14.9 C
Aşkabat
19.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Rumyniýa resmi sapary tamamlandy

Ozal habar berlişi ýaly, düýn Buharestde “Kotroçen” Prezident köşgünde ýokary derejede türkmen-rumyn gepleşikleri üstünlikli geçirildi. Bu gepleşikler iki dostlukly döwletiň uzakmöhletleýin özara bähbitli esasda giň gerimli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklarynyň çäklerinde ösdürmäge we giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň ençemesine gol çekildi we ylalaşyklar gazanyldy. Olar türkmen-rumyn hyzmatdaşlygyna ähli ugurlarda, ilkinji nobatda bolsa söwda-ykdysady, ýangyç-energetiki, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, oba hojalyk ulgamlary ýaly ileri tutulýan ugurlarda täze itergi bermelidir.

Gol çekilen resminamalaryň köpüsi iki ýurduň gumanitar gatnaşyklaryny ylym we bilim, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda ösdürmäge degişli bolup durýar. Bu meseleler türkmen Lideriniň Rumyniýanyň premýer-ministri Emil Bok, Senatyň başlygy Mirça Joane we Deputatlar palatasynyň başlygy hanym Roberta Anastase bilen bolan duşuşyklarynyň barşynda hem garaldy. Şol duşuşyklaryň dowamynda hyzmatdaşlaryň ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary tiz wagtda amala aşyrmaga özara isleginiň uludygy bellenildi.

Asylly däbe görä, Türkmenistanyň Baştutanynyň daşary ýurt sapary ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň döredijilik wekilleriniň çykyşlary bilen utgaşdyryldy. Mysal üçin, türkmen artistleri Rumyniýanyň nebit paýtagty diýlip atlandyrylýan, ýurduň iri senagat merkezi bolan Ploeşti şäherinde konsert bilen çykyş etdiler. Tom Karajiýu adyndaky Teatryň sahnasynda Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary we Ploeştiniň ýaşaýjylary üçin ajaýyp milli aýdym-sazlar ýaňlandy, täze Galkynyş eýýamynda türkmen sungatynyň dürli öwüşginli gymmatlyklaryny şöhlelendiren halk döredijilik çykyşlary ýerine ýetirildi.

Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparynyň öň ýanynda Rumyniýada okaýan türkmenistanly ýigitleriň we gyzlaryň bäşisi ýokary bilim ussatlygyny görkezip, Ploeşti şäherindäki Nebit we gaz uniwersitetinde geçirilýän bäsleşikde birinji orunlary eýelediler we umumymilli talyplar olimpiadasyna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Rumyniýa resmi saparynyň üçünji, jemleýji gününde türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň rumyn işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Bu duşuşyk “Willa Lak 2” prezident kabulhanasynyň mejlisler zalynda boldy we Ýewropada umumy kabul edilen işewür ertirlik görnüşinde geçdi.

Işewür ertirligine Rumyniýanyň ykdysadyýet, söwda we işewürlik gurşawy ministri Ion Ariton, Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mihaý Wlasow, Rumyniýanyň döwlet edaralarynyň, iri firmalarynyň we kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň hökümet wekilýetiniň agzalary gatnaşdylar.

Duşuşygyň öň ýanynda Rumyniýanyň döwlet we işewür toparlarynyň wekilleri mejlisler jaýynyň öňünde ýerleşen giň eýwanda guralan sergide goýulan gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Bu ýerde sünnälenip goýulan ajaýyp türkmen halylary we haly önümleri, dokma senagatynyň önümleri, türkmen zergärleriniň özboluşly şaý-sepleri, amaly-haşam sungatynyň önümleri we beýleki gymmatlyklar geljekki rumyn hyzmatdaşlaryna täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda Türkmenistanyň okgunly ösüşi bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Duşuşygy Rumyniýanyň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti jenap Dimitru Sorin açdy. Ol türkmen Liderini mübärekläp, bu gün Türkmenistan bilen Rumyniýanyň hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze tapgyrynyň bosagasynda durandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa rumyn işewürleriniň Türkmenistan bilen işewür gatnaşyklaryny ýola goýmaga islegini goldanlygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi. Türkmenistanyň Baştutany rumyn işewür toparlarynyň wekillerini mübärekläp, guralan duşuşyk we Rumyniýanyň işewür toparlarynyň wekillerini Garaşsyz Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy we maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdi.

