15.9 C
Aşkabat
20.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ministrler Kabinetiniň mejlisi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere seredildi. 

Mejlisiň gün tertibini yglan edip, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Ol şu ýylyň 14-15-nji oktýabrynda geçirilen Türkmenistanyň VI Halkara maýa goýum forumynyň işiniň netijeleri barada hasabat berdi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen bu halkara çäresine dünýäniň 20-ä golaýy ýurdunyň döwlet we hususy düzümlerinden, şeýle hem abraýly halkara maliýe düzümlerinden, iri daşary ýurt kompaniýalaryndan wekilleriň 150-ä golaýy gatnaşdy. Dürli ýurtlardan gelen wekillere milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüşi barada doly maglumat almaga hem-de täze işläp taýýarlamalar, dürli taslamalar we tehnologiýalar bilen tanyşmaga, şeýle hem ylmy-önümçilik gazananlaryny beýan etmäge giň mümkinçilik döredildi. Şunuň bilen bir hatarda halkara maýa goýum forumynyň işiniň barşynda ykdysady gatnaşyklaryň geljekki möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi üçin gönükdirilän daşary ýurt maýalarynyň biziň ýurldumyza giňden çekilmeginde möhüm ähmiýeti bolan Türkmenistanyň Halkara maýa goýum forumynyň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Şeýle çäreler diňe bir uzakmöhletleýin maýa goýum syýasatyny ýola goýmak üçin oňaýly mümkinçiligi döretmek bilen çäklenmän, eýsem, ol Türkmenistanyň döwlet düzüminiň wekilleriniň daşary ýurtly maýdarlar bilen netijeli gatnaşyklary we açyk hyzmatdaşlygy üçin oňaýly binýat bolup hyzmat edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlary bolup durýan dünýäniň dürli ýurtlarynyň işewür toparlarynyň wekillerinden gelip gowuşýan teklipleri öwrenmegiň zerurdygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa döwlet Baştutanymyza 20-nji oktýabrda Türkmenabat şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiriljek ýurdumyzyň Ýaşulularynyň maslahatyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Habar berlişi ýaly, maslahat bilen bagly ähli meseleler pudaklaýyn ministrlikler, edaralar şeýle hem jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde çözülýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp we umumymilli maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň ähmiýetini belläp, Lebap welaýatynda Ýaşulularyň maslahatyny geçirmek bilen bagly ähli meseleleri düýpli işlemegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrine, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň başlygyna hem-de Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministrine ýüzlenip, olaryň degişli ugurda sazlaşykly işlemeginiň möhümdigini belledi, şol sanda şol günler ulaglaryň ähli görnüşleriniň işiniň takyk guralmagyny tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow 2013-2017-nji ýyllar üçin ýurdumyzyň daşary syýasat ýörelgesiniň konsepsiýasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi babatda hem-de döwlet Baştutanymyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça Daşary işler ministrliginiň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, daşary döwletleriň Baştutanlarynyň biziň ýurdumyza meýilleşdirilen saparlaryna görülýän taýýarlyk barada habar aýdyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, beýleki ýurtlar we halkara guramalary bilen öz gatnaşyklaryny deňlik, özara hormat goýmak we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde ýola goýup, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine giň netijeli gatnaşyklara özüniň ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýandygyny nygtady. Milli Liderimiziň belleýişi ýaly, türkmen döwleti mundan beýläk hem işjeň orny eýeläp, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak hem-de sebit we dünýä ösüşiniň möhüm wezipeleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak meselelerinde döredijilikli ugry dowam etdirer. 

Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrliginiň we ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň öňünde goýlan wezipeleriň möhümligi barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň yzygiderli çözülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygynyň hormatyna geçiriljek medeni – köpçülikleýin çäreler, şeýle hem Mary we Türkmenabat şäherlerinde dürli maksatly desgalaryň açylyş dabarasyna bagyşlanyp geçiriljek medeni çäreler barada hasabat berdi. 

