27.9 C
Aşkabat
01.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar YLYM

Ýaşlaryň Arasynda Ylmy Işleriň Bäsleşiginiň Ýeňijilerine Sylaglar Gowşuryldy

Ýaşlaryň Arasynda Ylmy Işleriň Bäsleşiginiň Ýeňijilerine Sylaglar Gowşuryldy

Aşgabatda Ylymlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýyl geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mejlisler zalynda geçirildi.

Intellektual bäsleşige ylmy-barlag institutlaryň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki kärhanalaryň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, orta okuw hünär mekdepleriniň okuwçylary ylmy gözleglere uly gyzyklanma bildirýän dürli hünärleriň wekilleri gatnaşdylar.

Şu gezekki bäsleşige ýaş zehinleriň bir müňden gowragy gatnaşdy. Olar bilermenler toparynyň garamagyna häzirki döwrüň ylmynyň möhüm ugurlarynyň altysy boýunça işläp taýýarlamalary we barlag işleri hödürlediler. Bular nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýalary, täze serişdeleri öwrenmek, energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; habar beriş – aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary; innowasiýa ykdysadyýeti; ynsanperwer ylymlary ýaly ugurlardyr.

Ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, ylmy işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplary, Ylymlar akademiýasynyň doktorantlary we aspirantlary gatnaşdylar. Hormatly myhmanlaryň arasynda şu gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde açylan “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylar hem bar.

Eminler ýeňijileri kesgitlediler. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýaşlaryň ylmy bäsleşiginiň ýeňijilerine döwlet Baştutanymyzyň adyndan hormat diplomlary we gymmatly sowgatlar gowşuryldy. Uniwersitetiň eýwanynda ylym pudagynda we täze tehnologiýalar ulgamynda ýaş alymlaryň oňyn döredijilik gözleglerini äşgär edýän sergi guraldy. Onda kitaplar hem-de ylmy işleriň ýygyndylary, dürli gurnamalaryň we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamyndaky açyşlaryň, himiýa önümlerini öndürmegiň innowasion tehnologiýalary, Garagumuň çägesinden gurluşyk serişdelerini hem-de kremniý almagyň aýratynlyklary, Türkmenistanyň dürli künjeklerinde ösýän ösümlikleriň esasynda dermanlyk serişdeleriň täze işläp taýýarlamalary görkezildi.

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan taýýarlanan işleriň ýygyndysy bu milli aň-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileriniň döredijilikli gözlegleriniň gerimini görkezdi. Baýramçylygyň dabaraly bölegini ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň çykyşy jemledi.

Degişli makalalar

Pederlerimiziň Dag Gaýalarynyň Içinde Gazan Guýylary Köýtendagyň Gözel Ýerleriniň Biridir

Türkmen Futbolçysyna Taý Tapylmadyk Möwsüm

turkmenhabargullugy

Ýüzärlik: Nähoşlukda Netijeli Serişdedir