21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Obasenagat Toplumy: Döwletimiz Oba Hojalykçylara Yzygiderli Goldaw Berýär

Türkmenistanda okgunly ösdürilmegine döwlet tarapyndan ilkinji derejede ähmiýet berilýän oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biridir. Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm kararlaryň birnäçesine gol çekip, ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini ykdysady taýdan höweslendirmek üçin döwlet goldawyny bermegiň toplumlaýyn çärelerini kesgitledi.

Şeýlelikde, 2019-njy ýyldan başlap, bugdaýyň we pagtanyň täze döwlet satyn alyş bahalary girizilýär. Oba we suw hojalygy ministrliginde habar berlişi ýaly, 1 tonna bugdaýyň satyn alyş bahasy 2 esse, ýagny 400 manat bolandygyndan 800 manada çenli ýokarlandyryldy.

Pagtanyň bahasy çig malyň hil taýdan häsiýetnamalary nazara alnyp kesgitlenildi. 1 tonna nah pagtanyň satyn alyş bahasy ýygymyň başlanan gününden 15-nji oktýabra çenli 1 müň 500 manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 1 müň 430 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 1 müň 365 manat bolar.

Öz nobatynda, 1 tonna ýüpek pagtanyň, tohumlyk pagtanyň saýlama sortunyň satyn alyş bahasy ýygymyň başlanan gününden 15-nji oktýabra çenli 2000 manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 1 müň 910 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 1 müň 820 manat bolar.

Şuňa laýyklykda, oba zähmetkeşleriniň girdejileri hem artar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň oba syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet ýeňillikleriniň dürli görnüşleri, şol sanda önümçilik harajatlaryny azaltmaga gönükdirilen ýeňillikler berilýär. Bularyň hemmesi “Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda”, “Pagtaçylyk hakynda”, “Däneçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynda berkidilendir.

Hususan-da, oba hojalyk zähmetkeşlerine ýerden peýdalanmak üçin iň pes nyrhlar kesgitlenildi, olar salgytdan doly boşadyldy. Daýhanlar hem-de daýhan birleşikleri tehnika, tohum, mineral dökünler, suw we hyzmatlaryň beýleki görnüşleri bilen ýeňillikli şertlerde üpjün edilýär.

Häzirki döwürde bugdaý ösdürip ýetişdirmek üçin 1 gektara edilýän harajatlaryň doly bahasy 925 manada, şol sanda kärendeçiniň harajatlarynyň ýeňillikli gymmaty 448,15 manada deňdir. Geljek ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 1 gektara edilýän harajatlaryň doly bahasy 1 müň 449,77 manat, şol sanda kärendeçiniň hajatlarynyň ýeňillikli gymmaty 687,54 manat möçberinde bolar, şeýlelikde gallaçylaryň harajatlarynyň ýarysyndan gowragyny ýapmaga döwlet tarapyndan pul kömegi berler.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda, 2018-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan başlap, pagta hasylyny öndürijiler bilen hasaplaşmak üçin karz ugry açyldy. Pagtanyň sortlaryna baglylykda, el bilen ýyglan nah pagtanyň 1 kilogramyna 60 teňňe, ýüpek pagtanyň 1 kilogramyna bolsa 80 teňňe hakujy hökmünde tölenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň sentýabrynda geçen Halk Maslahatynyň birinji mejlisindäki maksatnamalaýyn çykyşynda oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri çaltlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, “Biz obasenagat toplumynyň işini üýtgedip gurap, ýerden bol hasyl almagyň, düýpli özgertmeleri geçirmegiň hem-de dolandyryş usullaryny kämilleşdirmegiň amatly ýollaryny gözlemelidiris” diýdi.

Şundan ugur alyp, hormatly Prezidentimiz oba hojalygynyň girdejililigini artdyrmaga, ýer we suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmaga, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga hem-de suwaryş suwy bilen üpjün etmäge we obasenagat toplumyna hususy telekeçileri giňden çekmäge degişli birnäçe anyk teklipleri aýtdy.

Teklip edilýän çäreleriň hatarynda daýhan birleşiklerine hem-de oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine şertnamalaýyn borçnamadan artyk öndürilen önümleri şolaryň ygtyýaryna goýmak hukugyny bermek, şol harytlaryň erkin bahadan ýerlenilmegini amala aşyrmak babatda hukuklary bermäge degişli teklipler aýdyldy.

Milli Liderimiz azyklyk bugdaýyň we pagtanyň döwlet tarapyndan satyn alyş bahasyny ýokarlandyrmak babatda täzeden garalan meseläniň, şeýle hem ýokary hilli tohumyň önümçiligi üçin goşmaça tölegleri bellemegiň möhümdigine ünsi çekip, bu çäreleriň oba zähmetkeşlerini bereketli hasyly almaga höweslendirjekdigini nygtady.