Bellenilişi ýaly, medeni çäreleri geçirmek üçin Mary we Türkmenabat şäherlerine ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan belli medeniýet işgärleri, sungat ussatlary, tanymal döredijilik toparlary iberildi. Olar iri desgalaryň açylyş dabaralarynda, şeýle hem Ýaşulular maslahatyna gatnaşyjylar üçin uly konsert maksatnamasynda çykyş ederler. 

Ýurdumyzyň baş baýramynyň, şeýle hem Lebap welaýatynda Ýaşulularyň maslahatynyň geçirilmegine bagyşlanan çäreler bilen bagly meselelere degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere ähli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabat bilen çykyş etdi . Wise-premýer Türkmenabat şäherinde geçiriljek Ýaşulularyň maslahatyna taýýarlyk görmek boýunça geçirilen işler barada hem hasabat berdi. 

Milli Liderimiz telekommunikasiýalar ulgamynda döwrebap ulag düzüminiň we ýokary tehnologiýaly ulgamlaryň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we üstünlikli halkara hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz şerti bolup durýandygyny aýdyp, bu pudaklara täze tehnikalary, enjamlary we innowasion tehnologiýalary giňden çekmegiň we olary döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. 

Türkmenistanyň Prezidenti mejlisi dowam etdirip, öňde boljak ählihalk maslahatyna taýýarlyk görmegiň meseleleriniň üstünde durup geçdi we wise-premýere ulag we aragatnaşyk ulgamynyň bökdençsiz we sazlaşykly işini guramagy üpjün etmegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygygyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy hakynda çykyş edip, milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň depginleri hakynda habar berdi. Wise-premýer Mary welaýatynda kuwwaty 146,7 MWt bolan kiçi gazturbinaly elektrik bekediniň dabaraly açylyşyna taýýarlyk görmek boýunça görülýän çäreler hakynda hem hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň ýurdumyzyň gurluşyk senagatyny täze derejä çykarmak üçin uly möçberli maýa goýumlaryny iri pudaklaýyn taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirmek bilen ähli şertleri döredýändigini belledi. Diňe bir senagat kuwwatlyklaryny artdyrmak däl, eýsem, önümçiligi dolandyrmagyň täze tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we usullaryny kämilleşdirmek bilen önümleriň täze görnüşlerini çykarmagy hem özleşdirmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň elektrik energetika pudagynda häzirki wagtda işläp gelýän häzirki zaman gazturbina elektrik beketlerini döwrebaplaşdyrmaga we täzelerini gurmaga gönükdirilen uly möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär diýip nygtady hem-de täze elektroenergetika desgasynyň dabaraly ulanyşa girizilmeginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. 

Pudaklaýyn düzümlerde alnyp barylýan işler hakynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow hasabat berdi, ol Türkmenistanyň senagat syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça esasy meseleleriň toplumyny beýan etdi, şol meseleler ählihalk maslahatynyň gün tertibine girer. Şeýle hem wise-premýer Mary şäherinde “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça gurlan, bir ýylda 400 müň tonna ammiagy we 640 müň tonna karbimidi öndürmek boýunça zawodlar toplumynyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk hakynda hem hasabat berdi. 

Bellenip geçilişi aýly, himiýa senagatynyň täze önümçilik desgalaryny gurmagyň taslamasy milli ykdysadyýetimizi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň hem-de diwersifikasiýalaşdyrmagyň çäklerinde amala aşyryldy. Ýurdumyzda tebigy gazyň ägirt uly gorlarynyň bolmagy azot dökünlerini öndürmek boýunça täze kuwwatlyklaryň ýokary netijeliligini üpjün eder, tebigy gaz bolsa önümçiligiň barşynda başlangyç çig mal bolup durýar. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmegiň strategiýasynyň ýerli çig maly doly derejede peýdalanmaga, milli ykdysadyýetimiziň beýleki ulgamlarynyň zerur talaplaryny kanagatlandyrmaga, pudagyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge, obaseanagat toplumyny durnukly ösdürmäge gönükdirilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz pudagy bäsleşige ukyplylygynyň ýokary derejesine çykarmak üçin innowasion tehnologiýalaryň hem-de usullaryň zerurdygyny nugtap, Maryda täze senagat desgalarynyň işe girizilmeginiň dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Mary we Türkmenabat şäherlerinde gurlan döwrebap köpugurly söwda bazarlarynyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. 

