23.9 C
Aşkabat
25.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Iş Maslahatyny Geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň haýyşy boýunça “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda” milli mirasymyzy gorap saklamak we dikeltmek bilen baglanyşykly, şeýle hem paýtagtymyzda gurulýan we gurulmagy meýillşdirilýän birnäçe taslamalaryna garaldy. 

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde paýtagtymyzda we onuň töwereginde alnyp barylýan işlere ünsi çekip, dürli maksatly desgalary gurmagyň aýratynlyklary, şähergurluşyk-binagärlik ýörelgelerini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler hem-de olary döwrüň talabyna laýyk derejede ýerine ýetirmek babatda öňde durýan wezipelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini aýtdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheriň etraplarynda abadançylyk we arassaçylyk işleriniň guralyşy, Aşgabadyň daşky gurşawynyň döwrebap derejede abadanlaşdyrylmagy boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. 

Şeýle hem hasabatyň barşynda paýtagtymyzda ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşygy, şäher-ýollary, köp zolakly köprüler hem-de Aşgabadyň Halkara howa menziliniň ýakynyndaky awtomobil köprüsiniň gurluşygynyň depginlerini güýçlendirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy. Hasabatyň çäklerinde paýtagtymyzda ýol-ulag hereketiniň sazlaşygyny üpjün etmek, Halkara howa menzilinden şähere gelýän we howa menziline barýan ulaglaryň bökdençsiz hereketini üpjün edýän desgalar, ýollar, bu künjegiň bezeg aýratynlygy, oturdylmagy meýilleşdirilýän käbir heýkelleriň dürli görnüşdäki taslamalary görkezildi. 

Hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, gurulmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň ähli görkezijiler babatda halkara ölçeglerine we häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelmelidigini, ulag-ýol düzümine degişli desgada sürüjiler we ýolagçylar üçin zerur amatlyklaryň döredilmelidigini tabşyrdy. 

Milli Liderimiz desgalaryň bezeg aýratynlyklary, paýtagtymyzyň binägärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmegi bilen bir hatarda, bu künjegiň yşyklandyryş ulgamyna hem aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Çünki köprüniň binagärlik keşbi onuň gijeki görnüşinde hem has äşgär duýulmalydyr. 

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde oturdyljak heýkellerde milli ýörelgeleriniň, türkmen myhmansöýerliginiň, myhmana bolan hoşniýetliliginiň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlere atlanan türkmen ýigidi bilen gyzynyň keşbinde milletimiziň asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgeleri, myhmana bolan belent sarpasy öz beýanyny tapmalydyr. Döwlet Baştutanymyz atlaryň keşbinde bedew buýsanjynyň, dabarasynyň, ynsan gylyklylygynyň has-da äşgär duýulmalydygyny nygtady. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew häzirki döwürde Türkmen bedewiniň baýramyny mynasyp dabaralanldyrmak, şanly sene mynasybetli guralmagy meýilleşdirilýän köpçülikleýin-medeni çäreleriň maksatnamasy hem-de şu mynasybetli guraljak halkara çäreleriniň maksatnamasyny taýýarlamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Wise-premýer hasabatyň dowamynda ahalteke bedewiniň birnäçe heýkellerini, olaryň ýerleşjek ýerlerini görkezdi. Köp asyrlaryň dowamynda halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleriniň şekilleri bu ugra degişli desgalar toplumynda mynasyp orny eýelemelidir. 

Hormatly Prezidentimiz görkezilen heýkelleri içgin synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy. Milli Liderimiz heýkellerde ahalteke atlaryna mahsus buýsanjyň, hereketleriň, häsiýetleriň duýulmalydygyny aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda atçylyk pudagyny, atly sport bäsleşikleriniň dürli görnüşlerini halkara derejede ösdürmek, atşynaslyk sungatyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen alnyp barylýan işleriň mundan beýljäk-de ösdürilmegi üçin döwletimiziň yzygiderli alada etjekdigini aýtdy. Munuň özi “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda” has-da ähmiýetlidir. Çünki ahalteke bedewleri halkymyzyň milli mirasydyr, buýsanjydyr. 

Döwlet Baştutanymyz Ählihalk ýowarynda oturdyljak bag nahallarynyň, gülleriň ylmy esasda seçilip alynmalydygyny, olaryň her künjegiň toprak-howa şertlerine laýyk görnüşleriniň oturdylmalydygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda” ýurdumyzyň ähli künjeklerinde milli mirasymyzy, taryhy-medeni ýadygärliklerimizi gorap saklamak, olary ylmy esasda öwrenmek hem-de geljek nesillere ýetirmek ugrunda giň möçberli çäreleriniň durmuşa geçirilýändigi barada aýtdy. Hususan-da, wise-premýer Aşgabadyň golaýyndaky Parzdepe taryhy ýadygärliginde degişli işleri alyp barmak, ony ylmy esasda öwrenmek hem-de arheologiýa çäreleriniň anyk netije bermegini üpjün etmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidengtimiziň garamagyna Parzdepäniň çäklerinde işleýän alymlar topary tarapyndan tapylan küýze bölekleri, toýundan ýasalan önümler we beýleki gymmatlyklar baradaky maglumatlar hödürlenildi. Alymlarda uly gyzyklanma döreden täze tapyndylar taryh ylmy üçin örän ähmiýetlidigi belli boldy. Örän baý medeni-taryhy ýadygärliklere eýe bolan bu toprakda geçmişde dünýä ýaň salan beýik işler bitirilipdir: şäherler döredilip, binalar gurlupdyr. Taryhdan belli bolşy ýaly, Parzdepe hem taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän galanyň galyndysydyr. 

Parzdepäniň umumy meýdany 3,2 gektara barabar bolup, onda Nusaýyň keramikasyna kybap küýze bölekleri duş gelýär. Bu ýerdäki şäheriň gülläp ösen döwrüniň Beýik Seljuk türkmen hökümdarlarynyň döwleti bilen baglanyşyklydygyny subut edýän gymmatlyklaryň tapylandygy bellenildi. Alymlaryň pikirine görä, bu şäher X-XI asyrlara degişlidir. 

Hormatly Prezidentimiz diňe bir Parzdepede däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bar bolan taryhy-medeni ýadygärliklerde alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, alymlar toparlary üçin zerur şertleri üpjün etmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz Parzdepäni ylmy esasda öwrenmek işlerini dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu ugurda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri bilen halkymyzy tanyşdyryp durmagyň möhümdigini nygtady. Munuň özi “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda” ýaýbaňlandyrylan işleriň ähmiýetini äşgär edýär diýip, döwlet Baştutwanymyz aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz 19-njy martda geçiriljek ählihalk ýowarynda Parzdepede tapylan gymmatlyklaryň tanyşdyryş çäresiniň guralmagynyň, olaryň ähmiýeti bilen tanyşdyrmagyň maksadylaýyk boljakdygyny belledi. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Parzdepäniň töwereklerinde ählihalk ýowar gününde köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdyljakdygyny belläp, olaryň ylmy esasda seçilip alynmalydygyny, toprak-howa şertlerine laýyk görnüşleriniň oturdylmalydygyny aýtdy we wise-premýerlere şu çäreleri guramaçylykly geçirmek babatda tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Degişli makalalar

Bitaraplyk we Parahatçylyk Döredijilik Türkmen Diplomatiýasynyň Esasy Ugrudyr

A Session of the Council of Elders Carried Out Its Work in Ashgabat, the Capital of Turkmenistan

syrach

Katar Döwletiniň Emiriniň Türkmenistana Resmi Sapary

syrach