10.3 C
Aşkabat
01.03.2026
GÜNÜŇ WAKALARY

Oland Putin bilen duşuşdy.

Moskwanyň howa menzilinde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşan Oland Ukraina meselesi boýunça pikir alyşdy.
Russiýa garaşylmadyk ýagdaýda sapar guran Fransua Oland duşuşykda Ukraina meselesine bilelikde çözgüt tapylmalydygyny aýtdy. 
Oland Ukraina meselesinin ýüze çykmagyndan bäri Russiýa sapar guran ilkinji günbatarly lider boldy. 
Oland we Putin soňky gezek 2014-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Awstraliýanyň Brisbin şäherinde geçirilen G-20-niň maslahatynda duşuşypdy. 
Beýleki tarapdan Ukrainadaky çykgynsyzlygyň çözülmegi üçin tagallalar dowam edýär. 
Ukrainanyň Prezidenti Petr Poroşenko geljek hepde Russiýanyň taraplarynyň ýolbaşçylary bilen Minskde duşuşjakdygyny beýan etdi. 
Duşuşykda hüjümleriň bes edilmegi barada giňişleýin pikir alyşylar. 

Degişli makalalar

Kompozitor Aşyr Kulyýewiň Doglan Gününiň 100 Ýyllygyna

turkmenhabargullugy

“Gepleýän” we “Eşidýän” İlkinji Akylly Sözlük: Makul Sözlük

turkmenhabargullugy

Prezidentimiz EKSPO-2015 Bütindünýä Sergisine Gatnaşdy

syrach