14.9 C
Aşkabat
18.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Özbegistan Eýrandan Nebit Önümlerini Almagyň Meselelerini Maslahatlaşýar

Özbegistan Eýrandan nebit önümlerini almagyň meselelerini öwrenýär. Bu barada «Özbek demir ýollary» PJ-niň metbugat gullugy habar berýär.

Kompaniýada Eýranyň demir ýol ulgamynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini, şeýle hem özara bähbitli gatnaşyklaryň ösüşini maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň çäklerinde ýükleri üstaşyr geçirmek üçin amatly şertleri döretmek, täze ugurlary, şol sanda konteýner wagonlary bilen import we eksport amala aşyrmak meselelerine garaldy.

«Mälim bolşy ýaly, Özbegistan Gündogar Aziýany, hususan-da, Hytaý bilen baglanyşdyrýan strategik taýdan möhüm we gysga üstaşyr geçiriji sebit bolup durýar. Şonuň üçin hem ygtybarly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk ösdürilmegi, iki ýurduň arasynda demir ýol gatnawlarynyň artdyrylmagy — wagtyň talabydyr. Şu ýylda Hytaýdan 50 müň tonna ýük daşamak meýilleşdirilýär. Bu mesele boýunça Gazagystan we Türkmenistan bilen gepleşikler geçirildi» – diýip wekiliýetiň başlygy Ahmadiý Babak belledi.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, Eýrandan Özbegistana nebit önümlerini getirmek teklibi üns merkezinde boldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça meýiller hakynda beýannama gol çekildi.

oilgas.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli

syrach

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Migrasiýa Hakynda

turkmenhabargullugy

AZERBAÝJAN BP FIRMASY BILEN HAZAR DEÑZINDE NEBIT WE TEBIGY GAZ GÖZLÄR

syrach