26.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň strategiýasy.

Türkmen paýtagtynda türkmen döwletiniň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 18 ýyllygyna bagyşlanyp “Türkmenistanyň Bitaraplygy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň strategiýasy” atly halkara maslahaty boldy. Bu wekilçilikli maslahat Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Mejlisi we ýurdumyzyň Demokratik partiýasy tarapyndan guraldy.

Maslahatyň işine abraýly halkara we sebitleýin guramalaryň ýokary wezipeli wekilleri, döwlet işgärleri, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň işgärleri we milli parlamentiň deputatlary, gazetleriň we žurnallaryň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, beýleki ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalyna ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň taryhyndaky şanly senäniň öňüsyrasynda geçirilýän bu maslahata gatnaşyjylara Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler.

Milli Liderimiz şu maslahatda netijeli pikir alyşmagyň häzirki zaman dünýäsinde bitaraplyk institutynyň artýan ornuna we ähmiýetine düşünmäge, hususan-da, özüniň amatly geosyýasy we geoykdysady mümkinçiligini umumy adamzat bähbitleriniň we ösüşiniň hatyrasyna durmuşa geçirýän Türkmenistanyň tejribesiniň öwrenilmegine ýardam berjekdigini belläp, bitaraplygyň ýörelgeleriniň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasy ugrunyň strategik wezipelerini çözmekde ileri tutulýan garaýyşlaryň esasy bolup durýandygyny nygtady.

Däp boýunça Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Aşgabatda geçirilýän maslahata giňden wekilçilik edilmegi Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki ähmiýetiniň artmagynyň we ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşine önjeýli goşant goşmagynyň ykrar edilýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär.

Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde, halkara derejesinde möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda we çözmekde wajyp ähmiýetli ýagdaý hökmünde kabul edilýär. Türkmenistan tarapynldan öňe sürülýän başlangyçlar diňe bir sebitiň çäklerinde däl-de, eýsem, dünýä möçberinde özara arkalaşykly hereketiň gerimini giňeltmek, dostlugy, doganlygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin oňaýly şertleri döredýär. Hut şu oý-pikirler maslahatdaky çykyşlaryň esasy özenini düzdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary G.Baýramowanyň çykyşynda 18 ýyllap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmegiň esasy tapgyrlary we netijeleri häsiýetlendirildi, şol netijeler milli garaşsyz ösüşiň ähli ugurlarynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny döwrebaplaşdyrmak ugrundaky düýpli özgertmelerinde öz beýanyny tapdy.

BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça wekilliginiň ýolbaşçysy Ýan Kubişiň öz çykyşynda belleýşi ýaly, 18 ýyl mundan ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” baradaky Rezolýusiýasynyň kabul edilmeginiň türkmen döwletiniň ösüşinde täze tapgyra badalga berendigini, şu ýyllarda Türkmenistanyň örän möhüm ähmiýetli we oňyn tejribäni toplandygyny, şol tejribäniň sebitdäki ýurtlar, şeýle hem sebitiň çäginden daşarda-da has içgin öwrenilmäge mynasypdygyny belledi.

Çykyş eden sözüni dowam edip, adamyň 18 ýaşyna ýetende kämillik döwrüne gadam basýandygyny we onuň jogapkärçiliginiň artýandygyny aýtdy. Şu meňzedip aýdanyňda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy berkarar edilip, berkedi we barha kämilleşýär, munuň özi Bitaraplyk derejesiniň ýurduň, sebitiň we tutuş halkara bileleşiginiň bähbidi üçin işde oňaýly gural hökmünde ulanylmagynyň anyk netijelerinden aýdyň görünýär.

Hakykatdan-da, BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine laýyklykda, durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygy esasynda parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň maksatlary döwletleriň öňünde uly möçberli we çylşyrymly wezipeleri goýýar, Türkmenistan şol wezipeleri yzygiderli berjaý etmek arkaly şu ugurda köpsanly ýurtlara oňat görelde görkezýär. Ýan Kubiş şol wezipeleriň ählisiniň diňe diplomatik we syýasy serişdeler arkaly hem-de ýurdy ykdysady we durmuş taýdan ösdürmek esasynda berjaý edilýändigini belledi. Munuň özi döwletiň kämildigini, onuň halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary, şol sanda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagyna garşy göreşmek, ulag, ekologiýa we daşky gurşaw, gumanitar ugur we beýlekiler boýunça başlangyçlary amala aşyrmak babatda uly mümkinçilikleriň bardygyny aňladýar.

