21.6 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar SPORT

Olimpiýa Şäherjiginde Daşary Ýurtly Sport Hünärmenleri Üçin Açyk Gapylar Güni Geçirildi

Olimpiýa Şäherjiginde Daşary Ýurtly Sport Hünärmenleri Üçin Açyk Gapylar Güni Geçirildi

Olimpiýa şäherjiginde daşary ýurtly sport hünärmenleriniň gatnaşmagynda Açyk gapylar güni geçirildi. Bu özboluşly çäre şu ýylyň sentýabrynda paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna toplumlaýyn taýýarlyk görmegiň çäklerinde Milli olimpiýa komiteti tarapyndan guraldy.

Sport şäherçesi bilen tanyşlyk ýaşaýyş toplumynda ýerleşen dolandyryş merkezinden başlandy. Maslahatlar zalynda geçirilen duşuşygyň barşynda myhmanlar bolan Hytaýyň, Saud Arabystanynyň, Taýbeýiň we Gazagystanyň Olimpiýa komitetleriniň wekillerine öňde boljak Aziadanyň desgalarynyň gurluşygynyň barşy barada wideoşekiller görkezildi. Bu desgalaryň üç tapgyrda gurlandygyny we häzir tamamlaýjy tapgyrda barýandygyny ýatladýarys. Taslamasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan Olimpiýa şäherjigini mart aýynda ulanmaga tabşyrmak maksat edinilýär.

Dolandyryş merkezi gözden geçirilenden soň, çärä gatnaşyjylar türgenleriň ýaşajak jaýlary bilen tanyşdylar. Daşary ýurtly myhmanlar otaglaryň gelşikliligine we bezegine ýokary baha berdiler.

Soňra Olimpiýa komitetleriniň wekilleri üçin şäherjigiň çäklerinde monorels ýodasy boýunça gezelenç guraldy. Kiçi otlynyň penjirelerinden suw çüwdürimler bilen gurşalyp alnan binalaryň we sport meýdançalaryň özboluşly binagärlik keşbiniň ajaýyp owadan görnüşleri açylýar. Myhmanlaryň guwanmak bilen synlaýandyklary ýüzlerinden äşgär göründi, olaryň ykjam telefonlarynyň wideokameralary bolsa her bir zady surata düşürmäge çalyşdy.

TDH-nyň habarçysy bilen söhbetdeşligiň barşynda Taýbeýiň Olimpiýa komitetiniň hünärmeni Wan Li Ýu Fan Aşgabadyň Olimpiýa şäherjigini täsinlik bilen deňeşdirdi. Onuň ýurdunda şunuň ýaly ägirt uly sport desgalaryny gurmak barada diňe arzuw edip bolýar. Toplumyň göwrümi we şol bir wagtda-da onuň ykjamlylygy, her bir desganyň ýerleşdirilen ýeriniň oýlanyşykly gurnalandygy, olaryň özboluşly ajaýyplygy haýrana galdyrýar diýip, myhman aýtdy hem-de Aşgabada indi Taýbeýiň wekiliýetiniň düzüminde ýene-de dolanyp gelmek üçin sentýabr aýyna sabyrsyzlyk bilen garaşjakdygyna ynandyrdy.

Kiçi otly söweş sungatlarynyň sport toplumynyň ýanynda saklandy. Bu ýerde Ýapk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetiri komitetiniň wekilleri Açyk gapylar gününe gatnaşýanlar üçin toplumlaýyn ýaryşlaryň maksatnamasynda görkeziljek sportuň görnüşleri, olary geçirmegiň wagty hem-de ýeri bilen tanyşdyrýan çäräni taýýarladylar. Oýunlaryň saýlama ýaryşlarynyň birnäçesiniň olaryň resmi açylyş gününiň öňüsyrasynda başlanjakdygyny belläp geçeliň. Futzalyň hem-de tennisiň ussatlary medallar ugrunda ýaryşlara 16-njy sentýabrda girişerler. Bu ýaryşlar Aziýala-2017-niň barşynda iň dowamlysy bolar: olar 11 gün dowam eder. Halkara oýunlaryň toplumlaýyn görnüşinde ilkinji gezek gatnaşjak göreş boýunça ýaryşlaryň ýeňijilerini hem-de baýrak eýelerini kesgitlemäge bary-ýogy iki gün (22-23-nji sentýabr) gerek bolar.

Şeýle hem myhmanlara yklym derejeli haýsy ýaryşlaryň Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda V Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda geçiriljekdigi barada habar berildi. 16-30-njy aprel aralygynda Aşgabatda sportuň üç görnüşi—agyr atletika, suwda ýüzmek hem-de kigboksing boýunça halkara ýaryşlarynyň baýraklary ugrunda güýç synanyşyljakdygyny ýatladýarys.

Soňra daşary ýurtly myhmanlar üsti ýapyk welotrege hem-de suw toplumyna baryp görüp, sport desgalarynyň hil derejesine ýokary baha berdiler. Hususan-da, Gazagystanyň Olimpiýa komitetiniň prezidentiniň geňeşçisi Bakytjan Ordabaýew bir şäherjikde birleşdirilen şeýle toplumlary heniz görmändigini belledi. Häzirki wagtda Almatyda Bütindünýä gyşky uniwersiada badalga aldy diýip, myhman aýtdy. Ýaryşlaryň guralyşynyň ýokary derejede bolandygyna garamazdan, sport desgalary tutuş şäher boýunça dürli ýerlerde gurlan, bu bolsa belli bir derejede birahatlyk döredýär. Aşgabatda Aziada-2017-niň sportuň maksatnamalaýyn görnüşleriniň ähli desgalary bir ýerde jemlenipdir. Munuň özi oýunlaryň guralyşyna, şeýle hem türgenleriň höwesjeň ýapyşmagyna oňyn täsir edýär. Olarda taýýarlyk görmäge köp wagt galýar.

Günüň ikinji ýarymynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetinde daşary ýurtly sport hünärmenleri bilen duşuşyk geçirildi. Şonda paýtagtymyzda toplumlaýyn ýaryşlary geçirmegiň guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Degişli makalalar

Tanymal Türkmen Nakgaşlarynyň Watan Goragçylaryna Bagyşlanan Işleri

turkmenhabargullugy

Birža Täzelikleri

Türkmenistan Sebitiň Maglumat-Aragatnaşyk Ulgamynyň Möhüm Merkezine Öwrülýär

syrach