24.2 C
Aşkabat
19.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Nebit Dürlüçe Nyrhda Satylýar

Nebit Dürlüçe Nyrhda Satylýar

ABŞ-da nebitiň çykarylyşyny artandygy baradaky maglumatlaryň çarşenbe güni neşir edileninden hem-de ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň (FÄU) binýatlyk göterim goýumyny ýokarlandyrmak baradaky kararyndan soňra penşenbe güni irden nebitiň bahasy birsydyrgyn depgini görkezmeýär. Muňa söwda geleşikleriniň netijeleri şaýatlyk edýär, diýip Nebitgaz habarlary agentligi habar berýär.

8:36 wagt boýunça ýagdaýa çenli Brent kysymly demirgazykdeňiz nebit garyndysynyň awgustdaky fýuçersleriniň bahasy 0,11 göterim artyp, barrel üçin 47,05 dollara deň bolýy. WTI kysymly nebitiň iýuldaky fýuçersleriniň bahasy 0,07 göterim arzanlap, barrel üçin 44,70 dollara deň boldy. Çarşenbe günündäki söwdadan soňra Brent we WTI 5-nji maýdan bäri bahalarynyň iň aşaky çägini täzelediler — degişlilikde, barrel üçin 47 we 45 dollar, diýip Praým ýazýar.

Öňräk, çarşenbe güni ABŞ-nyň energetika ministrligi 9-njy iýunça tamamlanan hepdede ýurtda nebitiň çykarylyşynyň 0,13 göterim ýa-da günde 12 müň barrel artyp, bir günde 9,330 million barrele ýetendigini habar berdi.

Şol gün Halkara energetika agentligi iýun aýyndaky hasabatynda OPEC-iň maý aýynda nebitiň çykarylyşyny aprel bilen deňeşdireniňde günde 290 müň barrel artdyryp — 2017-nji ýyldaky iň ýokary görkezijä — günde 32,08 million barrele ýetirendigini habar berdi. Agentlik bu görkezijiniň ýokarlanmagyny Liwiýada we Nigeriýada nebit çykarylyşynyň artmagy bilen düşündirýär. Bu ýurtlar OPEC-iň ylalaşygyna girmeýärler.

«Bize OPEC-iň nebit çykarylyşyny çäklendirmeginiň dünýäniň nebit ätiýaçlyklaryna täsir edýändigi barada subutnama gerek. Emma bu düýbünden bular ýaly däl. Iň bolmanda, häzirki wagtda bular ýaly däl» diýip Nasdaq-yň energetika boýunça uly analitigi Tamar Essneriň pikirini Reýter getirýär.

ABŞ-nyň FÄU-nyň binýatlyk göterim babatdaky çözgüdi hem treýderlere täsir edýär. ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyklarynyň açyk bazarlary boýunça komiteti iýun mejlisiniň netijeleri boýunça binýatlyk göterim goýumyny ýyllyk 0,75-1 göterimden 1-1,25 göterime çenli ýokarlandyrdy.

Degişli makalalar

Halkymyzyň Beýik Ruhy Ýörelgelerine Eýerip

Türkmenistanyň Prezidenti YHG-ny Syýasylaşdyrman, Onuň Işine Täzeçe Çemeleşmeleri Işläp Taýýarlamaga Çagyrdy

turkmenhabargullugy

Göç İdaresi: İkamet İzni Hakkında Sıkça Sorulan 34 Soru-34 Cevap