19.9 C
Aşkabat
05.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Rumyniýa Gara Deňiz-Hazar Deňzi Ýük Geçelgesi Taslamasyna Gyzyklanma Bildirýär

Rumyniýanyň daşary işler ministri Teodor Meleşkanu Türkmenistanyň Rumyniýadaky täze Ilçisi Annamämmet Annaýew bilen geçiren duşuşygynda Buharestiň Gara deňiz — Hazar deňzi ýük geçelgesiniň taslamasyny durmuşa geçirmeklige gyzyklanma bildirýändigini belledi. Bu barada Rumyniýanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Taraplar hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri dogrusynda pikir alyşdylar, özara gatnaşyklaryň ösüşiniň oňaýly depginini belläp, 2019-njy ýylda Türkmenistanyň we Rumyniýanyň gatnaşmagynda döwletara derejede, şeýle hem sebit we ÝB derejesinde geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy çäreleri maslahatlaşdylar.

Teodor Meleşkanunyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Rumyniýanyň Merkezi Aziýada möhüm hyzmatdaşy bolup durýar. Ministr şeýle hem iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda ÝB-de Rumyniýanyň başlyklyk etmegi nukdaýnazardan işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini hem nygtady.

oilgas.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistan Fotosuratlary 4

turkmenhabargullugy

Magtymguly etrabynda täze zawod açyldy.

syrach

Saglyk Öýleriniň Gije-Gündizleýin Işleýän Telefon Belgileri