Ýan Kubiş energetiki howpsuzlyk ýaly möhüm ähmiýetli ugurda tagallalary birikdirmegiň möhümdigini aýratyn belledi. Energetiki howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly meseleler BMG-niň çäklerinde, onuň häzirki we geljegine uly umyt baglanýan işinde ilkinji nobatda ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu meseleler öz ösüşinde neneňsi derejä ýetendigine garamazdan, islendik sebit we islendik ýurt üçin örän möhüm ähmiýete eýedir. Energiýa elýeterli bolmasa, ýer ýüzündäki ýaşaýjylaryň ählisi üçin, mümkinçilikleriň deňeçerligine mahsus ýörelgelere görä ählumumy, kadaly ösüşi gazanmak başartmaz. BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili şu ugurda halkara hukugyna esaslanýan ylalaşyklary we gatnaşyklary kadalaşdyrmagyň mehanizmlerini işläp taýýarlamak – munuň özi ählumumy derejedäki zerurlyk bolup durýar diýip belläp, muny diňe bir Owganystana ýardam berilmegi bilen bagly bolan häzirki wezipesine mahsus nukdaýnazardan däl-de, BMG-niň Ýewropa boýunça Ykdysady toparynyň ýolbaşçysy hökmündäki ozalky işine degişli nukdaýnazardan hem aýdýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, myhman Türkmenistanyň ornuna ýokary baha berip, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyň ýörelgesi esasynda Ýewraziýa yklymynda energetiki howpsuzlyga degişli meseleler boýunça täze çemeleşmeleri öňe sürýändigini we çözgütleriň işlenip düzülmegine işjeň gatnaşýandygyny aýtdy.

Türkmenistan halkara derejeesindäki işlere degişli jedelli meseleleriň we gapma-garşylyklaryň diplomatik serişdeler arkaly çözülmegine, adalatly we döredijilikli kadanyň ýola goýulmagyna ýardam berilmegini ugur edinýär, munuň özi ykrar edilmäge we hormat goýulmagyna mynasypdyr. Türkmenistan syýasy geňeşmeleriň, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikleriň geçirilýän ýeri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň ýokary wezipeli wekili BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Aşgabatda hereket edýän Sebit merkeziniň uly ähmiýete eýedigini hem-de onuň işiniň Merkezi Aziýa sebitinde howpsuzlygy üpjün etmekde örän möhümdigini belledi.

Şeýle hem Ýan Kubiş hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň hökümetine we tutuş halkyna Owganystana yzygiderli ýagdaýda degerli kömek berýändigi hem-de goňşy ýurduň durmuş-ykdysady düzümini täzeden dikeltmäge ýardam edýändigi üçin hoşallyk bildirdi. Mälim bolşy ýaly, ýakynda Türkmenistandan iberilen nobatdaky ynsanperwer ýük Owganystanyň serhetýaka etraplarynyň ilatyna ýetirldi. Şunda geçen asyryň 90-njy ýyllarynda Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak, şeýle hem Täjigistandaky dawany parahatçylykly ýol arkaly çözmek boýunça gepleşikleri guramakda möhüm ähmiýetli işi bitirendigini ýatdan çykarmaly däldiris. Bularyň ählisi Türkmenistanyň parahatçylygy döretmek babatda uly mümkinçiliklere eýedigini görkezýär. Türkmen döwleti 18 ýylda halkara bileleşigine oýlanyşykly, çynlakaý, işjeň we jogapkärli goşulýandygyny hem-de syýasy ýagdaýlaryň barşyna öz täsirini ýetirmäge ukyplydygyny äşgär etdi.