Biziň halklarymyz baý medeniýetiň we däpleriň mirasdüşerleri bolup durýarlar, biz öz zehinli we zähmetsöýer ata-babalarymyzyň bilimlerini we başarnyklaryny nesilden-nesle geçirip gelýäris we baýlaşdyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Rumyn topragy hem gadym döwürlerden bäri öz senetlerini sungat derejesine ýetirmegi başaran ajaýyp ussatlary bilen tanalýar diýip, Türkmenistanyň Baştutany sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda şöhratly rumyn däplerini dowam etdirýän önüm öndürijiler we täjirler bilen şu gün bir saçagyň başynda duşuşmak mende kanagatlanma duýgusyny döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Iki gadymy halkyň asyrlarboýy dowam edýän gatnaşyklarynyň taryhy yzygiderliligi hakynda gürrüňi dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Rumyniýadan bolan hünärmenleriň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine uly goşant goşýandygyny mysal getirdi. Biz ýakyn döwrüň taryhyndan Türkmenistanda rumyn gazçylarynyň we nebitçileriniň, gurluşykçylarynyň işländigini bilýäris.

Bu gün Türkmenistan we Rumyniýa halkara işewürlik ulgamynda mynasyp hyzmatdaşlar bolup durýarlar we hyzmatdaşlygy özara bähbitli esasda alyp barýarlar. Biz geljekde hem iki ýurduň işewür hyzmatdaşlygyny goldap, Türkmenistanyň we Rumyniýanyň kärhanalarynyň, kompaniýalarynyň we firmalarynyň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam ederis diýip, türkmen döwletiniň Baştutany belledi.

Türkmen-rumyn işewür hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri hakynda aýtmak bilen, Türkmenistanyň Baştutany düýn Buharestde ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri hakynda durup geçdi. Biz Rumyniýanyň hormatly Prezidenti Traýan Besesku bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ýagdaýyny we geljegini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdyk, şonda iki ýurduň hususyýetçilik ulgamynyň uly mümkinçiliklerine üns berdik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda rumyn işewür bileleşiginiň wekillerine türkmen bazarynda orun eýelemek, ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli ykdysady özgertmelere işjeň gatnaşmak üçin oňat mümkinçilik döreýär diýip, türkmen Lideri belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady strategiýany ösdürmäge Türkmenistanyň çemeleşişini beýan edip, häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýörelgeleri esasynda guralýandygyny we ýokary tehnologiýaly pudaklary döretmäge, iň gowy halkara tejribesini hem-de dünýäniň iň ýokary ülňülerine laýyk gelýän önümçiligi we hyzmatlary ulanmaga gönükdirilendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Lideri abraýly halkara düzümleriniň görkezijileriniň türkmen ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösýändigine we geljeginiň uludygyna şaýatlyk edýändigini ýatlatdy. Hususan-da, Halkara pul gaznasynyň golaýda çap edilen hasabatynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň güýçli depginde ösýändigi bellenilýär. Bütindünýä banky hem milli ykdysadyýetimiziň ösüşine şeýle baha berýär.

Dünýädäki ykdysady çökgünlüge garamazdan, Türkmenistan ýokary ösüş depginini görkezýär. Milli ykdysadyýetiň bu haýran galdyryjy görkezijileri durmuş ulgamynda, şeýle hem dürli pudaklarynda ileri tutulýan milli maksatnamalaryň amala aşyrylmagy bilen şertlendirilendir. Şu şertlerde ýokary maýa goýum işjeňligi ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmeginiň möhüm şerti bolup durýar.

Öz döwründe Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasynyň döredilmegi, milli puluň denominasiýasynyň üstünlikli geçirilmegi, puluň hümmetiniň durnukly saklanmagy uly ähmiýete eýe boldy diýip, milletiň Lideri belledi.

Öňde goýulan wezipeleri üstünlikli çözmegiň çäklerinde biziň gören çärelerimiziň netijesinde emele gelen amatly ykdysady mümkinçilikler we ygtybarly maliýe ýagdaýy ykdysady özgertmeleriň çaltlaşdyrylmagy hem-de bazar ykdysadyýetiniň şertlerine laýyk gelýän ýokary netijeli ulgamyň döredilmegi üçin oňat mümkinçilikleri açýar.

