10.3 C
Aşkabat
01.03.2026
DÜNÝÄ

Pan Gi Mun Ýemen Gepleşiklerine Gatnaşar

BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun 14-nji iýunda Ženewada geçiriljek Ýemen gepleşiklerine gatnaşar.
BMG-nyň merkezinde metbugata beýanat beren BMG-nyň metbugat geňeşçisi Ahmed Fewzi BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Munyň Ýemendäki çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin ýekşenbe güni başlajak gepleşiklere gatnaşjakdygyny habar berdi.
Fewzi gepleşikleriň 17-nji iýuna çenli dowam etjekdigini nygtady.

Gepleşikleriň 28-nji maýda geçirilmegi meýilleşdirilýärdi emma gepleşiklere iki gün galanda yza süýşürlendigi habar berildi.

trtturkmen 

Degişli makalalar

Green Card 2021 Sonuçları Açıklandı

turkmenhabargullugy

Sebitde Suwdan Netijeli Peýdalanmagyň Meseleleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Russiýa Kontinetara Balistik Roketany Synap Gördi

syrach