Türkmenistan geografiki we geosyýasy taýdan amatly ýerde ýerleşmegi, onuň parahatçylygy söýüji bitarap döwlet hökmündäki orny ýurdumyzyň Gündogaryň we Günbataryň arasynda durýan döwlete hem-de Merkezi Aziýa sebitindäki özboluşly subýekte öwrülmegine we bu giňişlikde durnuklaşdyrmak, goşulyşmak bilen bagly ýagdaýlarda lideriň ornunda durmagyna ýardam berýär.

Araly halas etmek boýunça halkara gaznasynyň (AHHG) ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Şawkat Hamraýewiň çykyşy türkmen Bitaraplygyna başgaça, ýagny ekologiýa we tebigy serişdelerden peýdalanmak bilen bagly nukdaýnazardan garamaga mümkinçilik döretdi. Şu ugurda-da Türkmenistan öz maksatlaryny aýan etmek bilen çäklenmän, iş ýüzünde netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin ähli şertleri döredýär.

Ýurdumyz Araly halas etmek boýunça hereketleriň bitewi strategiýasynyň işlenip taýýarlanmagynyň barşyna-da işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli öňe sürýän halkara başlangyçlary we netijeli teklipleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Hususan-da, bu ýerde BMG-niň Araly halas etmek boýunça Ýörite Maksatnamasynyň işlenip taýýarlanmagy, BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça Sebitara merkeziniň döredilmegi barada gürrüň gidýär.

Ýeri gelende aýtsak, 2009-njy ýylyň aprelinde Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň baştutanlarynyň Gazagystanda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Araly halas etmek boýunça toplumlaýyn-hukuk resminamasyny taýýarlamak maksady bilen, BMG-niň we onuň düzümleriniň, şol sanda BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň gatnaşmagynda bilermenleriň ýörite toparyny döretmek baradaky teklip bilen çykyş etdi. Bu teklip foruma gatnaşanlaryň ählisi tarapyndan oňlandy.

Aralyň guramagynyň netijelerini aradan aýyrmak we Aralyň ýakasyndaky ekologik ulgamlaryň heläkçilige uçramagynyň öňüni almak boýunça Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasy tarapyndan taýýarlanan çäreleriň maksatnamasy BMG-niň Baştutany tarapyndan oňlanyldy hem-de 2013-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 68-nji mejlisinde resminama hökmünde ýaýradyldy.

Aşgabatda geçirilen şu gezekki forumda Aral deňziniň guramagy bilen bagly bolan ekologik heläkçiligiň netijelerini aradan aýyrmak üçin sebitdäki ähli ýurtlaryň, donorlaryň we dünýä bileleşiginiň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň agentlikleriniň tagallaryny birleşdirmek baradaky çagyryş orta atyldy.

Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Dmitriý Mezensewiň hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň baş sekretarynyň orunbasary Haýri Maraslioglunyň çykyşlary netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm jähetlerine bagyşlandy hem-de Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň şol hyzmatdaşlykda öz beýanyny tapandygy bellenildi.

Bu sebitleýin guramalaryň işiniň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň, hususan-da, sebitdäki durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň daşalmagyna garşy göreşmek, ykdysady gatnaşyklary, energetika boýunça hyzmatdaşlygy, ylmy we medeni gatnaşyklary ösdürmek, söwda we maýa goýumlary bilen bagly oňaýly şertleri döretmek, şeýle hem üstaşyr-ulag geçelgeleriniň ulgamyny kemala getirmek ýaly esasy maksatlaryna laýyk gelýändigi bellenildi.

Bu köpugurly hyzmatdaşlygyň özeni has içgin goşulyşan sebitiň ösýän sebite öwrülýändigi, diýmek şol sebitde ýaşaýan halklaryň ýaşaýşynyň has-da rowaçlanýandygy baradaky pikire esaslanýar. Munuň özi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugrunyň biri bolup durýar.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ýurduň geografiki, taryhy aýratynlyklaryna we etniki-medeni ýagdaýyna, türkmen halkynyň mentalitetine, onuň hoşniýetli goňşuçylyga we hoşmeýillilige esaslanýan däp-dessurlaryna laýyk gelýän konsepsiýasynda ýurduň içerki ösüşi babatda geljekki mümkinçilikler kesgitlenmek bilen çäklenilmän, sebit we ählumumy derejedäki ýagdaýlar hem göz öňünde tutulýar.

