15.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Türkmen Alabaýy-Özboluşly Tohum Itidir

Türkmen Alabaýy-Özboluşly Tohum Itidir

Türkmenistanyň Merkezi Aziýada itleriň ençeme tohumynyň kemala gelmegine täsir eden alabaýlardyr tazylaryň mekanydygy hemmä mälimdir. Alabaý- iri, güýçli itdir, ol ygtybarlygy, batyrgaýlygy, açyklygy we maşgala agzalarynyň ählisine hoşamaýlygy, eýesine wepadarlygy bilen tanalýar.

Gadymy tohumlaryň köpüsi ýaly, türkmen alabaýy-da gadym döwürlerde hemme taraplaýyn ulanylypdyr. Bir wagtlar itler aw, sakçy, çopan itleri ýaly ş.m. toparlara bölünipdir. ХХ asyryň 30-njy ýyllarynyň ahyrynda itşynaslar Orta Aziýa owçarkasyna üns berdiler. Şol wagtlar bu tohumyň iň gowy itleri Mary sebitinde saklanylýardy. Olary synag etmek üçin ozalky SSSR-iň harby ithanalaryna alyp gidýärdiler. Hünärmenleriň pikirine görä, alabaýlar gözleglere we sakçylyga werzişdirler, duýgurdyrlar we tilsimleri öwrenmäge ukyplydyrlar. Olar türkmen serhedini goramaga gatnaşypdylar.

Hakyky alabaý iň talabediji itşynasyň, türgeniň talabyny ödemäge ukyplydyr. Häzirki wagtda dünýä ýurtlarynyň ençemesinde itlere tilsimleri öwretmek boýunça çempionatlat geçirilýär, türkmen itleri-de şol bäsleşiklerde özüni görkezip bilerdi.

Çöld-ä asla alalbaýsyz oňmak mümkin däl. Ozaly bilen ol sürüni möjeklerden goraýar. Äpet, gür tüýli gaýduwsyz it göçegçi durmuşa öwrenişendir. Gadym döwürde süri uly bolsa, alabaýlaryň birnäçesini saklapdyrlar. Öňden gelýän ýörelgä eýerip häli-häzirem arassa tohum itlerini saklaýanlar bar. Olar bu tohumy saklap galmaga we onuň has gowy sypatlaryny gowulandyrmaga çalyşýarlar.

Alymlaryň pikirine görä, gabarasy uly itler eýesine psihologik goldaw berýär. It haýwanlaryň arasynda adamyň ýüzünden „okamagy“, ýagdaýyny aňmagy, onuň buýruklaryna düşünmegi we ýerine ýetirmegi başarýan ýeke-täk jandardyr. Olar adamyň gaýgy-aladasyny aýyrýar, maşgalada durnuklylygy saklamaga ýardam edýär.

It adamyň ýagdaýyna düşünip, onuň şatlyk-hasratyny paýlaşyp bilýär. Ol eýesiniň ýanyndan gidip, dünýäni özleşdirýär, gatnaşygy saklamak üçin ýene adamyň ýanyna gaýdyp gelýär. Adamyň sözüne, hereketine we pikirine gowy düşünýän bu haýwanyň ýürege salnan ýarany bejermäge ukyply oňyn täsiri bar. Bu dört aýak „terapewtler“ adam bilen gatnaşyga iň ýakyn haýwanlardyr. Şadyýanlygy we hoşgylawlygy bilen hatda çaganyň hem derrew ynamyna girýär.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýurdumyzy 2019-2025-nji Ýyllarda Durmuş-Ykdysady Taýdan Ösdürmek Boýunça Maksatnamasy

turkmenhabargullugy

Paýtagtymyzyň Taksi Ulaglary Aziada-2017-niň Nyşanlaryna Beslendi

Türkmenistanda Adamyň Papilloma Wirusyna Garşy Sanjym Geçirilip Başlandy

turkmenhabargullugy