18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Gowakdaky şäherleriň açylmadyk syrlary.

Türkmenistanyň demirgazygynda, Sarygamşyň golaýynda kert gaýaly eňňitliklerde gadymy gowaklar ýerleşýär. Olar syýahatçylaryň we alymlaryň ünsüni özüne çekýär. Haçan-da bir wagtlar adam tarapyndan köwülip ýasalan bu gowaklar özüniň açylmadyk syrlary bilen, aýratyn hem bu ýerden tapylan suratlar-petroglifler olary gyzyklandyrýar…

Meşhur gözleýji, geografiýaçy we speleolog Igor Wsewolodowiç Çernyş bu gowaklary öwrenmek üçin ýigrimi ýyla golaý wagtyny sarp etdi. Onuň ýolbaşçylyk edýän ekspedisiýasy Üstýurt belentliginiň günorta-gündogarynda ýerleşýän Sarygamyş çöketliginiň barmasy kyn bolan gowak şäherlerini öwrendi. Bu ýerlerde belentlikleriň kertlerinde gowak şäherleriniň bäşisi tapyldy, gowaklaryň 200-den gowragy we girelgeleriň 600 öwrenildi, topografiki meýilnama düzüldi. Ekspedisiýa Sarygamyşyň gowaklarynyň birnäçesinden öz alamatlary we görnüşleri boýunça skandinawlaryň we türkleriň ýazgylaryna meňzeş runa ýazgylarynyň üstüni açdylar. Ýöne bu ýazgylary henize çenli okamak başardanok. Şeýle-de bolsa bu açyşlar täsindir we möhümdir. Mümkin olar runa ýazgylarynyň dörän ýerlerini görkezýändir. Igor Çernyşyň meýdan gözlegleriniň materialllaryny ulanmak bilen, biz ýurdyň demirgazygynda ýerleşýän syrly gowak şäherler barada gürrüň bermäge synanyşarys.

… Sarygamyşyň golaýyndaky delta Amyderýänyň gadymy deltasy bolup, ol Amyderýanyň aşaky akymlaryndan Sarygamyş kölüne çenli uzalyp gidýän tekiz düzlükdir. Ol demirgazyk-gündogarda Amyderýa deltasynyň Aral kenary bilen goşulyşýar. Günortada üňüz aňyrsyndaky Garagum bilen, demirgazykda bolsa, Üstýurt bilen serhetleşýär.

Sarygamyş kölüne gönüden-göni birleşýän ýerindäli deltanyň çäklerinde belentlikleriň birnäçesi ýerleşýär. Olardan Bentau, Tärimgaýa, Zeňňibaba, Gaňňagyr, Duzgyr kert ýapgytly has iri belentlikler bolup durýarlar. Olaryň ikisinde, esasan hem Butentauda we Tärimgaýada, şeýle hem Üstýurdyň günorta kert uçlarynda, ýokary gyrasynda 15-20 metr ýokarda adam tarapyndan köwlenen gowaklar ýerleşýär.

Gowaga hem aşagyndan, hem ýokarsyndan girer ýaly däl. Olar kert ýerlerde köwlüpdir, özi hem 2-3 metr öňe çykyp duran ýerinden köwlüpdir. Öz işine ussatlaryň biri, SSSR-iň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy, gadymy Horezimi öwreniji Sergeý Pawlowiç Tolstow ilkinji bolup Üstýurdyň Bentau we günorta gowaklaryna üns berdi. 1951-nji ýylda, aşakdan girilýän gowaklaryň birini öwrenip hem-de ondan ХII-ХIII asyrlara degişli bolan keramikanyň süýşgünlerini tapyp, ol bu gowak şäherini irki orta asyrlara degişli diýip hasap etdi. Ýöne, onuň aýtmagyna görä, özboluşly özbaşdak mekanyň döremeginiň sebäpleri düşnüksiz bolup galýar.

