24.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmen Dokma Senagaty: Däpler we Täzelikler

Ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligi we Medeniýet ministrligi ýurdumyzda 2018-njy ýylyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen şygary mynasybetli dokma önümleriniň sergisini guradylar.

Serginiň hanmahmal bölümi Hytaýdan gelen habar ýaly bolup görünýär. Çünki Hytaý bu owadan matanyň watany, Beýik Ýüpek ýoly bilen ençeme asyr mundan ozal dünýä ýaýrap, älemde zenanlary begendirip geldi. Onuň şifon düşegine (ilkibada ýüpek bolan) mahmal nagyş salynmagy matany üýtgeşik owadan görkezipdir. Sergide olaryň Türkmenistanda öndürilen reňki, fakturasy we nagyşlary bilen tapawutlanýan 20-ä golaý görnüşi bar.

Bu ýerde ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň önümleriniň iň gowy nusgalary görkezildi. Olaryň arasynda ekologiýa taýdan arassa, modaly we oňaýly trikotaždandyr jinsi matadan tikilen ulular hem-de çagalar üçin egin-eşikler, desmallar, garyndyly matalardan tikilen sport lybaslarydyr keltekçeler we başga-da ençeme önümler bar.

Şeýle hem sergide milli zenan lybaslarynyň naýbaşy görnüşleri goýlupdyr. Lybaslara birneme döwrebap elementelri, dürli reňkleri we esbaplary goşup, olary döretmegiň özboluşly ýörelgelerini saklap galan zenanlarymyza ýene bir gezek minnetdarlyk bildirýärsiň. Tekjede aýna astynda el keşdesi salnan gelinleriň owadan toý lybasy-da görkezilýär.

Bölümleriň birinde zenanlaryň başyna we egnine atýan owadan ýaglyklary hem bar.

Medeniýet ministrligi ýordumly halylaryň tapgyryny görkezdi. Olaryň arasynda inçebil ak ahal-teke bedewiniň suraty gelenleriň ünsüni özüne çekdi, onuň eskizini türkmen atlarynyň keşbini çeper beýan edenligi üçin milli bäsleşiklerde ençeme gezek baýrak alan Türkmenistanyň halk nakgaşy Ada Gutlyýew döredipdir. Beýleki işlerinde bolşy ýaly, Ada nepis surata göwrümlilik we faktura bermegiň hötdesinden gelipdir.

Sergi medeni ýörelgeleriň dowamatlylygy, asyrlaryň we nesilleriň üznüksiz arabaglanşygy barada pikir ýöretmäge, türkmen topragynyň geçmişinden häzirki gününe çenli syýahat etmäge çagyrýar.

 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet Gümrük Gullugyna Ýükleriň Örän Düýpli Barlanylmagyny Tabşyrdy

Türkmenistanda Halkara Energetika Hartiýasynyň Forumy Tamamlandy

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlarynyň Guramaçylyk Komitetiniň Mejlisi Geçirildi

syrach