16.9 C
Aşkabat
18.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen gawunynyň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn egindeşlerinden—Mejlisiň ýolbaşçysyndan we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan ýetip gelýän umumymilli baýram—her ýyl ýurdumyzda awgustyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen gawunynyň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi.

Döwlet Baştutanyny türkmen ekerançylarynyň—bakjaçylarynyň zehinine we zähmetsöýerligine goýulýan hormatyň nyşany bolan ählihalk söýgüli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, ýurdumyzyň ýolbaşçylar toparynyň agzalary hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, bagt we milletiň Lideri tarapyndan başy başlanan, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmegiň bir bitewi maksady bilen jemlenen iri möçberli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň ýolunda täze uly üstünlikler arzuw etdiler.

Gutlaglar we mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köp asyrlaryň dowamynda şöhratlanyp gelýän türkmen gawunlary biziň günlerimizde hem dünýäni özüniň şirin-şeker tagamy bilen haýran galdyryp, türkmen halkynyň beýik mirasynyň, milli baýlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar diýip nygtady, häzirki täze taryhy eýýamda—täze Galkynyş eýýamynda bereketli türkmen topragynda gök önümleriň, miweleriň we bakja önümleriniň bol hasylyny kemala getiren gadymy ata-babalarymyzyň nesilden-nesle geçirip gelen iň gowy ekerançylyk däplerine ýüzlenýäris diýip, milletiň Lideri aýtdy we döwlet öz tarapyndan Watanymyzyň abadançylygynyň artmagyna, azyk bolçulygynyň döredilmegine ýadawsyz zähmetleri bilen goşant goşýan şöhratly oba zähmetkeşlerine hemmetaraplaýyn goldaw we kömek berer diýip belledi.

Egindeşlerine tüýs ýürekden arzuwlary üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutany ýygnananlary we bakjaçylary, ýurdumyzyň oba hojalyk işgärlerini we ähli türkmen halkyny milli senenamamyzdaky şanly waka bilen gutlady hem-de ähli bellenen ägirt uly meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine berk ynam bildirdi.

Mejlisiň ýolbaşçysy we hökümet agzalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy özleriniň mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna ýadawsyz zähmet çekjekdiklerine hem-de döwletiň ykdysady taýdan gülläp ösüşine, döredijilige tarap giň ýol açan mukaddes garaşsyzlygyň gazananlaryny artdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

kaynak: www.turkmenistn.gov.tm

Degişli makalalar

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

syrach

2017-nji Ýylyň Ýanwary: Daşary Syýasy Wakalary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Awstriýa Respublikasyna Resmi Sapary Başlandy

syrach