Ženewanyň howpsuzlyk syýasaty baradaky merkeziniň halkara howpsuzlygy boýunça maksatnamasynyň ýolbaşçysy Pal Dunaýyň çykyşynda halkara gatnaşyklarynda derwaýys meseleleri çözmegiň şunuň ýaly köpugurly usulynyň döremeginiň dünýädäki howpsuz gurluşyň täze konseptual esaslarynyň döredilmegine, üçünji müňýyllygyň başynda adamzadyň gabat gelýän derwaýys meselelerini çözmek boýunça has oýlanyşykly çemeleşmeleriň ýüze çykmagyna ýardam berendigi nygtaldy.

Pal Dunaý harby bileleşiklere goşulyşmazlygyň Bitaraplygyň möhüm ähmiýetli ýörelgesi bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda bu institut parahatçylygy pugtalandyrmakda we harby dawalaryň öňüni almakda uly ähmiýete eýe bolýar. Munuň özi hyzmatdaşlyk we gepleşikleri geçirmek, birek-birege ynanyşmak we ylalaşykly çözgütleri tapmak esasynda howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen syýasy ugurdyr. Şu jähetden alanyňda, Bitaraplygy ýokary derejedäki syýasata, howpsuz geljege gönükdirilen syýasata degişli düşünje diýip hasaplamak bolar. Şunda Türkmennistan tarapyndan ýöredilýän oňyn Bitaraplyk syýasatyny seljermegiň ähmiýeti has-da artýar.

Geçen 18 ýyl ýurduň içerki durmuşynda, Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň has netijelidigini äşgär etdi, şeýle hem türkmen Bitaraplygynyň örän uly mümkinçiliklere eýedigini bellemek gerek. Wagtyň geçmegi bilen, Bitaraplygyň döredijilige we parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen mümkinçiliklerinden has dolulygyna peýdalanylýar.

Soňra maslahatyň barşynda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň maglumat-seljeriş bölüminiň direktory Aleksandr Zawarzin GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewiň foruma gatnaşyjylara gutlag hatyny okady.

“Döwlet Bitaraplygynyň ideologiýasy döredijiligiň we hyzmatdaşlygyň hatyrasyna hoşniýetli goňşuçylygy we parahatçylygy wagyz edýär. Häzirki wagtda şulardan has möhüm ähmiýetli ýörelgeler ýokdur. Doganlyk türkmen halkynyň zähmet üstünliklerine mynasyp baha bermek bilen, ýurduň Lideri Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara derejesinde Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak ugrunda ýadawsyz tagalla edýändigini aýratyn belläsim gelýär” diýip Sergeý Lebedew belledi.

Bu hatda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň işine göwnejaý goşulyşýandygy we hususan-da, 2012-nji ýylda biziň ýurdumyzyň GDA-da başlyklyk edendigi aýratyn nygtalýar. Şunuň bilen baglylykda guralan çäreler ýokary derejede geçirildi hem-de Arkalaşygyň ýurtlarynyň energetika, ulag, söwda, oba hojalygy, gumanitar ugur boýunça hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga mümkinçilik berdi.

Türkmenistan BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde parahatçylygy söýüjilikli syýasaty ýöredýändigini görkezýär, şunda parahatçylykly durmuş, energetika howpsuzlygy, tebigaty goramak boýunça Aziýadaky köp sanly döwletlerde we tutuş dünýäde möhüm ähmiýetli meseleleri we beýleki ählumumy meseleleri çözmek maksady bilen, türkmen Lideri tarapyndan wajyp başlangyçlar öňe sürülýär.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň içerki ösüşdäki gazananlarynyň we halkara derejesindäki netijeli işiniň Bitaraplygyň ideologiýasyny has çuňňur many-mazmun bilen baýlaşdyrýandygyny belledi.

Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy ýurduň daşary syýasatynyň esasyny düzmek bilen, ol dünýäniň ýurtlary bilen dostluk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin oňaýly halkara gurşawynyň döredilmegini, içerki syýasy durnuklylygy şertlendirdi we dawasyz ösüş hem-de umumymilli bitewilik parahatçylykly hem-de abadan durmuşyň baş şerti bolan adamlar üçin anyk dünýägaraýşy kesgitledi.