Täze iri söwda toplumlarynyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň söwda we hyzmatlar ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmekde we ösdürmekde möhüm ädim bolup durýar diýip bellemek bilen, döwlet baştutanymyz ýurduimyzyň sebitlerinde gurlan köpugurly söwda bazarlary Türkmenistanyň baş nyşanyny alamatlandyrmak bilen, Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň nyşanyna öwrülmelidigini aýtdy. Bu desgalarda milli binagärlik ýörelgeleri öz beýanyny tapmalydyr. Şunuň bilen bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze söwda toplumlarynyň açylyşy mynasybetli guralýan dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, olarda türkmen halkynyň jomartlygyny, myhzmansöýerligini alamatlandyrýan asylly däpleriň öz beýanyny tapmalydygy, şeýle hem täze bazarlarda alyjylara hyzmat etmegiň medeniýetiniň ýokary derejesiniň we haryt bolçsulygynyň üpjün edilmegi babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ýokary derejede guralmagyna berk gözegçiligi üpjün etmegiň möhümdigini aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra milli ykdysadyýetimiziň obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy baradaky hasabat bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çykyş etdi. Hususan-da, pagta ýygymy, güýzlük däne ekişi bilen bagly meseleler barada habar berildi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gündelik oba hojalyk işleriniň barşyny aýratyn gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilen pagtany doly möçberde we gysga möhletlerde ýygnamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. 

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew çykyş edip, gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem Lebap welaýatynda Ýaşulularyň maslahatyny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ylym we bilim edaralarynyň, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň işlerine ünsi çekip, bu pudaklar üçin ýokary bilimli işgärleri taýýarlamagyň hem-de iň gowy dünýä tejribesini mundan beýläk-de öwrenmegiň möhümdigini nygtady. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän pudaklaryndaky, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ägirt uly uglewodorod kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga hem-de ýangyç-energetika toplumynda milli we umumy bähbitlere laýyk gelýän özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere nebitgaz senagatynyň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak, türkmen energiýa serişdeleriniň we taýýar nebithimiýa önümleriniň dünýä bazaryna iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça maksadalaýyk çäreleri görmek babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda kanunçylygy pugta berjaý etmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň köpasyrlyk asylly dessurlaryna hormat goýmak ýörelgelerine degişli meselelere degip geçmek bilen, milli howpsuzlyk ministrine mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllygy mynasybetli ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik esaslaryndan ugur alyp, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlary jeza çekmekden boşatmak boýunça ýörite düzülen toparyň gatnaşmagynda degişli işleri geçirmegi we teklipleri işläp taýýarlamagy tabşyrdy. 

Soňra mejlise çyagyrylan ýurdumyzyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Abaýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-özbek toparynyň bilelikdäki mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabar berdi. Bellenilişi ýaly, nobatdaky mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, ozalky mejlislerde öňe sürlen teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ugurlary giriziler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, iki dostlukly ýurtlaryň arasynda işjeň hyzmatdaşlygy utgaşdyrmagyň we ony ösdürmegiň netijeli guraly bolan hökümetara toparynyň işiniň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. Birnäçe ileri tutulýan ugurlarda netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň zerurdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz hökümetara toparynyň işi öňi bilen Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriniň has doly we netijeli durmuşa geçirilmegine gönükdirilmelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň söwda we daşary-ykdysady aragatnaşyklar ministrine öňde boljak mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. 

Mejlisiň barşynda başga-da birnäçe meselelere seredildi, hormatly Prezidentimiz olar boýunça degişli resminamalara gol çekdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, mähriban halkymyzyň, bagtyýar we abadan durmuşynyň, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.a

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini Gutlady

Türkmenistanyň Baýdagy we Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kitaby Halkara Kosmos Stansiýasynda

turkmenhabargullugy

Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Enelerine, Ähli Gelin-Gyzlaryna