14.9 C
Aşkabat
18.05.2024
DÜNÝÄ

OPEC-iň 167-nji Ministrler Derejesindäki Maslahaty

Gurama agza käbir ýurtlar nebitiň önümçiliginiň azaldylmagyny isleýän bolsalar, beýleki bir bölegi bolsa azaldylmagyna garşy çykýarlar

Wenada 167-nji gezek ýygnanan “Nebit eksport eden ýurtlar guramasyna” agza ýurtlar nebitiň önümçilik mukdaryny üýtgedilmejekdigi barada karar kabul etdiler.
Kabul edilen karardan soň Belent görnüşli nebitiň bahasy 62 dollar 79 sente çenli baryp ýetdi.
Guramanyň 12 agzasynyň 7-si nebit önümçiliginiň azaldylmagyny isleýän bolsa, aralarynda Saud Arabystany bolan 4 agza ýurt bolsa azaldylmagyna garşy çykýarlar.

Maslahatdan ozal çykyş eden Eýranyň Nebit ministri Bijan Zanganeh OPEC-a agza birnäçe ýurt üçin nebitiň bahalarynyň azdygyny, 75 dollar töweregindäki bahanyň bazaryň iki tarapy üçin hem adalatly boljakdygyny belläp geçdi.

trtturkmen 

 

Degişli makalalar

Döwlet Muzeýiniň Guran Sergisi Guşlara Bagyşlanýar

Hazarýaka Döwletleriniň Wekilleriniň Duşuşygy

turkmenhabargullugy

Rus Gazprom firmasy Özbegistan bilen şertnama baglaşdy.

syrach