Nepes Kadyrberdi Maryda, wekilleriň ýazy taýpasynda dogulýar. Kakasy ulama bolup, ogly Nepesi ilki Maryda, soň Buhara medresesinde okadýar. Pars dili Hysrow Dehlewini, Rumyny, Hafyzy bilmek üçin açar bolýar. Ol Nowaýy, Fu- zuly, Saýýadynyň poeziýasyna uýýar. Milli poeziýa onuň halkylyk ölçegi. Poeziýada bu şahyryň öz hususy çeperçilik manerasy kemala gelýär. Söz we saz sungaty keramat, gyz gözelligiň simwoly. Joşgunly romantik Nepes simwoliki obraza baý. Nezireçilikde Nepes Saýýadynyň derejesine ýetýär. MaryHywa, MaryEýran, Saragt hadysalarynda uly alym Nepesiň roly bolupdyr. Ahal hany Garaoglan han onbegi, Maryda Gowşut han we başga serdarlar Nepese aýratyn hormat besläpdir. MaryŞahyJahan özunde Nepes ýaly bir şahsyýetiň ýaşany üçin öwünmäge hakly. Yşk onuň poeziýasynyň baş leýtmotiwi. Türkmen aşyk we magşuklarynyň gizlin hatlarynda Nepe-siň şygyrlary ýazylýar. “ZöhreTahyr” dessany ýatdan aýdylýar. Nepesi bizde YŞK MÜLKÜNIŇ ŞASY hasaplaýarlar.
Goşgylary:
Dişleriňe.
Dür Derýadan çyka bilmez,
Nazar kylsa dişleriňe.
Dowzah meni ýaka bilmez,
Ýanyp men ataşlaryňa.
«Leýli-Şirin saňa taýdyr»
Diýseler, ol söz bijaýdyr.
Elip deý kamatym ýaýdyr,
Sežde eýläp gaşlaryňa.
Bu dünýä hem ruzu-magşar,
Haýyr etseň haýyr, şer etseň şer,
Rahmet gökden ýerge düşer,
Degip gara saçlaryňa.
Çoh sygynmyşam özüňe,
Ýetmişem kelam sözüňe,
Mynasyp eýle ýazyňa,
Duçar etme gyşlaryňa.
Tapmaklykda müşgül kändir,
Tapmaslyk besi asandyr,
Bende men, aklym haýrandyr,
Sungatyňa, işleriňe
Nepes diýer, çeker zaryň,
Mydam arzuw seň didaryň,
Jan pidasy, men seň ýaryň,
Ýüzüm sürtsem daşlaryňa!
Zary bilen.
Toty tekellim bir peri,
Sözlär şeker zary bilen.
Şuňkar guşum bent eýlemiş,
Her zülpüniň tary bilen.
Görünse ýaryň gül ýüzi,
Oltursa gije-gündizi,
Ýar gelse tenha bir özi,
Gelmese agýary bilen.
Müşkün saçyn eýläp dügün,
Halymny eýläpdir zebun,
Razy men, öldürse bu gün
Goýnundaky nary bilen.
Bäh-bäh, ajaýyp simi-ten!
Oldur meni mejnun eden,
Aklykda bäs eýlär beden
Kyrk çilläniň gary bilen.
Her kim özün ram eýleýir,
Subhun anyň şam eýleýir,
Käpirni yslam eýleýir
Yzhary-güftary bilen
Gähi nahal dek çyrmaşyp,
Kä öpüşip, kä guçuşyp,
Mollanepes diýr, ýantaşyp,
Oltursa öz ýary bilen