21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Million agaç ekildi.

Şu wagtky geçirilýän agaç ekiş işlerinde milliondan gowrak agaç nahallary oturdyldy. Bu bolsa ýakyn geljekde şäherlerde we obalarda, şäher golaýyndaky dynç alyş ýerlerde, Köpetdag eteklerindäki peýdalanylýan oba hojalyk ýerlerinde we döwlet goraghanalaryna ýanaşyk ýerlerinde täze, ençeme gektar ýerleriniň owadan agaçlara bürenmegine mümkinçilik döreder.

Agaç ekmek işleri 20-nji aprele çenli dowam eder. Bu çärä döwlet edaralarynyň işgärleri, talyplar, şeýle-de isleg bildirýän türkmenistanlylar gatnaşýarlar. Kada bolşy ýaly ýurdumyzyň edara-kärhanalaryna, ministrliklerine we pudaklaýyn edaralaryna tokaý zolaklary berkidilen. Işleriň ählisi Türkmenistanyň tebigaty goramak ministrliginiň Tokaý hojalygy müdirliginiň hünärmenleriniň gözegçiligi esasynda alnyp barylýar. Olar her ýyl geçirilýän ýowarlara gatnaşyjylara ekişiň usullary we suwarym işleri boýunça maslahatlary berýärler.

Türkmenistanda her ýylda üç million sany hwoýa we ýaprakly görnüşli agaçlar ýaz we güýz möwsümlerinde ekilýär. Ähli nahallar Tokaý hojalygy müdirliginiň nahalhanalarynda ösdürilip ýetişdirilýär. Olar esasan ýerli görnüşlerden bolan we biziň tebigy şertlerimize uýgunlaşan üç ýaşly agaç nahallarydyr. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

GDA-nyň Synçylar Toparynyň Aagzalary Dalaşgärleriň Ynanylan Wekilleri Bilen Duşuşyklary Dowam Edýärler

TOPH HGalkara Gaz Geçirijisiniň Gurluşygy Dowam Edýär

Kompozitor Nury Muhadowyň Doglan Gününiň Şanly Senesine

turkmenhabargullugy