Bu sebiti öwrenen meşhur alymlaryň işlerinde, ýokarda agzalan S.P.Tolstowyň aýdanlaryndan başga, gowak mekanlarynyň bardygy baradaky maglumatlara gabat gelinmändigi üns berilmeli ýagdaýdyr. Gadymy Horezmiň çäkleriniň dürli hilli çeşmelerinde jikme-jik beýan edilendigini aýdyp geçmelidiris. Polibiýanyň (b.e. öňki II asyr) „Umumy taryhynda“ bu sebit barada gymmatly maglumatlar berilýär, soňra Gerodotyň we Marseliniň işlerinde Amyderýanyň aşaky akymlary barada geografiki maglumatlar giňişleýin berilýär, ahyrynda, orta asyr taryhçylary we geograflary Ibn-Hordadbek, al-Ýakuby, Ibn-Ruste, al-Masudi we al-Istarhi ýazgylarynda Horezmi giňişleýin beýan edipdirler. Gadymy Horezm barada Markwart, Bertold hem örän köp we giňişleýin ýazypdyrlar. Ýöne, bu işleriň hiç birinde hem gadymy, orta we soňky asyrlarda gowak şäherleriniň bolandygy barada hiç-hili zat aýdylmaýar. Näme üçin bu sebitde öz ölçegleri boýunça ep-esli bolan bäş sany gowak şäherleri barada maglumatlar gadymy, häzirki zaman gözleglerinde we ýazgylarynda öz beýanyny tapmandyr? Kim, haçan we näme üçin Üstýurtda, Bentauda we Tärimgaýada gowak şäherlerini gurupdyr?

Bu sowallara jogap bermek üçin gowaklaryň ählisiniň ýaşaýşyny jikme-jik öwrenmeli boldy. Bu ugurda gowaklarda dürli wagtlarda we ençeme gezek ýaşaýşyň bolandygyny tassyklaýan gowaklardan we onuň eňňitlerinden tapylan dürli usulda, dürli temada we mazmunda ýerine ýetirilen ilkinji işler bolan petroglifler şaýatlyk edýär.

Bu ugurda has gowy öwrenileni Bentaudyr. Sebäbi onda gowaklaryň köp sanlysy ýerleşýär. Onuň iň günorta nokadynda şöhratly arap Ibragim bilen baglanyşykly Ibragim-Medemiň mazary ýerleşýär. Rowaýata görä, ol bu ýerlere yslam dinini getiren hem-de bir günüň dowamynda Bentau belentligini döreden hasap edilýär. Şonuň üçin hem, Butentauň terjimesiniň bir görnüşi „gelen dag“ görnüşinde berilýär. Dokuz metr boýy bolan şöhratly Ibragimiň hormatyna bu ýerde mukkades mazar ýerleşýär.

Gowaklar günorta-gündogar we demirgazyk-günbatar kertde ýerleşýär. Bu topar gowaklaryň garşysynda Adak irki orta asyr galasy ýerleşipdir. Onuň ýerinde galyndylary häzirki günlere çenli oňat hilli saklanyp galan giçki orta asyr galasy bolan Akgala gurlupdyr.

Köwülen gowakalaryň käbir ýerleri beýikligi boýunça 5 metr töweregi tapawutlylykda iki hatar ýerleşýär. Belentligiň binýadynda jyns döwüklerinden we ýykylmagyndan emele gelen kuwwatly süýşgünden durýar. Bu ýerlerini synlanyňda ýykylma sebäpli onuň konfigurasiýasynyň ýuwaş-ýuwaşdan we adaty ýagdaýda üýtgeýändigine göz ýetirýärsiň. Ýöne has içgin synlanyňda onuň güýçli ýer titremesi ýaly birden ýykylandygyna göz getirýärsiň. Bu babatda Horezmiň çäklerinde 605 –nji ýyldaky, hijri ýyl hasabynda 1208(9)-nji ýylda, bolup geçen ýer titremesi barada orta asyr maglumatlarynda berilýär. Şonda paýtagtda (Gürgençde) 2000 adam heläk boldy, oba ýerlerinde has hem köp, iki sany oba ýer bilen ýegsan boldy. Bu waka Butentaudan bary-ýogy 100 kilometrlikde bolup geçdi.

