15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
DURMUŞ

«Miras» żurnalynyň täze sany çykdy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän her çärýekde bir gezek çykýan ylmy-köpçülikleýin żurnalynyň nobatdaky goýberilişi türkmen halkynyň iňňän baý ruhy we taryhy-medeni mirasyny wagyz etmegi dowam etdirýär. Onuň esaslandyrylmagyndan soň geçen on ýylyň dowamynda żurnalyň sanlarynyň jemi kyrkysy çykdy. Şol ýyllaryň dowamynda «Mirasyň» sahypalarynda makalalaryň ýüzlerçesi çap edildi. Olarda Türkmenistanyň häzirki zaman taryh ylmynyň publisistika, filosofiýa, dil ylmy, sungaty öwreniş we gumanitar bilimleriň beýleki pudaklary bilen ýakyn özara hyzmatdaşlykda ösüşiniň umumy kanunalaýyklyklary we meýilleri öz beýanyny tapýar.

Żurnalyň kyrkynjy sany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň güýzünde Türkmenistanda bolup geçen halkara ylmy maslahatlaryň üçüsine: «Oguznama ýordumy—taryhy we medeni çeşme hökmünde», «Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda Türkmenistanyň arheologiýa we etnografiýa ylmy: ýetilen sepgitler we öňde duran wezipeler», şeýle hem «Köneürgenç türkmen döwleti we Merkezi Aziýa XIII asyryň birinji ýarymynda» halkara ylmy maslahatlaryna gatnaşyjylara Gutlaglarynyň tekstleri bilen açylýar. Żurnalyň bu sanynyň ahyrynda döwlet Baştutanynyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan geçirilen şol maslahatlardan reportażlar ýerleşdirilipdir.

Däbe öwrülen «Täze açyşlar we işläp düzmeler» bölümi ukrain alymy, professor Igor Nabitowiçiň «Abulgazynyň «Türkmenleriň nesil daragtynda» «Sakrum» düşünjesiniň ýüze çykyşy» atly makalasy bilen açylýar. Yslamy öwreniji türk alymy Hidaýat Pekeriň «Muhammet Gaýmaz Türkmen we Pygamber tebipçiligi» atly makalasynda XIII asyrda ýaşap geçen ymam Zehebi ady bilen has giňden belli bolan ensiklopediýaçy Muhammet Gaýmaz Türkmeniň ylmy mirasy barada giňden gürrüň berilýär. Türkmenistanly ylmy barlagçy Dawut Orazsähedowyň «Muhammet Awfynyň ömri we döredijiligi» atly makalasy Merwde dünýä inen we XII asyryň ikinji ýarymynda — XIII asyryň başlarynda ýaşap geçen ylahyýetçiniň, edebiýatçynyň, taryhçynyň we ýadawsyz syýahatçynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanypdyr. Taryhçy we ýazyjy Ahmet Halmyradow özüniň «Ýadygärlik daşynyň syry» atly makalasynda kesilip haşamlanan we epigrafikaly täsin guburüsti daş ýadygärliginiň tapylyşy barada gürrüň berýär. Şol ýadygärlik sopuçylygyň beýik şeýhi, halkyň arasynda Mäne baba ady bilen belli bolan Abu Seýit Abul Haýryň kümmetiniň üstünde dikeldilipdir.

«Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary» atly bölümde hytaý dilçisi Ma Weý—Ýunusyň «Hytaýda ýaşaýan salyr türkmenleriniň dil aýratynlyklary» atly makalasy we türkmen arheologlary Hemra Ýusubowyň we Durdymyrat Annaýewiň «Türkmenistan bürünç asyry zamanasynda: arheologiýa ylmynyň maglumatlary esasynda» makalasy ýerleşdirilipdir. Şonda XX asyrda ylmy-barlaglardan geçirilen gadymy ekerançylyk medeniýetiniň köp sanly ýadygärlikleriniň mysalynda paleometal eýýamynyň aýratynlyklary görkezilipdir. Żurnalyň şu sany geçen ýylyň oktýabr-dekabr aýlarynyň aralygynda biziň ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşynda bolup geçen wakalara syn bermek bilen tamamlanýar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Gökderede Dynç Alyş Möwsümi

Ýaşlaryň Arasynda Ylmy Işleriň Bäsleşiginiň Ýeňijilerine Sylaglar Gowşuryldy

Keçe Taýýarlamak Boýunça Geçirilen Bäsleşigiň Jemleýji Tapgyry Geçirildi

syrach