Munuň özi häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň döwletimiziň dünýä üçin parahatçylyk söýüjilikli ilatyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrýan, sazlaşykly ösýän, özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde dünýä ýörelgelerine işjeň goşulýan ýurt hökmünde açdy. Şeýle hem gumanitar we demokratik gymmatlyklarynyň esasynda milli Liderimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlarynda özüniň aýdyň beýanyny tapdy.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy K.Babaýew öz çykyşyny şol oňyn başlangyçlarynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlady. Bellenilişi ýaly, derwaýys meseleleriň oňyn çözgüdiniň tapylmagyna işjeň gatnaşmaek bilen Türkmenistan Bitaraplyk filosofiýasy nukdaýnazaryndan diňe bir täze çemeleşmeleri däl, eýsem täze dünýägaraýyşlary öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän başlangyçlarynyň hemmesi olaryň haýsy pudaga degişlidigi garamazdan, tutuş dünýäde her bir adamyň mynasyp durmuş derejesiniň ýola goýulmagynyň bähbidine parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ählumumy ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

Şeýle hem maslahatda “TRASEKA” Hökümetara toparynyň hemişelik sekretariatynyň baş sekretary Eduard Birýukow, Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sub-sebitleýin utgaşdyryjy, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň wekilhanasynyň ýolbaşçysy Deýan Keserowiç, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekili, sebitleýin utgaşdyryjy Saber Azam çykyş etdiler.

Hususan-da, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy D.Kserowiçiň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň Migrasiýa boýunça halkara guramasyna doly hukukly agza hökmünde kabul edilmegi Türkmenistanyň bu abraýly guramasy bilen hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze usulyna geçendigini alamatlandyrýar. Bilelikdäki işiň esasy maksatnamalaýyn ugurlarynyň hatarynda adam söwdasyna garşy göreş we migrantlara goldaw; tehniki hyzmatdaşlyk we serhetleri dolandyrmak; adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek we beýlekiler ýaly ugurlary kesgitlendi. Bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň Bitaraplygy iş ýüzünde anyk netijelere eýe bolýar.

BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekili Saber Azam öz gezeginde türkmen bitaraplygynyň sebitde we GDA-nyň çäklerinde durnuklaşdyryjy ähmiýete eýedigini we biziň ýurdumyzyň BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky ýokary komissarynyň ygtybarldy hyzmatdaşlarynyň biridigini bellemek bilen, Türkmenistanyň bu gurama Merkezi Aziýada ilkinji bolup goşulandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň raýatlygy ýok adamlarynyň sanynyň azalmagyna ägirt uly goşant goşýandygy bellenildi.

UNESKO-nyň Merkezi Aziýa boýunça Doly ygtyýarly wekili, Sergeý Lazarew öz çykyşyny gümanitar hyzmatdaşlyga degişli meselä bagyşlady.

Türkmenistanyň 2013-2017-nji ýyllarda UNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy bilen ýene bir ýola gutlamak bilen, munuň diňe bir bütindünýä ykrarnamasy bolman, eýsem, uly jogapkärçilikdigini belledi. Çünki gurama ýolbaşçylyk edýän düzüm onuň işiniň ähli ugurlary boýunça zerur çözgüdi kabul edýär.

2013-2022-nji ýyllaryň BMG tarapyndan medeniýetleri ýakynlaşdyrmagyň Halkara onýyllygy diýlip yglan edilendigini bellemek bilen, S.Lazarew bu onýyllygyň baş maksatlarynyň biriniň medeni dürlülige bolan oňaýly täsiri äşgär etmekden, medeni aragatnaşyklaryň we özara alyş-çalşyň derwaýyslygyny ykrar etmekden ybaratdygyny aýtdy.