Häzirki wagtda Butentauň diňe günorta-gündogar tarapynda birinji gatda 228 sany girelge we ikinji gatda 51 girelge hasaba alyndy, degişlilikde 91 we 28 gowak hasaba alyndy. Her bir gowagyň birden 12-ä çenli girelgesi bar hem-de degişlilikde bir otagdan alty otagy bar. Özi hem girelgeler gönüden-göni girelgelere, penjirelere, tüsse çykara, şemal çalyjy deşiklere, dürli hilli göteriji enjamlary berkitmelere bölünýär.

Birnäçe gowaklar odun, azyk iýmitlerini saklamak üçin niýetlenipdir. Ähtimal ol ýerde ownuk mallaryň saklanylan bolmagy hem mümkin. Birnäçe gowaklar dini däp-dessurlary berjaý etmek üçin hem ulanylypdyr. Bu Tärimgaýa gowagy öwrenilende has hem äşgär görünýär. Sekilleriň bolmazlygy, ýöne birnäçe otaglarda penjireleriň bolmazlygy, belli bir çüňkden ýagtylygyň şöhlesi düşer ýaly diwaryň köwülmegi, malti görnüşdäki haç we diwarda oýulyp ýasalan „legen“ gowagyň dini däp-dessurlary berjaý etmek üçin ýasalandygyny aýdyň görkezýär.

Gowaklardan tapylan tapyndylar dürli görnüşlidir hem-de köp sanlydyr. Keramika esasan hem ýarma we tohum saklamak üçin niýetlenen gaplaryň döwükleri görnüşinde görkezilýär. Agaçdan ýasalan gap, agaçdan oýulyp ýasalan küýze, köp sanly agaçdan ýasalan daraklar, ýüň daramak üçin daraklar, ik, dürli görnüşli gaňyrçaklar tapyldy. Ikinji gatdaky gowaklaryň birinden agaç gapy, şol gatyň ýene bir gowagyndan içi agaçdan ýasalan ölçeg guraly we atasynyň ogluna eden wesýeti ýazylan kagyz bölegi, şeýle hem pars dilinde „Munisul uşak“ – „Aşyk-magşuklaryň dosty“ diýlip ýazylan ýazgynyň bölegi ýerleşdirilen sandyk tapyldy.

Gaýalaryň ýüzündäky şekiller-petroglifler gowaklardan tapylan tapyndylaryň esasysy bolup durýar. Öwrenilen petroglifleriň köpüsi gaýalaryň böleklerinde we gowaklaryň içinde oýulyp ýazylandyr. Petrogliflerden başga-da runa ýazgylaryna meňzeş bolan nyşanlar tapyldy. Häzirki wagtda olary toparlara bölmäge synanyşylýar. Petroglifler hem, runa nyşanlary hem gaty jisim bilen 0,1 mm-den 2 mm çenli çuňlukda oýulyp ýazylypdyr.

Sarygamşyň kenarlaryndaky öwrenilen petroglifler temasy we usuly boýunça dürli-dürlidir. Olaryň köpüsi lineýno-geometrik kompozisiýa äheňinde, adam alamaty äheňinde suratlandyrylýar. Gowaklaryň diwarlarynyň käbir ýerlerinde uly we giň çyzyklar hem-de keşler görnüşinde düşnüksiz şekiller ýazylypdyr. Gözleýjileriň köpüsiniň pikirine görä, lineýno-geometrik äheňindäki şekiller neolit döwrüniň tamamlaýjy tapgyryndaky awçylyk-balykçylyk diýlip atlandyrylýan temanyň tamamlaýjy tapgyry bolup durýar. Bu döwre balyk tutulýan torlaryny, gaýyklar, itler, aw döwrindäki wakalar beýan edilýän şekiller degişlidir.