Dünýäniň ady agzalan maliýe edaralarynyň ýaýradan degişli maglumatlaryndan siziň habaryňyz bardyr diýip pikir edýärin. Olar Türkmenistanyň mundan beýläk-de okgunly ösjekdigini, maýa goýmak üçin özüne çekiji döwlet hökmünde onuň abraýynyň has-da ýokarlanjakdygyny çaklaýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we Rumyniýanyň işewürlerini Türkmenistanda maýa goýum işini işjeňleşdirmäge çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz özara bähbitli hyzmatdaşlyk babatda degişli delilleri getirip, türkmen ykdysadyýetiniň maýa goýmak üçin has özüne çekiji bolan pudaklarynyň birnäçesini görkezdi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan özüniň uglewodorod gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Biz nebitgaz pudagynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, iň öňdebaryjy tejribäni we ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny ulanmak arkaly önümçilik düzüminiň desgalaryny gurmak babatda öz gerimi we ähmiýeti boýunça deňi-taýy bolmadyk çäreleri amala aşyrýarys. Özleşdirilýän ýataklary ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we gaýtadan işleýän pudagy mundan beýläk-de ösdürmäge uly üns berilýär. Şu babatda Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygynyň geljegi uly ýataklaryny özleşdirmekde hyzmatdaşlyk has netijeli bolup biler.

Türkmenistanyň Baştutany ýokary öndürijilikli tehnologiýalar we enjamlar bilen üpjün edilen, okgunly ösýän pudak bolan elektroenergetika ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge rumyn hünärmenlerini çagyrdy. Häzir ýurdumyzda täze elektrik beketleriniň, elektrik geçirijileriň gurluşygy alnyp barylýar, öňden bar bolan energetika desgalary döwrebaplaşdyrylýar.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meselesine degip geçip, biziň ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşýändigini, möhüm halkara söwda ýollarynyň çatrygy bolup durýandygyny ýatlatdy. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistan beýleki döwletler hem-de gyzyklanma bildirýän taraplar bilen bilelikde ulag-aragatnaşyk geçelgelerini döretmek boýunça iri halkara taslamalaryny amala aşyrýar.

Türkmenistanyň Baştutany bular barada aýdyp, şeýle geçelgäniň Ýewropa ugry Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üsti bilen Günorta-Kawkaz geçelgesi boýunça Türkmenistany Rumyniýa bilen baglanyşdyrýan ugra gönükdirilendir diýip belledi. Şeýlelikde, biziň Türkmenbaşy we Konstansa deňiz portlarymyz möhüm ulag ulgamlary bolup biler, olaryň üsti bilen Ýewropa we Aziýa ugurlary boýunça ýükler daşalar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuny döwrebaplaşdyrmak ýaly möhüm ulag ulgamy bilen baglanyşykly taslamalary durmuşa geiçrmekde iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlygynyň geljeginiň uludygyny belledi. Şol deňiz portunda gämi abatlaýan zawod, logistika merkezi, gämi duralgalary, awtomobil-ýolagçy terminallary dörediler.

Türkmenistanyň himiýa senagaty milli ykdysadyýetiň geljegi uly we çalt depginler bilen ösýän pudaklarynyň hatarynda görkezildi. Bu ulgama gönükdirilýän serişdelerden garaşylýan peýda örän uludyr, şonuň üçin hem biziň daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz kärhanalary bilelikde gurmaga gyzyklanma bildirýärler diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy we rumyniýaly işewürleri uly möçberli taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistan we Rumyniýa şeýle hem dokma senagatynda öz tagallalaryny birleşdirip bilerler diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdirdi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda häzirki zaman dokma kärhanalarynyň onlarçasynyň gurlandygyny aýtdy. Olarda Rumyniýanyň egin-eşik we beýleki dokma önümlerini öndürijileriniň ägirt uly tejribesi peýdaly bolup bilerdi.

