18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Jumagylyç Pirmuhammedowiç Jumagylyjow Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Nazarow Taýly Nurýagdyýewiç işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň orunbasary Berdiguly Durdygulyýewiç Rizaýew Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy. 

*** 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ösdürmek,  iki ýurduň işewürler toparynyň özara hyzmatdaşlygynyň peýdaly ugurlaryny we mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna 2015-nji ýylyň 19-21-nji awgusty aralygynda Aşgabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň XI  ýöriteleşdirilen sergisini guramaçylykly geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy, şeýle hem bu sergini  geçirmek üçin “Pars Pegah Tejarat” eýran kompaniýasy bilen degişli şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi. 

Ministrlikler we pudak edaralary Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň XI  ýöriteleşdirilen sergisini geçirmekde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna ýardam bermäge borçly edildi. 

*** 

Türkmen halkynyň ata-babalarynyň beýik ynsanperwerlik däplerine hem-de Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanyp, Türkmenistanyň bu goňşy ýurtda parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň gazanylmagy üçin berýän goldawyny mundan beýläk hem dowam etmek we doganlyk owgan halkyna saglygy goraýyşy ösdürmekde ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti  Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky (Hyrat şäheri) konsullygyna Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde çaga dogrulýan öýi gurmak barada “Haji Lal Mohammad Farahi Construction. CO” owgan şereketi bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi. 

*** 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň atçylyk pudagyny, şol sanda atçylyk sportuny halkara derejelerine laýyklykda ösdürmek hem-de türkmen bedewleriniň daşary ýurt döwletlerinde geçirilýän bäsleşiklerine bökdençsiz gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti  Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmen atlary” döwlet birleşigine Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda 120 baş aty saklamaga niýetlenen Halkara karantin merkeziniň taslamasyny  düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi. 

Gurluşyk işlerine 2015-nji ýylyň iýun aýynda başlamak we Halkara karantin merkezini 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. 

*** 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşululary, uruş weteranlaryny we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryny döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň çekmek, halkymyzyň jebisligini we agzybirligini has-da pugtalandyrmakda, döwlet ähmiýetli meseleleri maslahatlaşyp çözmekde olaryň baý durmuş tejribesini peýdalanmak, ýaşulular barada döwlet derejesinde edilýän aladany has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti  Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasynyň düzümi tassyklanyldy.  

Uruş weteranlaryny we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryny döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň çekmek we olara döwlet derejesinde goldaw-hemaýat bermek wezipeleri Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasynyň üstüne, olar bilen ýerlerde degişli işleri alyp barmagy bolsa welaýat, şäher we etrap häkimlikleriniň üstüne ýüklenildi. 

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal Welaýatyna Iş Sapary

turkmenhabargullugy

Türkmen-Pakistan Hyzmatdaşlygynyň Ileri Tutulýan Ugurlary Kesgitlenildi

1 million tonnadan gowrak türkmen gallasy taýýar.

syrach