Welaýat merkezleriniň golaýynda döredilýän ýöriteleşdirilen daýhan hojalyklary hem-de oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar ilatyň gök önümlere hem-de miwelere bolan isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz maldarçylyk pudagyny kämilleşdirmegiň, hususy maýa goýumlary çekmegiň hasabyna onuň ösdürilmegini höweslendirmegiň, mallaryň baş sanyny artdyrmak maksady bilen, iri we ownuk şahly mallary ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan hususy hojalyklary döretmek meselelerini kanunçylyk taýdan çözmegiň, iým öndürmek üçin olary ýerler bilen üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Umumymilli foruma gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan goldanylan bu teklipler Halk Maslahatynyň “Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakyndaky” Kararynyň esasyny düzdi. Bu resminama häzir yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli resminamalara gol çekip, daýhan birleşikleriniň sürümli ekerançylygyndan döredilen oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalarynyň mukdaryny tassyklady. Şondan Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, beýleki ýuridiki şahslara hem-de raýatlara 99 ýyla çenli möhlet bilen peýdalanmaga ýer bölekleri berilýär.

Birinji ýagdaýda bölünip berlen ekerançylyk ýerleriniň azyndan 70 göterimi şertnamalaýyn esasda bugdaýyň, gowaçanyň we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýetişdirmek şertinde ulanylmalydyr. Galan ýer böleklerinde ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek üçin beýleki ekinler ekilip, ösdürilip ýetişdirilip bilner. Ikinji gaznadan berilýän ýer bölekleri gök we bakja önümlerini, ýeralmany, üzüm we miweli baglary ösdürip ýetişdirmek üçin ulanylmalydyr.

Mundan başga-da, daýhan birleşikleri we hojalyklary, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri hem-de ylmy-barlag institutlary, kärendeçiler, hususy telekeçiler we oba hojalyk önümlerini beýleki öndürijiler 10 ýyla çenli möhlet bilen ýeňillikli bank karzlaryny alyp bilerler. Şol sanda oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary hem-de enjamlary, ýer gazyjy we ýer tekizleýji tehnikalary, enjamlary, suwarylanda ulanylýan geçirijileri satyn almak üçin ýyllyk 1 göterim bilen ýeňillikli bank karzlaryny alyp bilerler. Şeýle hem 10 ýyl möhlete çenli ýyllyk 5 göterim bilen maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek bilen baglanyşykly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin ýeňillikli karz serişdelerini almak mümkinçiligi döredilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly kesgitlenen wezipeleriň toplumlaýyn çözülýändigini nygtamak gerek. Iri maýa goýumlary welaýatlarda täze maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny, ýyladyşhana hojalyklaryny, obasenagat kärhanalaryny, çig maly gaýtadan işleýän we şu esasda köp görnüşli ýokary hilli önümleri çykarýan önümçilikleri, sowadyjy ammarlary gurmaga gönükdirilýär.

Döwlet tarapyndan meýdan işlerini iň amatly agrotehniki möhletlerde geçirmegi üpjün edýän döwrebap oba hojalyk tehnikalary ýeterlik mukdarda satyn alynýar. Däne orujy we pagta ýygyjy kombaýnlar, traktorlaryň dürli görnüşleri, “John Deere”, “СLAAS” hem-de dünýä derejeli beýleki öňdebaryjy öndürijileriň tehnikalary we enjamlary mehanizatorlaryň ygtyýaryndadyr.

Oba hojalygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan ýerli toprak-howa şertlerini göz öňünde tutýan usullaryň ornaşdyrylmagyna, seçgiçiligiň hem-de tohumçylygyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.

Obasenagat toplumyny ösdürmek meseleleriniň çözülmegi durmuş maksatly wezipeler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda kabul edilen hem-de amala aşyrylýan möhüm maksatnamalar, şol sanda “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnama” munuň aýdyň subutnamasydyr.

Amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde, Türkmenistanyň oba hojalyk önümçiligi barha bähbitli işewürlige öwrülýär. Munuň özi azyk bolçulygyny üpjün edip, ýurdumyzyň eksport kuwwatyna uly goşant goşýar. Hut şunda hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan oba hojalyk syýasatynyň mazmuny jemlenýär. Bu bolsa Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Degişli makalalar

Döredijilik Höwesimi Artdyrdy

Futbol Boýunça Türkmenistanyň Çempionatynyň 2-nji Tapgyrynyň Wagty Süýşürilen Duşuşygy Geçiriler

Türkmenistanda hatyra güni bellenilip geçilýär.

syrach