24.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Özbegistandaky Türkmen Futbolçylary Türkmenistanyň Futbol Çempionatyna Sabyrsyzlyk Bilen Garaşýarlar

Gysga wagtlyk arakesme berlen futbol boýunça Türkmenistanyň futbol çempionaty 19-njy aprelden dowam etdirler. Janköýerleri begendiren bu habar, daşary ýurtda çykyş edýän ildeşlerimizem biparh goýmady. Milli ýygyndymyzyň Özbegistanyň super ligasynda çykyş edýän oýunçylary Arslanmyrat Amanow bilen Didar Durdyýew saýtymyzyň habarçysyna öz pikirlerini beýan etdiler.

Arslanmyrat Amanow (AGMK topary): «Ilki bilen-ä milli çempionatymyzyň dowam etdirilmeginiň özi uly üstünlikdir. Bu ýagdaý ata Watanymyz Türkmenistanyň näderejede bagtyýar we ajaýyp ýurtdygyny görkezýär we hemmämizi begendirýär. Toparlaryň hemmesine-de üstünlik arzuw edýärin! Turuwbaşdan «Köpetdagyň» birinji orna geçip, oýunlaryň çekeleşikli häsiýete eýe bolmagy öňegidişlikden habar berýär. Bizem ýurdumyzda barha rowaçlanýan sanly ulgam arkaly milli çempionatymyz bilen yzygiderli tanşyp durarys».

Didar Durdyýew («Maşal» topary): «Futbol boýunça milli çempionatymyzyň dowam etdirilmegi «Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdudyr» diýlen şygaryň kanunalaýyklykdygyny ýene bir gezek subut etdi. Bu biziň hemmämiz üçin şatlykly habar. Türkmen toparlarynyň we futbolçylarynyň hemmesine uly üstünlik arzuw edýärin! Bizem internet arkaly çempionatymyzyň oýunlaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa ederis. Habarlaryň öz wagtynda milli saýtlar arkaly dürli dillerde elýeterli edilýändigi sebäpli milli çempionatymyz bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alýarys».

Taýýarlan Nejep BAÝAT,

sport synçysy

Çeşme: https://msy.gov.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Sungaty we Binagärligi

Ahalyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi.

syrach

Beýik Ýeňşiň 75 Ýyllygy Mynasybetli Dabaraly Harby Ýöriş Fotosuratlary

turkmenhabargullugy