19.9 C
Aşkabat
06.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz “Toshiba” korporasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi.

 Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Toshiba” korporasiýasynyň saglygy goraýyş kompaniýasynyň prezidenti, ýerine ýetiriji direktory jenap Satoşi Sunakawany kabul etdi. 

Myhman milli Liderimizi ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 23 ýyllyk baýramçylygy bilen gutlap, gysga wagtyň içinde kuwwatly, berkarar döwlete öwrülen, halkara giňişliginde uly abraýa eýe bolan Bitarap Türkmenistanyň gazanan üstünlikleriniň uly möçberlidigini belledi we Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň, şol sanda bütin dünýäde meşhur “Toshiba” kompaniýasynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň hyzmatdaşlyga uly gyzyklanmasyna kanagatlanma bildirdi. Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. 

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan giň möçberli düýpli özgertmeler strategiýasyny amala aşyryp, ilkinji nobatda, ähli ulgamlarda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we iň gowy tejribesini giňden çekmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara konserniniň iri düzümi bilen hyzmatdaşlygyň geljegine ýokary baha berip, köp ýyllyk netijeli gatnaşyklaryň oňyn häsiýetini aýratyn nygtady. 

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Döwrebap lukmançylyk enjamlary ulgamynda işleýän bu kompaniýa özüniň ägirt uly tejribesini, iň täze tehnologiýalaryny hem-de öňdebaryjy we innowasion işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge taýýardyr. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda bütin dünýäde meşhur bu korporasiýanyň önümleriniň hiline we ygtybarlylygyna ýokary baha berilýändigini nygtap, ilatyň saglygyny goramak döwlet maksatnamalaryny we durmuş ugurly syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga işjeň çemeleşmelerini makullady. 

Çuňňur hormat-sarpany hem-de umumadamzat ruhy-ahlak ýörelgelerine eýerýän türkmen we ýapon halklarynyň dostlugynyň nyşany hökmünde jenap Satoşi Sunakawa ajaýyp türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli ýapon dilinde neşir edilen şahyryň goşgular ýygyndysyny gowşurdy. Magtymguly Pyragynyň mirasy dünýäniň ruhy genji-hazynasyna girdi. 

Döwlet Baştutanymyz we myhman hoşlaşanlarynda, özara bähbitlere laýyklykda amala aşyrylýan täze möhüm bilelikdäki taslamalaryň hem-de göz öňünde tutulan meýilnamalaryň ählisiniň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdiler.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Göçme

syrach

Türkmenistana Hytaýyň “CoronaVac” Sanjymy Getirildi

Berdimuhamedow bilen Abdulla Gül işewürler maslahatyna gatnaşdy.

syrach