amala aşyrmak, maýadarlary tapmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. 

Sergide şäher gurluşygyny ösdürmegiň, şäheri abadanlaşdyrmagyň, ýollary gurmagyň, inžener üpjünçiliginiň, ekologiýanyň häzirki zaman ýörelgeleri we geljegi görkezilýär. Ekologiýa taýdan arassa häzirki zaman gurluşyk materiallaryny we gurluşlary ulanmak arkaly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, durmuş düzüminiň desgalaryny bina etmek meselelerine sergide aýratyn orun berilýär. 

Sergi köşgüniň açyk meýdançalarynda dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň dürli gurluşyk we ýöriteleşdirilen tehnirkalarynyň nusgalary ýerleşdirilipdir. Şol tehnikalar bolsa biziň ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de obalarynyň gurluşyk meýdançalarynda giňden ulanylýar. 
Sergi gurluşyk we energetika toplumynyň pawilony bilen açylýar. Onda taslamalar, gurluşyk materiallary we enjamlar giňden görkezilýär. Gözden geçirilişde Türkmenistanyň Gurluşyk ministrligi hem-de Senagat ministrligi özleriniň giň möçberli diwarlyklaryny görkezdiler. 

Gurluşyk ulgamyna wekilçilik edýän, sergä gatnaşýan kompaniýalaryň arasynda Türkmenistan bilen köpden bäri gatnaşyk edýän ygtybarly hyzmatdaşlar—”Bouygues”we “VINСI` Сonstruсtion Grands Projest” fransuz kompaniýalary, köp sanly türk kompaniýalary, şol sanda “Ronessans”, “Gotam enterprises LTD”, “Total inşaat”, “Gap inşaat”, “Tere Turkmen” we beýleki kompaniýalar bar. 

“Dorožnaýa stroitelstwo “Altkom” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň (Ukraina) we “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň (Russiýa) ekspozisiýalary ýurdumyzyň ulag düzümini döwrebaplaşdyrmagyň we ösdürmegiň ýollary barada gürrüň berýär. 

Sergä yzygiderli gatnaşýanlaryň hatarynda ýolagçy, ýük daşaýan we ýörite tehnikalary iberýän “Ýaraw” kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda suw çüwdürimler toplumynda, şeýle hem ýurdumyzyň paýtagtynyň we welaýatlarynyň mekdepleri hem-de mekdep ýaşyna çenli edaralar üçin suw we ýylylyk üpjünçiliginde ulanylýan ýokary tehnologiýaly enjamlary iberýän Daniýanyň “Grundfos” kompaniýasy bar. Türkmenistan bilen köpden bär hyzmatdaşlyk edýän “Pelsan” türk kompaniýasy yşyklandyryş üçin enjamlary, Germaniýanyň “Henkel” kompaniýasy bolsa gurluşyk materiallaryny görkezýärler. 

Aşgabat sergisine yzygiderli gatnaşýanlaryň arasynda elektroenergetika we gurluşyk materiallary önümçiligine wekilçilik edýän “Tema muhendislik” we “Beta tranformator elektromekanik” türk kompaniýalary, şeýle hem aýratyn berk binýatlary gurýan Germaniýanyň “Bauer masсhinen” kompaniýasy hem-de Hytaýyň “СPE” nebit inžiring kompaniýasy bar. 

Sergi köşgüniň aşaky gatynda ýerleşen ekspozisiýanyň esasy bölegini eýran kompaniýalary eýeleýärler. Olar gurluşyk we timarlaýyş materiallaryny, enjamlary ibermek ulgamynda teklipleri hödürleýärler. 

Geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmek üçin serginiň mümkinçiliginden ilkinji gezek peýdalananlaryň hatarynda dürli çäkleri we desgalary bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işläp taýýarlamalary hödürleýän “Nema” türk kompaniýasy, köçeleri yşyklandyrmak ulgamynda ýöriteleşdirilen “Fiberli” we “Işin” kompaniýalary, şäher hojalygy üçin enjamlary ibermek babatda teklipleri öňe sürýän “Şanhur çelik” kompaniýasy hem-de sport desgalaryny enjamlaşdyrmak boýunça teklipleriň ençemesini hödürleýän “Spor” kompaniýasy bar. “Begen metal” kompaniýasy hem gurluşyk sergisine ilkinji gezek gatnaşýar. Bu kompaniýa türkmen paýtagtynda duralgalaryň birnäçesini abadanlaşdyrdy. Sergä ilkinji gezek gatnaşýanlaryň arasynda ýangyna garşy göreş enjamlaryny öndürýän we iberýän “Gomelskiý zawod” açyk paýdarlar jemgyýeti (Belarus), Nižnekamsk awtozawodlaryna wekilçilik edýän “Tred hauz Kama” kompaniýasy (Russiýa), “Kazneх invest JSС” kompaniýasy, innowasion we ekologiki çözgütleri teklip edýän “Guard industrie” fransuz kompaniýasy bar. 

Bäsdeşlik hem-de öňdebaryjy tehnologiýalara uly ähmiýet bermek gözden geçirilişiň aýratynlyklarynyň biridir. Dünýädäki ýagdaýlary nazara almak bilen, ekologiýa taýdan arassa gurluşyk materiallaryna suw we energiýanyň tygşytlaýan tehnologiýalary, şäherde amatly ýagdaýy saklamaga hem-de tebigaty goramaga, ählumumy ekologiýa meselelerini çözmäge saldamly goşant goşmaga ýardam edýän seýilgäh zolaklary üçin gurnamalaryň taslamalaryna aýratyn üns berildi. 

