11.9 C
Aşkabat
29.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Köneürgençden Türkmenbaşa çenli 53 günlük uzak aralyga pyýada ýörişi tamamlandy.

Sagdyn durmuş ýörelgesini we sport ýörişini meşhur wagyz ediji Batyr Abdyllaýewiň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllyk baýramçylygy günlerinde „Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda Köneürgençden Türkmenbaşa çenli 53 günlük uzak aralyga pyýada ýörişi tamamlandy. 
Wagyz ediş – görelde görkeziş syýahatçylyk çäresine Horezmiň orta asyr paýtagtyndan 85 kilometrlikde ýerleşýän sungatyň piri bolan Aşyk Aýdyň Pirde badalga berildi. 

Syýahatçylyk esbaplary bilen ýüki ýeten 50 ýaşly syýahatçyny Türkmenbaşyda şäher halky bilen bilelikde onuň ildeşleri – Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň ýaşaýjylary hem şowhunly garşy aldylar. Ertesi Abdyllaýew günüň dogmagy bilen şäherden çykyp, Awaza çenli soňky 20 kilometrlik aralygy geçmek üçin pellehana tarap ugur aldy. 

Awazada ony ilkinji bolup kenar ýaka şäheriniň bag ekmek gullugynyň işgärleri garşy aldylar. Batyr Abdyllaýew öz durmuşy, durmuşda gyzyklanýan zatlary barada köp sanly sowallara gogap berdi, tokaý zolagynda ýaş pürli agajy ekdi. Ol kärdeşler arkalaşygynyň „Daýanç” myhmanhanasynda hem gyzgyn garşy alyndy. Bu ýerde ol Awazada adlatly ädim hasaplajynyň hasaba lan uzynlygy 2100 kilometr – 2 628 müň 565 ädim bolan geçen ýoly barada gürrüň berdi. Batyr Abdyllaýew biziň ýurdumyzyň halkynyň ekin meýdanlarynda we kärhanalarda çekilýän öndürijilikli zähmeti, uly göwrmli gurulýan täze desgalaryň gurluşygy, gözümiziň alnynda täze keşbe eýe bolýan welaýat we etrap merkezleriniň, şäherçeleriň we obalaryň keşbi barada gürrüň berdi. 

Deňziň kenaryna ugramak bilen, syýahatçy bellenen ugur boýunça ahyrky çäge ýetdi. Soňra bolsa ol Türkmenbaşynyň jemgyýetçilik çagalar-ýaşlar „Gaplaňjyklar” futbol toparynyň ýoldaşlyk duşuşygynda futbol oýnady hem-de 11 metrlik jerime urgusyndan garşydaşlarynyň derwezesine bir topy salmagy hem başardy. Duşuşyk tamamlanandan soň Batyr Abdyllaýew ony ugratmaga uly isleg bildiren ýaşajyk futbolçylar bilen Awaza derýasynyň demirgazyk bendine geldi. Bu ýerde syýahatçy deňiz şypahasynyň gurluşygynyň başlanýandygy baradaky Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýbüni tutulan wagtynda galdyran ýadygärlik gutujykly ýüzi ýazgyly ýadygärligiň eteginde ýurduň bütin çäginden geçirip bu ýere getiren Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny parlatdy. 

Syýahatçy pyýada gezmekde täze hususy rekordyny goýdy. Baýram Abdyllaýewiň ilkinji uzak aralyga pyýada ýörişi Farap-Türkemnbaşy aralygana 1200 kilometre deň boldy. Ikinji aralyk Aşgabat-Garagum-Köneürgenç-Daşoguz-Gazojak-Galkynyş-Türkmenabat-Atamyrat-Köýtendag-Aýrybaba-dinozawrlar ýapgydy 1800 kilometr boldy. Ähli welaýatlaryň üstünden geçen bu saparky ugry soňky görkezijiden üç ýüz kilometr köp boldy. Şeýle-de bolsa, marafonçy täze maksatlary öňde goýýar, täze rekord barada arzuw edýär. 

Ýurduň giňişliklerine çyn ýürekden guwanýan Baýram Abdyllaýewi demir ýol menzilinden onuň ýaşajyk dostlary ugratdylar. „Daýanç” sagaldyş merkeziniň işgärleiniň adyndan oňa gaçsa gutulýan, kowsa ýetýän behişdi bedew bolan dor aklteke atynyň heýkeljigi, redaksiýanyň işgärleriniň adyndan bolsa, saýlanyp alynan maksady ýaşňyşsyz görkezýän inžener kompasy ýadygärlik hökmünde gowşuryldy.

Degişli makalalar

Nebit-Gaz Gazetiniň Redaksiýasy Döredijilik Bäsleşigini Yglan Edýär

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Medeniýet Ulgamyny we Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdelerini Kämilleşdirmek Boýunça Iş Maslahatyny Geçirdi

Gürjistan geljek aý geçiriljek prezident saýlawyna taýarlanýar.

syrach