18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
DÜNÝÄ

Palestinanyň täze ilçisi Aşgabatda gepleşikler

Penşenbe güni Türkmen parlamentiniň başlygy Akja Nurberdiýewa Palestinanyň täze işe bellenen ilçisi Asad Abd al-Munem Said Asadyň ynanç hatyny kabul etdi. Palestinanyň ilçisiniň rezidensiýasy Özbegistanyň paýtagty Daşkentde ýerleşýär.

Penşenbe güni türkmen parlamentinde geçen bu duşuşykdan soň, Asad Abd al-Munem Said Asad Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde-de kabul edildi.

Geçirilen bu duşuşyklarda taraplar Türkmenistanyň we Palestinanyň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyklarynyň perspektiwalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Aşgabatdaky häzirki saparynyň barşynda Palestinanyň ilçisiniň Türkmenistanyň Bilim, Medeniýet we Söwda ministrliklerinde-de duşuşyklar geçirjekdigi habar berilýär.

referans: www.azathabar.com

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk.

syrach

OPEC+ Duşuşygyna Baglylykda Nebitiň Bahalary Ýokarlanýar

OPEC Ýurtlary Nebit Çykarylyşyny Çäklendirmek Boýunça Ylalaşygy Fewral Aýynda 91 Göterim Ýerine Ýetirdiler