19.9 C
Aşkabat
01.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Özbegistan TOPH Taslamasyna Goşulyşmagyň Mümkinçiliklerini Öwrenýär

Özbegistan TOPH Taslamasyna Goşulyşmagyň Mümkinçiliklerini Öwrenýär

«Uzbekneftegaz» milli holding kompaniýasy Türkmenistandan Owganystana, Hindistana we Pakistana geçjek TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyna goşulmagyň mümkinçiliklerini we geljegini öwrenýär. Bu barada kompaniýanyň müdirliginiň başlygy Alişer Sultanow halkara press-klubynyň barşynda aýtdy, diýip «Neftegazowaýa Wertikal» rus žurnaly Nebitgaz habarlar agentligine salgylanyp habar berýär.

A.Sultanow TOPH taslamasyna goşulmak meselesi Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana saparynyň dowamynda öňe sürlendigini ýatlatdy.

«Türkmen tarapy bize TOPH taslamasyna gatnaşmagy teklip etdi. Öz gezeginde Prezident biziň kompaniýamyza bu meseläni öwrenmegi tabşyrdy» diýip Sultanow aýtdy.

«Häzirki wagtda türkmen kärdeşlerimiz gaz geçirijiniň tutuş ugrunda, bu bolsa 1,735 müň kilometr barabar, bu işi gurnap biljek taslamanyň operatoryny saýlap almak işini geçirýärler. Bu örän ajaýyp taslama, elbetde, ony durmuşa geçirmegiň käbir kynçylyklary bar. Prezident bize bu meseläni öwrenmekligi tabşyrdy we biz ony öwrenýäris. Bu örän gymmat taslama, ähli taraplary ölçermeli. Häzir biz ony öwrenýäris» – diýip Alişer Sultanow aýtdy.

Onuň nygtamagyna görä, TOPH — Merkezi-Aziýanyň gazyny Pakistan bilen Hindistana ibermäge gönükdirilen ykdysady taslama. Muňa ähli taraplar gyzyklanma bildirýär. Ýöne taslamanyň operatory tarapyndan çözülmeli käbir sebit meseleleri bar.

TOPH gaz geçirijisi Türkmenistandan Owganystana, Pakistana we Hindistana çenli gurulýan, uzynlygy 1,735 kilometre barabar bolan magistral gaz geçirijidir. Onuň taslama kuwwaty — ýylda 33 milliard kub metr. Taslamanyň bahasy — 7,9 milliard amerikan dollary. Gaz geçirijiniň uzynlygy 214 kilometr bolan türkmen böleginiň gurluşygy 2015-nji ýylyň dekabrynda başlandy, diýip Nebitgaz habarlar agentligi habar berýär.

Degişli makalalar

Türkmen-Amerikan Syn Beriji Duşuşygy Geçirildi

Pekinde Türkmenistanyň Prezidentiniň we HHR-yň Başlygynyň gepleşikleri boldy.

syrach

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar Topary Türkmenistanyň Prezidentiniň Saýlawlaryna Gözegçilik Etmegini Dowam Edýär