BMG-niň ulgamynda medeniýet babatda anyk derejesi bolan ýeke-täk düzüm hökmünde UNESKO adamzat ösüşiniň möhüm şerti bolan medeni köpdürlüliginiň saklanmagyna hem-de giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Hut medeniýet özboluşlylygyň we durmuş bitewiliginiň çeşmesi bolup durýar. Hut şonuň üçinem halklaryň medeni mirasynyň goralyp saklanylmagynyň örän möhüm ähmiýeti bardyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen UNESKO-ny köpýyllyk hyzmatdaşlyk, durmuşa geçirilen we işläp taýýarlanylýan bilelikdäki köp sanly taslamalar baglanyşdyrýar.

Şeýle giň möçberli halkara taslamalarynyň hatarynda Beýik Ýüpek ýolunyň UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen baglanyşykly mesele bar. Häzirki döwürde bu taslama 12 döwlet, şol sanda Türkmenistan hem gatnaşýar. UNESKO häzirki wagtda Beýik Ýüpek ýoluna bagyşlanan web-portaly işläp taýýarlaýar. UNESKO-nyň wekili çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümine türkmen halkynyň ajaýyp medeni mirasynyň goralyp saklanmagy we ösdürlmegi ugrunda alyp barýan ägirt uly işi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Şeýle hem gumanitar ulgamdaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseläni Merkezi Aziýadaky Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Sebit wekiliýetiniň baştutanynyň orunbasary Igtiýar Arslanow dowam etdi. Ol Halkara Gyzyl Haç komiteti bilen Türkmenistany milli kanunçylygy halkara gumanitar hukuk ulgamyna goşulyşmak babatdaky netijeli hyzmatdaşlyk, şeýle hem adam hukuklaryna degişli beýleki ugurlardaky gatnaşyklar baglanşydyrýar diýip belledi.

Rumyniýanyň Türkmenistandaky ozalky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ion Porožan türkmen halkynyň aňynda çuňňur bitaraplyk esaslary barada aýtmak bilen, ol beýik Magtymguly Pyragynyň türkmen halky üçin ýaramaz pişeleriň ýatdygy barada aýdanlaryny mysal getirdi.

Bitaraplyk derejesi Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklarynda aýratyn ösüşi alamatlandyrdy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary ugrunda mynasyp orna eýe boldy. Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň mümkinçiliginiň çäginiň ýokdugyny bellemek bilen, Ion Porožan bu nusganyň häzirki şertlerde milli gyzyklanmalaryň daşarky dünýä bilen sazlaşygyny üpjün etmekde has netijeli binýat bolup durýandygyny nygtady.

Soňra BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG ÖM-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili Jassint Barrinse söz berildi. Ol BMG-niň Türkmenistandaky ähli düzümleriniň adyndan türkmen halkyny we milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 18 ýyllygy mynasybetli gutlady.

Türkmenistan üçin bu sene diňe bir baýramçylyk etmäge mümkinçilik döretmän, eýsem, ol ýurduň 18 ýyl mundan ozal hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolup, öz üstüne alan borçnamalaryna düşünmäge, şeýle hem ýurduň halky we tutuş sebit üçin bitaraplygyň abadançylygyny dünýä äşgär etmäge oňaýly şert döredendigini myhman nygtady.

BMG-de Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklaryny ösdürmek we parahatçylyk söýüjilikli ýagdaýlar işjeň ilerletmek boýunça durmuşa geçirýän tagallalaryna ýokary baha berilýär. Soňky ýyllarda türkmen döwleti goňşy we uzakdaky döwletler bilen dostlukly hem-de netijeli özara gatnaşyklary goldamaga bolan ukybyny aýdyň äşgär etdi. BMG Türkmenistanyň Hökümetiniň birnäçe goňşy ýurtlardan bolan müňlerçe bosgunlara goldaw bermekdäki uly goşandyny hem-de olaryň köpüsine Türkmenistanyň raýatlygyny we beýleki durmuş ýeňilliklerini bermek bilen, türkmen jemgyýetiniň ählumumumy tagallalara goşulmakdaky üstünlikleri ykrar edýär. Türkmenistan mätäççlik çekýän ýurtlara ynsanperwerlikli kömek bermegi dowam edýär. Hususan-da, olara azyk önümleri, dizel ýangyjy, egin-eşik ugradylýar. Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryna elektroenergiýasy ugradylýar we ol ýerde düzümleýin desgalaryň gurluşygan gatnaşýar. Munuň özi Türkmenistanyň parahatçylygy pugtalandyrmaga, dawalaryň sebäpleriniň öňüni almaga taýýardygyny anyk äşgär edýän ýagdaýdyr.

