12.9 C
Aşkabat
20.05.2024
YKDYSADYÝET

Nebiti gaýtadan işleýjiler üçin ýaşaýyş jaýlary

Tüpkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buýurmasy boýunça Hazaryň ýakasynda gurlan sosial maksatly desgalaryň sanawynyň üsti ýakyn wagtlarda 72 öýli ýaşaýyş jaýlar toplumy bilen ýetiriler. Ony «Türkmengündogarnebitgurluşyk» trestiniň gurluşykçylary bina edýärler. Nebiti gaýtadan işleýjiler üçin niýetlenen ýaşaýyş şäherçesi ýeke-täk binagärlik ansamblyny döredýän dört gatly korpuslaryň üçüsinden ybarat bolar.

Taslama boýunça jaýlaryň her birinde iki, üç we dört otagly öýleriň 24-si göz öňünde tutulandyr. Olar otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan, häzirki zaman amatlyklarynyň doly toplumyny öz içine alýan öýler bolar. Toplumyň özbaşdak inżener-tehniki infrastrukturasy transformator podstansiýasyny, kotelnýany, sorujy desgany, süýji suw saklanylýan gaby, ýangyna garşy howdany öz içine alar. Onuň merkezinde çagalar üçin oýun meýdançalary bolan abadanlaşdyrylan howlujyk ýerleşdiriler, perimetri boýunça ol ýaşyl zolaklar bilen bezeler.

Häzirki wagtda gurluşygyň ähli uçastoklaryndan düýbüni tutmak işleri tamamlandy; gönüburçly uly sütünleri gurmak boýunça direg we armatura işleri ýerine ýetirilýär; diwarlara kerpiç örmek, içerki diwarlary suwamak işleri alnyp barylýar. Gurluşykçylar üçünji ýaşaýyş jaý korpusyny gurmakda has ýokary depginler bilen işleýärler, şol ýerde eýýäm içerki timarlaýyş, arassaçylyk-tehniki we elektrotehniki işler tamamlanmaga ýakynlaşýar. Öýlerde we kömekçi otaglarda ýelejirediji ulgam, penjireler we gapylar oturdylýar. Jaýyň gatlarynda pollary oturtmak işi tamamlanyp barýar, asma potoloklar gurnalýar we timarlanýar. Girelge tarapynyň basgançaklaryň ýokarsy witraż aýnalar bilen ýapylýar.

Jaýyň daşky diwarlaryny, ýatylýan, myhman, çagalar otaglaryny, aşhanany we arassaçylyk—gigiýena desgalaryny timarlamakda ýokary hilli gurluşyk materiallary we häzirki zaman enjamlary ulanylýar. Penjire panelleri ýeňil alýuminiden bolup, olar reňkli aýnalar bilen örtüler, olar ýaşaýyş otaglaryny tebigy yşyk we sagdyn energetika bilen doldurarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksatnamalaýyn görkezmelerine laýyklykda Tüpkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy günbatar sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamalaryny amala aşyrmaga has işjeň gatnaşýar. Diňe şu ýylyň özünde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňiz suwuny süýjediji desga ulanmaga berildi. Onuň gije-gündizleýin kuwwaty 35 müň tonna deňiz suwuny süýjetmäge barabardyr; gämi gatnawly uzynlygy 7 kilometre barabar bolan Awaza derýasy we çagalar hem ulular üçin 900 orunlyk «Arzuw» sagaldyş merkezi hem Tüpkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buýurmasy boýunça guruldy.

Hazarýaka welaýatynyň ilatynyň amatly jaýlarda täze jaý toýlaryny tutmaklary ýurdumyzyň nebithimiýa senagatynyň öňdebaryjy kärhanasynyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine ýene bir saldamly goşandy bolar. Ol milletiň Lideriniň «Döwlet — adam üçindir!» diýen syýasatynyň esas goýujy ýörelgeleriniň aýdyň alamatyna öwrüldi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Hazarýaka Sebitinde Tebigy Gazyň Örän Baý Ýatagy Açyldy

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleri özleriniň hünär baýramçylygyny belleýärler

syrach

«Türkmennebit» DK-nyň Serwis Hyzmaty Boýunça Müdirligi: Meýilnamadan Ep-Esli Öňde

turkmenhabargullugy