Türkmenistanyň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi baradaky meseläniň üstünde durup geçip, Türkmenistan häzir uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi diýip belledi. Mälim bolşy ýaly, häzir biziň ýurdumyzda umumy bahasy ABŞ-niň 48 milliard dollaryna barabar bolan desgalaryň 2 müňden gowragynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň gurluşyk senagatynda iri önümçilikleri döretmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Mundan başga-da, şol bir wagtyň özünde ýaşaýyş jaý gurluşygy üçin demir-beton we iri panelli düzümleri öndürmek baradaky zawodlary döwrebaplaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Agajy gaýtadan işlemek we mebelleri öndürmek bilen meşgullanýan rumyn kärhanalary bilen hyzmatdaşlyk etmek biziň üçin uly gyzyklanma döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meselesine degip geçmek bilen, ýurdumyzyň syýahatçylyk babatda Rumyniýanyň toplan baý tejribesini we däplerini ulanmaga gyzyklanýandygyny belledi. Rumyn kompaniýalarynyň tejribesi we mümkinçilikleri Türkmenistanda amala aşyrylýan iri taslamalarda, şol sanda Hazar deňziniň kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek taslamasynda peýdaly bolup biler. Rumyniýa bolan geçen gezekki saparymda men siziň ajaýyp “Sinaýa” şypahanaňyzda bolup gördüm diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Ol “Karpatyň merjeni” diýlip atlandyrylýar. Syýahatçylyk ulgamynda tagallalary birleşdirmegi we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip edýärin diýip, türkmen Lideri nygtady.

Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny nygtap, Rumyniýanyň işewür toparlarynyň wekillerini biziň ýurdumyza gelip görmäge çagyrdy.

Zalda ornaşdyrylan telemonitorlarda Türkmenistanyň köpugurly ykdysady mümkinçiliklerini aýdyňlyk bilen görkezýän wideofilm görkezildi.

Türkmenistanyň Baştutanynyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we duşuşyga gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Rumyniýanyň ykdysadyýet, söwda we işewürlik gurşawy ministri Ion Aritona söz berilýär. Ol Türkmenistanyň ykdysady ösüşine we iki ýurduň gatnaşyklarynyň geljegine içgin syn berendigi üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Baştutanynyň beýan eden ugurlarynyň ählisi boýunça ikitaraplaýyn işjeň hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde şu duşuşygyň uly ähmiýete eýedigini belledi. Häzir Türkmenistan we Rumyniýa hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze tapgyryň bosagasynda dur. Ministr Rumyniýanyň işewürleriniň okgunly ösýän türkmen ykdysadyýetine ägirt uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, uly mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan özüne çekiji ýurtdyr, gurply we ygtybarly hyzmatdaşdyr diýip nygtady.

Soňra Rumyniýanyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentini öz kärhanalarynyň işi bilen tanyşdyrdy. Duşuşygyň barşynda netijeli işjeň gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri we geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Mysal üçin, Rumyniýanyň işewürleriniň wekilleri Türkmenistanyň nebitgaz pudagyndaky, elektroenergetikadaky, gurluşykdaky, ulag ulgamyndaky, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna täze tehnologiýalary, dolandyryşyň awtomatlaşdyrylan ulgamlaryny ornaşdyrmak babatdaky, şeýle hem farmasewtika ulgamyndaky taslamalaryna gatnaşmaga isleg bildirýändiklerini aýtdylar. Duşuşygyň jemini jemläp, oňa gatnaşyjylar iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän we häzir hil taýdan täze mazmun bilen baýlaşdyrylýan netijeli türkmen-rumyn gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigini bellediler.

Duşuşyk tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara düýpli pikir alyşandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, ýygnananlar bilen hoşlaşýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni Dmitriý Gusti adyndaky obanyň Milli muzeýine tarap ugraýar.

Mälim bolşy ýaly, gumanitar ulgamdaky gatnaşyklar türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bilim we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, şeýle hem şu saparyň barşynda gol çekilen, iki ýurduň ylym we bilim merkezleriniň, medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda işjeň hem-de netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilen resminamalar muny tassyklaýar.

Milletiň ruhy taýdan galkynmagy, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny aýap saklamak, öwrenmek we bütin dünýäde wagz etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda bu ulgamda dünýäniň gazananlaryny nazara almak bilen, muzeý işini ösdürmäge möhüm orun berilýär. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň Baştutanynyň Rumyniýada bolmagynyň maksatnamasyna tutuş Ýewropada iň iri we gadymy muzeýleriň biri bolan bu muzeý toplumyna baryp görmek çäresiniň girizilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr.