Şeýle hem BMG durnukly ösüş babatda döwlet Baştutanymyzyň öňe süren köp sanly başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine goldaw dermäge taýýrdyr diýip billemek bilen, myhman özüniň çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlarynyň çäklerindkäi wezipeleri kesgitledi.

Soňra BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Miroslaw Ýençe çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň diňe bir syýasy hyzmatdaşlyga däl-de, hyzmatdaş ýurtlaryň ykdysady ösüş, daşky gurşawy goramak, adam hukuklaryny goramak, demokratiki dolandyryş we kanunyň ileri tutulmagy ýaly ugurlar boýunça jogapkärçiligine-de esaslanýandygy bellenildi. Türkmenistan şol ýörelgelere ygrarlydygyny görkezip, gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär hem-de yzygiderli ösüşiň we häzirki döwürde ýüze çykýan ýagdaýlardan oýlanyşykly baş alyp çykmagyň köptaraplaýyn gurallaryny döretmek, gumanitar mesele babatda täze teklipleri öňe sürýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän daşary syýasy ugruň parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde ählumumy görnüşde ykrar edilen Türkmenistanyň halkara derejesindäki at-abraýynyň has-da beýgelmegini şertlendirdi. Häzirki wagtda Türkmenistan sebitde, şeýle hem ählumumy derejede ýüze çykýan wajyp meseleleriň çözülmegine hil taýdan täzeçe çemeleşýändigini aýdyň görkezýär.

Tejribe Bitaraplygyň syýasy, ykdysady, taryhy, medeni jähetleri özünde jemleýän täsirli, döredijilikli ýagdaýdygyny äşgär etdi. Daşary ýurtly diplomatlaryň çykyşlarynyň birinde gadymy we möhüm ähmiýetli gymmatlyklaryny we parasatly ruhy däp-dessurlaryny tutuş dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen döwlet derejesine ýetirmegi başaran halkyň geljeginiň, hakykatdan-da, beýikdigi bellenildi.

Ýygnananlar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň adamzadyň özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmek esasynda ählumumy parahatçylygyň we ylalaşygyň üpjün edilmegine gönükdirilen tagallalaryna önjeýli goşant goşýandygyna buýsanmaga haklydygyny biragyzdan bellediler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, şonda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna mahsus maksatlara ýetmekde, Bitaraplygyň ýörelgelerini yzygiderli amala aşyrmakda, hoşniýetli goňşuçylygyň we dostlugyň ýörelgelerini ösdürmekde ýene-de bir ädime öwrülen duşuşygyň göwnejaý guralandygy üçin hoşallyk bildirdiler.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda forumyň wekiliýetleri—halkara guramalarynyň wekilleri “tegelek stoluň” başynda geçirilen duşuşyklara gatnaşdylar. Bu ýerde Türkmenistanyň GDA ugry boýunça, şeýle hem Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara Gaznasy, Hökümetara toparynyň hemişelik sekretariaty “TRASEKA”, Migrasiýa boýunça halkara guramasy, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky ýokary komissarlygy we beýlekiler ýaly düzümler bilen özara gatnaşyklarynyň meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem bu ýerde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda, häzirki zaman halkara gatnaşyklary we utgaşdyrma ýagdaýlary bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdinde bitaraplyk derejesiniň ornuna seredildi.

Türkmen bitaraplygyna özara gatnaşyklaryň ýüze çykýan ugurlarynyň jähetinde seretmek bilen, bu ýerde çykyş edenler onuň mazmun taýdan Türkmenistanyň içerki ösüşindäki we dünýä giňişligindäki gazanýan üstünlikleriniň jedelsiz we möhüm şertleriniň birini alamatlandyrýandygyny bellediler.

Degişli makalalar

Türkmenistan we Hytaý Gelejekde Hyzmatdaşlygy Ösdürmegiň Meselelerine Seretdiler

syrach

Parlamentara Gatnaşyklaryny Ösdürmek Ýoly Bilen

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

syrach