26.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Türkmen Göreşçileri Taýboks Sporty Boýunça Medal Gazanmagyň Ugrunda

Türkmen Göreşçileri Taýboks Sporty Boýunça Medal Gazanmagyň Ugrunda

Aşgabat Olimpiýa stadionynda geçiriljek, sabyrsyzlyk bilen garaşylan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda, ýekşenbe güni irden taýboks sporty boýunça başlaýan ýaryşlara 10 sany türkmen göreşçisi hem gatnaşýar. Bu türgenleriň medally orunlara mynasyp bolmagyna örän uly ynam bildirilýär.

Taýboks sporty bilen bir hatarda tennis boýunça ýaryş hem başlanýar. Mundan başga-da şol gün Ýaponiýa bilen Gonkgong-Hytaýyň zenanlar ýygyndysynyň arasynda geçirilýän futzal sporty boýunça aýgytly ýaryşlar dowam eder.

Aşgabat 2017 soňky 2 ýylda sportuň beýleki söweş görnüşlerinden taýboks sportuna geçen köp sanly türkmen türgenleri üçin ilkinji ýaryşlaryň biri bolar.

Mustafa Saparmyradow 2015-nji ýylda kikboksingden taýboks sportuna geçip, köp ýyl geçmänkä, ýagny 2016-njy ýylda Taý boksunyň janköýerleriniň halkara federasiýasynyň taýboks boýunça geçirilen dünýä çempionatynda kümüş medala eýe boldy. Aşgabat 2017 oýunlarynda – 67 kg agramda çykyş edýär we ýurdumyza medal sowgat etjek türgenleriň biri diýlip hasap edilýär. Türkmenistana Watanymyzyň medally orunlarda abraýyny artdyrjak türgenlerimiziň ýene biri Ýüsüp Bäşimow. Ol 2015-nji ýylyň ortalarynda taýboks bilen meşgullanyp başlady we 2016-njy ýylda Dünýä kubogynda bürünç medalyň eýesi boldy.

Ýaryşyň 1-nji güni 5 sany agram derejesi boýunça erkekleriň arasynda tutluşyk geçiriler. Taýland taýboks sportunda öňden bäri saklap gelýän birinjiligi elden gidermezlik üçin Merkezi Aziýanyň güýçli türgenleri bilen göreşer.

Tennis sporty boýunça erkekleriň arasynda geçiriljek 3 sany meýilleşdirilen ýaryşda, türkmen halkynyň bil baglaýan türgenleri bolan 20 ýaşly geljekki ýyldyz Isa Mämmetgulyýewe janköýerlik eder. Ol Kiribati döwletinden gelen Tebatibunga Biranyň garşysyna oýnar.

Gonkgong-Hytaýdan gelen tälimçi Çoý Ip Faý köpugurly sport toplumynda geçirilýän futzalyň aýgytly pursatlarynda Ýaponiýanyň ýygyndy toparyny ýeňmek üçin elinde baryny edýär.

Ýeňijiler “A” toparda öňdebaryjylygy saklaýarlar. Bu bolsa “B” toparda ýokary basgançaga ýakynlaşýan Eýran Yslam Respublikasynyň güýçli ýygyndysynyň garşysyna oýnamakdan gaça durmaga ýardam berer. Her toparyň iň ökde ýygyndylary ýarym finala çykarlar.

Özleriniň ilkinji oýunlarynda ýeňlen Hytaý Halk Respublikasy we Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlary ertir 17-nji sentýabrda sagat 12:15-de 1-nji meýdançada duşuşarlar. Türkmenistanyň ýygyndysy Gonkgong-Hytaýyň ýygyndysyndan 6-1 hasap bilen utulan hem bolsa, olary ýerli janköýerler goldaýarlar.

Degişli makalalar

Mejlisiň Kada-Kanunçylyk Baradaky Komitetiniň Başlygy Serdar Berdimuhamedow Saýlawçylar Bilen Duşuşyk Geçirdi

turkmenhabargullugy

Her Derde Melhem

syrach

ÝHHG-niň Synçylar Toparynyň Agzalary Türkmenistanyň DIM-nde Duşuşyk Geçirdiler