Sarygamşyň kenaryndaky gaýalardaky şekilleriniň köpüsi ajaýyp landşaft ýadigärliginiň ýakynynda – suwy bäş metr töweregi ýokaradan guýulýan Derýalygyň dar we gadymy hanasynda ýerleşýär. Suw guýulýan ýeriň edil garşysynda Üstýurdyň kert diwarynda Dekçanyň burnunda „Bäş deşik“ ady bilen gaýada köwülen gowaga giň girelge bar. Gowagyň içinde diwarda çyzylyp çekilen köp sanly suratlar bar. Esasan hem olaryň ählisi birnäçe sýužetler bilen birleşdirilen – haýwanlaryň, gaýyklaryň, şeýle hem ýyldyzlar temasyna degişli we dürli görnüşli solýar şekillerdir. Umuman petroglifleriň arasynda goýunlar, saýgaklar, geçiler, atlar, düýeler bilen bagly sýužetler gabat gelýär.

Haýwan bedenleriniň aýratyn bölekleri şekillendirilen nyşanlar kosmiki häsiýete eýe diýip aýdyp bolar. Gadymy adamlarda atyň kellesi daň şapagyny, gözi-güni, haýwanyň göwresi- ýyly, göwresiniň öň tarapy dogup barýan güni, yzky bolegi- ýaşyp barýan güni aňladypdyr (akad. B.A.Rybakow boýunça). Hut şular ýaly şekiller Sarygamşyň kenaryndaky petrogliflerde ýygy-ýygydan duş gelýär.

Häzirlikçe şekilleriň birnäçesine düşündiriş berip bolmaýar. Olar, ilkinji nobatda „Gadymy senenamanyň“ şekili örän uly üns berilmegini talap edýär. Hasyllylyk şekili diýlip atlandyrylýan petroglif toparlary düşündiriş bermekde uly kynçylyklary döredýär. Muňa, mümkin, ýylanlaryň, haýwanlaryň şekillerini, öý haýwanlarynyň bedenindäki oýulyp çekilen çukurjyk we atanak şekilindäki tagmalary degişli edip bolar.

Megerem, inçe çyzyklary we torlary, gämileri we älem nyşanlaryny, oňon şekilleri gowaklaryň ilkinji ýaşaýjylary gaýalaryň ýüzüne geçirendirler. Muny gowaklaryň girelgeleriniň daşky bölegindäki soňky şekiller we güýçli gorag şekilleri hem gytaklaýyn tassyklaýar. Şeýlelikde, gowaklaryň birinji tapgyrynyň gurluşygyny we olara göçülip barylamagyny b.e. öňki VII asyra degişli diýip, delillendirip çaklamak bolar. Gowaklaryň gurluşygynyň soňky tapgyrlary we olara göçülip barylamagyny Sarygamyşyň kenarlarynyň suwunuň bolmazlygy bilen baglanyşdyryp bolar. Ony biziň eýýamymyzyň ilkinji asyrlary bilen seneläp bolar we runa ýazuwynyň döremegini bu döwüre degişli diýip hasaplap bolar. Ahyrynda, göçmegiň soňky döwrüni mongol basybalyjylarynyň çozuşyndan öňki we soňky döwrüne, tä ХVIII asyra çenli degişli diýip hasap edip bolar.

Runa ýazuwyny we arap (pars) ýazuwlaryny, petrogliflerden başga, şeýle tertipde bölmäge gowaklaryň polyndaky özaralarynda bölünen tozanyň 8-20 santimetr galyňlygynda we boýralaryň dürli görnüşi bilen berkän alty sany boýralary muny tassykalamaga hem-de olaryň dürli wagtdalygy barada aýtmaga esas döredýär. 1208(9)-nji ýylda bolup geçen örän güýçli ýer titremesi zerarly gowaklaryň köp böleginiň ýumurylmagy sebäpli olaryň ýuwaş-ýuwaşdan boşap galmaklaryny ХIII asyryň başlaryna degişli diýip hasaplap bolar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Birža Täzelikleri

Palestina Döwletiniň Prezidentiniň Türkmenistana Resmi Sapary Başlandy

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Mejlisinde Duşuşyk

syrach