20.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

On Üçünji Tapgyryň Jemleýji Duşuşyklary Geçirildi

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 13-nji tapgyrynyň çäginde üç duşuşyk geçirildi.

Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda “Köpetdag” bilen “Şagadam” toparlary 1:1 hasabynda deňme-deň oýnan bolsa Balkanabatda ýerli “Nebitçi” Marynyň “Merwini” 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Maryda geçirilen duşuşykda “Ahal” “Energetikden” 5:0 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelikde, geçirilen bu tapgyrdan soň 27 utugy bolan “Altyn Asyr” topary ýaryş tertibinde birinji orny eýeleýär. Ikinji, üçünji orunlary degişlilikde “Ahal” (25 utuk) hem-de “Şagadam” (19 utuk) toparlary eýeleýärler.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 14-nji tapgyrynyň duşuşyklary 12-nji hem-de 13-nji iýunda geçiriler: “Altyn Asyr” – “Nebitçi”, “Şagadam” – “Energetik”, “Ahal” – “Aşgabat”, “Merw” – “Köpetdag”.

13-nji tapgyryň duşuşyklary:

“Köpetdag” – “Şagadam” – 1:1

Gollar: 17 (11 m.j.u.) Serdarmyrat Baýramow (“Köpetdag”) – 71 Hemra Amanmämmedow (“Şagadam”)

Duýduryşlar: 24 Serdarmyrat Baýramow, 77 Möwlamberdi Goşşanow (“Köpetdag”) – 24 Ýewgeniý Tkaçenko, 37 Baýramgeldi Nurlyýew, 57 Farhat Italmazow (“Şagadam”)

Geçirilen ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: Babanazar Haknazarow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Ahmet Begnazarow (Mary ş.), Berdimämmet Atdyýew (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: Röwşen Isaýew (Mary ş.)

Gözegçi emin: Allabergen Sapaýew (Daşoguz ş.)

Tomaşaçy sany: 1000

“Energetik” – “Ahal” – 0:5

Gollar: 2 Gurban Annaýew, 14 Artur Geworkýan, 43, 75 Pirmyrat Sultanow, 63 Amir Gurbany (“Ahal”)

Duýduryşlar: 42 Alikper Musaibow, 75 Rahim Seýidow, 90+3 Muhammet Astanow (“Energetik”) – 35 Ilýa Tamurkin, 90 Döwran Orazalyýew (“Ahal”)

Geçirilen ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: Çarymyrat Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Ezizmyrat Annamyradow (Balkanabat ş.), Myrat Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Şageldi Hydyrow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: Geldi Öwezow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 1500

“Nebitçi” – “Merw” – 2:1

Gollar: 47 Akmämmet Metdäýew, 90+3 Kerim Hojaberdiýew (“Nebitçi”) – 29 (11 m.j.u.) Begenç Alamow (“Merw”)

Duýduryşlar: 27 Ýylgaýguly Abdullaýew, 28 Muhammet Annaýew, 31 Aşyrgeldi Ylýasow, 64 Mämmedaly Karadanow, 64 Myratgeldi Berenow (“Nebitçi”) – 50 Azat Orazmuhammedow (“Merw”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)

Duşuşygyň emini: Akmyrat Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Hursant Abdiýazow (Daşoguz ş.), Yhlas Kurambaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: Arslan Goşşanow (Tejen ş.)

Gözegçi emin: Eldar Ramazanow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 2000

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Lýuksemburgdaky Ilçisi Ynanç Hatlaryny Gowşurdy

turkmenhabargullugy

Ýapylyş Dabarasy Aşgabat 2017 Fotosuratlary

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň Harby Gullukçylary Üçin Niýetlenen Gulluk Ýaşaýyş Jaýynyň Açylyş Dabarasynyň Fotosuratlary

turkmenhabargullugy