Dmitriý Gusti adyndaky Milli muzeýiniň girelgesiniň öňünde Türkmenistanyň Baştutanyny muzeýiň ýolbaşçylary mähirli garşylaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow açyk asmanyň astyndaky bu täsin etnografik muzeýiň ajaýyp zatlary bilen tanyşýar.

Dmitriý Gusti adyndaky obanyň Milli muzeýi patyşanyň permany bilen 1936-njy ýylda esaslandyryldy. Muzeýe ony döreden adamyň – meşhur rumyn taryhçysy we sosiology Dmitriý Gustiniň ady dakyldy. Ol köp ýyllaryň dowamynda muzeýiň gymmatlyklaryny toplapdyr. Muzeý dürli taryhy eýýamlarda Rumyniýanyň oba durmuşy bilen tanyşmaga mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem ýurduň medeniýeti, onuň baý däp-dessurlary bilen hem tanyşdyrýar. Ajaýyp ýaşyl ýaýlada, Herestreu kölüniň günbatar kenarynda ýerleşýän bu muzeý Rumyniýanyň daýhançylyk binagärliginiň nusgasy bolup durýar. Bu ýerde XV asyrdan başlap biziň günlerimize çenli daýhan medeniýetiniň tutuş taryhy bilen tanyşmak bolýar. Ol özüne 76 sany toplumy, ýurduň ähli sebitlerinden bolan 322 sany desgany birleşdirýär.

Gymmatlyklaryň arasynda fermalar, 47 sany ýaşaýyş jaýy, 3 sany ýel we 3 sany agaç degirmenleri, üsti saman bilen ýapylan ýönekeýje ýerkümeler we täsin oba ybadathanalary, oba ýerlerinden paýtagta göçürilen beýleki binalar bar. Bu ýerde Rumyniýanyň dürli ýerlerinden getirilen, daýhanlaryň durmuşda ulanýan zatlaryny – örülen zatlary, gap-gaçlary, halylary, ikonalary we mebelleri görmek bolýar. Uzak ýyllaryň dowamynda ýygnalan täsin gymmatlyklar taryhy we çeperçilik taýdan uly ähmiýete eýe bolup, rumyn daýhanlarynyň uly zehininiň subutnamasy bolup durýar.

Tanyşlygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow taryhy çuňňur bilýändigini mälim edip, türkmen we rumyn halklarynyň taryhy kökleriniň umumydygyna şaýatlyk edýän gymmatlyklaryň ençemesini görkezdi. Muzeý toplumyna syn edenden soň, türkmen döwletiniň Baştutany Dmitriý Gusti adyndaky obanyň Milli muzeýiniň Hormatly myhmanlarynyň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy.

Hormatly Prezidentimiz hoşlaşan mahaly, gyzykly gezelenç üçin minnetdarlyk bildirip, muzeýiň ýolbaşçylaryny Türkmenistana gelip görmäge we baý taryhy we medeniýeti bolan ajaýyp ýurt bilen tanyşmaga çagyrdy.

Dmitriý Gusti adyndaky obanyň Milli muzeýinden Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni “Genri Koande” halkara aeroportuna tarap ugrady. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyna ýokary hormat-sarpa goýuldy.

Uçara münmezden öň, hormatly Prezidentimiz aeroporta gelen, Rumyniýada okaýan köp sanly türkmen talyplary bilen ýadygärlik üçin surata düşdi.

Soňra türkmen döwletiniň Baştutany uçara münýär. Uçar Watanymyza tarap ugur alýar.

Şu gün agşam Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada gaýdyp geldi. Paýtagtymyzyň halkara aeroportunda döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň ýolbaşçylary we ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary garşyladylar. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Dalaşgär Maksat Annanepesow Daşoguzda Saýlawçylar Bilen Duşuşyk Geçirlidi

turkmenhabargullugy

Dostlugyň we ruhubelentligiň baýramçylygynyň festiwaly

syrach

Türkmen-Arap Hyzmatdaşlygynyň Meseleleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

turkmenhabargullugy