18.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň Güni Mynasybetli Guralan Dabaralara Gatnaşdy

Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ählihalk baýramy bolan ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi giňden dabaralandyrýar. Paýtagtymyzda milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly sene mynasybetli guralan dabara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän şu ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen ýurdumyza hemişelik Bitaraplyk derejesiniň berilmeginiň 25 ýyllyk senesiniň bellenilýändigini aýratyn nygtamaly. Munuň özi Garaşsyz Watanymyza, Konstitusiýamyza we Döwlet Baýdagymyza bolan belent buýsanjy alamatlandyrýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň döwlet nyşanlary bolmak bilen, Esasy Kanun we Ýaşyl Baýdagymyz Watanymyzyň garaşsyzlyk hem-de bitaraplyk ýörelgelerini we agzybir türkmen halkymyzyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik gatnaşyklaryna bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny özünde jemleýär.

Bu beýik maksatlar Türkmenistanyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirýän we ählumumy goldawyna, halkara bileleşiginiň ykrarnamasyna eýe bolan oňyn içeri we daşary syýasatynyň esasynda durýar.

Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän kaşaň Konstitusiýa binasynyň ýanynda säher bilen Hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we onuň etraplarynyň häkimleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar, medeniýet we sungat işgärleri hem-de paýtagtymyzyň köp sanly ilaty ýygnandylar.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Konstitusiýa binasynyň ýanyndaky baýramçylyk äheňinde bezelen meýdança geldi. Hemmeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik işleriň başyny başlaýjy we täze ýeňişlere ruhlandyryjy milli Liderimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyz iki tarapyna Watan goragçylary hatara düzülen haly düşelen ýodajyk bilen bellenen ýere geçdi. Watanymyzyň ygtybarly daýanjy hasaplanylýan ýaş nesilleriň gollarynda Türkmenistanyň Döwlet baýdaklary pasyrdaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdança geçýär.

Şu pursatda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.

Milli Liderimiz özygtyýarly Watanymyzyň döwlet esaslarynyň, onuň demokratik ýörelgeleriniň we häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýän köpasyrlyk halk häkimliligi dessurlarynyň bitewüligini alamatlandyrýan Konstitusiýa binasyna gül çemenini goýdy.

Türkmenistanyň Esasy Kanuny möhüm düzgünnamalary özünde jemläp, şol bir wagtyň özünde türkmen halkynyň durmuşynda bolup geçýän giň möçberli özgertmeleri kämilleşdirmegiň çeýe hukuk guraly bolup durýar. 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde milli Liderimiz ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek başlangyjyny öňe sürdi.

Ýurdumyzyň we dünýäniň döwlet gurluşy boýunça iň gowy tejribelerini, milli we umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemläp, Esasy Kanun demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynda emele gelýän jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar. Şunlukda, esasy gymmatlygy adam hasaplanylýan raýatlyk jemgyýetiniň bähbitleri ýüze çykýar.

…Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň göreldesine eýerip, Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ähli dabara gatnaşyjylar Konstitusiýa binasyna gül desselerini goýdular.

Halkymyz tarapyndan uly ähmiýet berilýän bu baýram türkmenistanlylaryň Garaşsyz Watanyna bolan çuňňur watansöýüjilik duýgularyny, häzirki döwrüň zähmet ýeňişlerini we üstünliklerini artdyrýan halkymyzyň parahat durmuşda bagtly ýaşaýyş ugrunda çekýän öndürijilikli zähmetlerini aýan edýär.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijeleri her ädimde duýulýar. Türkmen topragy özgerip, gülläp ösýän bagy-bossanlyga bürenýär, şäherleriň we obalaryň keşbi düýpli özgerýär, Watanymyzyň ykdysady kuwwaty pugtalanýar, türkmenistanlylaryň abadançylyk derejesi ýokarlanýar. Durmuşyň we döredijiligiň dabaralanýandygyny alamatlandyrýan mukaddes Baýdagymyzyň astynda jebisleşen halkymyz agzybirlikli we döredijilikli zähmet çekýär we geljege ynamly garaýar.

Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy tamamlanandan soň, baýramçylyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Baş baýdagynyň ýerleşýän ýeri bolan paýtagtymyzyň günorta künjegine geçdiler.

Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Döwlet Baýdagymyz şäheriň islendik künjeginden görünýär. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň gözelligi bilen sazlaşýan Döwlet baýdagy watansöýüjilik we mähriban Watana bolan söýgi ýaly bahasyz gymmatlyklary, halkymyzyň beýik döredijilik ruhuny alamatlandyryp, bahar şemalyna erkin pasyrdaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny dünýäniň dürli künjeklerinde parahatçylygyň, dostlugyň we oňyn erk-islegiň nyşany hökmünde tanaýarlar.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy meýdançanyň merkezinde ýerleşen baýdak sütüniniň ýanynda saklandy. Bu ýere ýygnananlar milli Liderimizi mähirli garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz belent başly baýdak sütüniniň etegine dabaraly ýagdaýda gül çemenini goýýar.

Mejlisiň Başlygy we deputatlar, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ähli dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, gül desselerini goýdular.

Halkymyz ähli döwürlerde baýdaga mukaddeslik hökmünde garapdyr. Milletiň taryhynda çuňňur köki bolan Ýaşyl baýdagymyz özygtyýarlylygy halkymyzyň özbaşdak ösüş ýoluna bolan hukugy, syýasy özygtyýarlylygy we özbaşdak durmuş-ykdysady ýörelgäni alamatlandyrýar.

Döwlet nyşanlary milli ýörelgeler we umumadamzadyň ruhy gymmatlyklary bilen sazlaşyp, çuňňur mana eýedir hem-de halkymyzyň nurana geljegi bolan garaýyşlaryny äşgär edýär. Döwlet baýdagymyzda türkmen halylarynyň gölleri, doganlygy, bitewüligi we durmuşyň täzelenişini aýan edýän bäş ýyldyz we ýarym aýyň şekili ýerleşdirildi.

Häzirki döwürde Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginde mynasyp orun eýeleýär. Biziň öňümizde bagtly geljege uzaýan ýollar açylýar. Biz oňa mynasyp bolmak üçin has-da yhlasly zähmet çekmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň çykyşlarynda yzygiderli belläp, ýadawsyz tagallasy we netijeli işi arkaly raýatlyk yhlasyň we halka wepaly hyzmat etmegiň nusgasyny görkezýär.

Şu gün tutuş ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Ol halkymyzyň bozulmaz agzybirligini, bitewüligini, onuň şöhratly pederlerimiziň paýhasly wesýetlerine, bagtly häzirki we geljekki durmuşyň ýörelgelerine bolan ygrarlylygyny, Watanymyzyň saýlap alan döredijilikli ýoly bilen ösüşleriň we rowaçlygyň belentliklerine tarap bolan ynamly ädimini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär. TDH

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Maýa Goýum Boýunça Özüne Çekijiligi: Köp Milliardlyk Bilelikdäki Taslamalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

syrach