Häzirki wagtda Türkmenistan ägirt uly gurluşyk meýdançasyny ýatladýar. Bu ýerde adamlaryň gowy ýaşamagy üçin ähli şertleriň döredilmegine gönükdirilen giň möçberi täsin taslamalar amala aşyrylýar. Oba ýerlerinde alnyp barylýan gurluşyklar hem durmuş babatda ýokary ülňülere laýyk gelýär. Täze gurulýan desgalarda gözellik we amatlylyk, binagärligiň, inženerçilik-tehniki pikiriň öňdebaryjy gazananlary hem-de milli binagärligiň gadymy däpleri sazlaşýar. Desgalary ýokary hilli, halkara ülňülerine laýyklykda gurmak möhümdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň ýolbaşçylarynyň ünsüni şu wezipelere çekýär hem-de potratçylardan we gyzyklanma bildirýän edaralardan ähli şertleriň gyşarnyksyz berjaý edilmegini talap edýär. 
Häzirki wagtda Türkmenistanyň gurluşyk kompaniýalary daşary ýurtly firmalar bilen deň derejede bäsleşýärler. Ýurdumyzyň telekeçileriniň örän köp sanlysynyyň bu sergä gatnaşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Olar gurluşyk bazaryny ynamly özleşdirýärler hem-de bäsdeşlige ukyply hyzmatdaş hökmünde milli ykdysadyýetimizde berk orun eýeleýärler. Mysal üçin, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan kompaniýalaryň, firmalaryň, kärhanalaryň 20-den gowragy bu ýerde taslamalary düzmek, gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek, gurluşyk we timarlaýyş materallaryny öndürmek, ýokary tehnologiýaly gurluşyk enjamlaryny hem-de gurallaryny ibermek ulgamynda öz işiniň dürli ugurlaryny görkezýýärler. 

Sergä gatnaşýanlaryň arasynda türkmen paýtagtyny gurmagyň 13-nji nobatdakysynyň desgalaryny gurmak ynanylan hususy kompaniýalar hem bar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň Oguzhan köçesiniň ugrunda häzirki zaman binalaryny we desgalaryny gurmak bilen baglanyşykly Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda paýtagtymyzy gurmagyň 13-nji nobatdakysynyň ähli desgalary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy gurluşyk kompaniýalaryna berildi. Milli Liderimiziň bu çözgüdi milli ykdysadyýetimiziň bazar gurallaryny ösdürmekde döwlete degişli bolmadyk ulgamyň ornunyň ykrar edilmeginiň, ýerli gurluşykçylaryň hyzmatlaryna ýokary baha berilmeginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu çözgütde telekeçiligi mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek üçin döwlet tarapyndan berilýän ýeňillkiler hem öz beýanyny tapýar. 

Şu günüň ikinji ýarymynda paýtagtymyzyň Sergi köşgüniň mejlisler zalynda öz işine başlan “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly ylmy maslahatyň barşynda gurluşyk pudagyny mundan beýläe-de ösdürmegiň wezipeleri hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata Gurluşyk ministrliginiň we Senagat ministrliginiň, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, biziň ýurdumyzyň pudaklaýyn edaralarynyň, hususy işewürligiň wekilleri, şeýle hem daşary ýurtlaryň ençemesiniň kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, žurnalistler, talyp ýaşlar gatnaşýarlar. 

Maslahatyň umumy mejlisiniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşine bagyşlanan wieofilm görkezildi. 

Soňra ýygnananlara häzirki zaman tehnologiýalary babatda hem-de dünýäniň şähergurluşyk tejribesini nazara almak bilen, gurluşyk senagatyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna bagyşlanan çykyşlar we habarlar hödürlenildi. Maslahatyň barşynda edilen çykyşlarda gurluşygyň innowasion usullary, ýerli çig mallardan öndürilen häzirki zaman gurluşyk materallaryny ornaşdyrmak, Aşgabady ösdürmegiň baş maksatnamasy, onuň amatlylygynyň derejesini ýokarlandyrmak, Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlarynyň energiýa üpjünçiligini kämilleşdirmek boýunça işleri geçirmek, gurluşyk senagatyny ösdürmekde hususy ulgamyň, şähergurluşyk maksatnamasynyň orny ýaly wajyp meseleler şöhlelendirildi. 
Edilen çykyşlaryň köpüsi gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmekde öňdebaryjy dünýä tejribesini ulanmak, şol sanda gurulýan desgalaryň ygtybarlylygyny hem-de berkligini ýokarlandyrmak, ekologiýa we seýsmiki howpsuzlygyň talaplaryny berjaý etmek meselelerine bagyşlandy. Maslahata gatnaşyjylar forumyň çäklerinde pudaklaýyn hyzmatdaşlygy hem-de halkara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny we mümkinçiliklerini kesgitlemäge ýardam edýän işjeň duşuşyklary geçirmegiň wajypdygyny bellediler. 
Ertir “Türkmengurluşyk-2013” atly halkara sergisi hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi” atly ylmy maslahat öz işini dowam etdirer.

Degişli makalalar

Prezidentimiz “Çalyk Holdingiň” ýolbaşçysyny kabul etdi.

syrach

Gazy Gaýtadan Işleýiş Müdirligi Mawy Ýangyjyň Önümçiligini Ýokarlandyrýar

Green Card 2022 Sonuçları Açıklandı

turkmenhabargullugy