04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary tamamlandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň çäklerinde Dubaý şäherine baryp gördi, bu ýerde dünýäniň iri Meýdan aýlawy bilen tanyşdy.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn, Türkmenistanyň Baştutanynyň Abu-Dabä saparynyň birinji gününde ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Olaryň üstünlikli geçmegi iki döwletiň we halklaryň dostluk ynanyşmak gatnaşyklaryna, özara bähbitlilik, deňhukuklylyk we hoşniýetli erk-isleg ýörelgelerinde giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara islege ygrarlydygyny tassyklady. Netijeli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi gepleşikleriň jemine öwrüldi.

Aslyýetinde, Türkmenistan- BAE gatnaşyklarynyň hil taýdan täze tapgyryna badalga beridi, uly mümkinçilikleri nazara almak bilen, giň gerimli gatnaşyklaryň ugur edinilmegi we ýokary netijeliligi onuň esasy ölçegleridir.

Türkmen Lideriniň şu gezekki resmi sapary Türkmenistan- BAE gatnaşyklarynyň taryhynda täze möhüm sahypany açdy. Ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar bolsa ýakyn geljekde iş ýüzünde amala aşyrylyp başlanar hem-de synçylaryň pikirine görä, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we giňeltmäge hyzmat eder.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň BAE saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň we olaryň BAE-li kärdeşleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilendigini hem bellemek gerek. Şol duşuşyklaryň barşynda iki ýurduň gatnaşyklarynyň geljegi uly ugurlary we ony giňeltmegiň mümkinçilikleri pikir alyşmalaryň özenini düzdi.

…Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Abu-Dabi şäheriniň deňizýaka kenary boýunça egindeşleri bilen gezelenç etdi, bu ýerden aýlagyň gözel görnüşi açylýar. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we işjeň wagyzçysy bolan döwlet Baştutanymyz bu endigi arkaly watandaşlarymyza şahsy göreldesini görkezýär.

Döwlet Baştutanymyz egindeşleri bilen bu ýerde çaý başynda syýahatçylyga we sporta degişli meselä uly ünsüň berilmelidigini, daşary ýurtlaryň, hususan-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň tejribesiniň öwrenilmeginiň zerurdygyny aýdyp, bu babatda birnäçe maslahatlary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni türkmen Lideriniň sapary mahalynda kabulhanasy ýerleşýän “Emirates Palaсe” myhmanhanasyndan Dubaý şäherine—Ýakyn Gündogaryň söwda-maliýe merkezine ugrady.

Dubaý şäheri—adybir emirligiň paýtagty—uzak geçmişde balykçylar şäherçesi bolup, kem-kemden Mesopotamiýa bilen Indus jülgesiniň arasynda gadymy söwda ýollarynyň kesişýän ýerindäki köp mähelleli porta öwrülýär, nebit ýataklary açylandan soň bolsa, ol halkara söwda hem-de häzirki zaman syýahatçylyk merkezine öwrülýär. Häzir gözel şäher kosmopolit ýurduň işewürlik we söwda durmuşynyň merkezi bolup durýar. Dubaý şeýle hem Ýakyn Gündogaryň sport paýtagtydyr. Bu ýerde halkara sport çäreleri geçirilýär. Ajaýyp deňiz kenary sportuň suw görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertlere eýedir. Şäheriň çäginde sagaldyş merkezleriniň we bejeriş klinikalarynyň—dünýä belli ýewropa hassahanalaryndan başlap, gadymy gündogar lukmançylygynyň usullaryny peýdalanýan merkezleriň köp dürlüsi ýerleşendir.

Bu ýerde sebitde iri Jebel-Ali söwda porty bina edildi, Internet Сity IT—kompaniýalary üçin häzirki zaman Halkara maliýe merkeziniň hem-de işewürler seýilgähiniň döredilmeginiň hasabyna Dubaý sebitiň habar beriş tehnologiýalarynyň we maliýe merkezine öwrülip başlaýar.

Dubaýyň özüne çekijiligi onuň ultrahäzirki zaman häsiýetiniň we gadymdan gelýän gündogar keşbiniň utgaşmagynda jemlenýär. Munuň özi şähere aýratyn öwüşgin çaýýar we bu ýere gelýänlere oňaýly dynç almak üçin köp dürli mümkinçilikleri—çöldäki oazislerden we deňizýaka kenarlaryndan başlap, düýede aýlanmak we söwda etmek, ajaýyp binalary synlamak we daşary ýurt aşhanasynyň tagamlaryny dadyp görmek ýaly mümkinçilikleri berýär.

… Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni Meýdan Сity toplumyna girýän “delýuks” derejeli bäş ýyldyzly myhmanhananyň merkezi girelgesiniň öňünde saklanýar.

Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmany mähirli garşylanýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaý emirliginiň häkimi Şeýh Muhammed Bin Raşid Al-Maktum garşylaýar.

Garşylamak dabarasy tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti bilen BAE-niň wise-prezidentiniň arasynda giňişleýin düzümde gepleşikler geçirildi. Olaryň barşynda söwda-ykdysady ulgamda, şeýle hem käbir ileri tutulýan pudaklarda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Syýahatçylyk we dynç alyş ulgamy, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamany nazara almak bilen, özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Bu ugurda BAE-den hyzmatdaşlaryň baý tejribesi we mümkinçilikleri işjeň ulanylyp bilnerdi.

Netijeli ykdysady we işewür hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçiikleriň bardygyny bellemek bilen, taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler. Şol gatnaşyklar ýylsaýyn täze mazmuna eýe bolýar.

Söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we BAE-niň wise-prezidenti, premýer-ministrи, Dubaýyň häkimi Şeýh Muhammed Bin Raşid Al-Maktum türkmen Lideriniň Birleşen Arap Emirliklerine häzirki saparyna çenli ozal, ýagny 2010-njy ýylyň fewralynda bolan soňky saparynda geçirilen duşuşygy ýatladylar. Şonda Dubaýyň häkimi belent mertebeli türkmen myhmanyna “Burj Halifa” diňini synlamaga çagyrdy. Şol wagt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtly döwlet ýolbaşçylaryndan meşhurlyga öwrülen bu Diňe baryp gören ilkinji baştutan boldy. Söhbetdeşleriň beýlleýişleri ýaly, milli Liderimiziň gyzyklanmasy durmuş-medeni, şähergurluşyk düzümini özgertmäge we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilip, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän iri möçberli gurluşyk taslamalarynyň nukdaýnazarynda özünde anyk esaslary jemleýär.

Häzirki sapar baradaky gürrüňe gaýdyp gelmek bilen, BAE-niň wise-prezidenti türkmen Liderini düýn ýokary derejeli gepleşikleriň üstünlikli geçmegi bilen gutlady. Şol gepleşikler taraplaryň uzakmöhletleýin esasda giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ymtylýandygyny aýdyň tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda ileri tutulýan döwlet wezipeleriniň hataryna çykarylan atçylygy ösdürmäge, onuň gadymdan gelýän däplerini dikeltmäge berýän uly ünsüni nazara alanyňda, dünýä belli atçylyk sportuna baryp görmegiň saparyň maksatnamasyna girizilmeginiň tötänden däldigini tassyklaýar. Şan-şöhratyny asyrlaryň we müňýyllyklaryň içinden alyp gelen ahalteke bedewleri häzir hem milletiň bahasyna ýetip bolmajak baýlygydyr. Atlaryň bu ajaýyp tohumynyň hakyky janköýeri bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň behişdi bedewlere “Ahalteke bedewleri– biziň buýsanjymyz we şöhratymyzdyr” atly kitabyny bagyş etdi. Bu kitap türkmen halkynyň ahlak çelgileriniň, onuň gözelligi boýunça deňi-taýy bolmadyk bedewlere bolan aýratyn hormatynyň we çäksiz söýgüsiniň nyşanyna öwrüldi.

Behişdi bedewleriň howandary bolan milli Liderimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanda ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, dünýäde bu atlaryň tohumyny ýaýratmak, şeýle hem ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek boýunça maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan döwrebap aýlawlar we atçylyk toplumlary şu maksatlara hyzmat edýär. Olar diňe bir özüne çekiji ýaryşlary geçirmek üçin däl-de, eýsem, türgenleri taýýarlamagyň, atçylyk sportunyň milli we beýleki görnüşlerini ösdürmegiň, şeýle hem dünýäniň ähli künjeklerinden myhmanlaryň gatnaşmagynda halkara sergileriniň we maslahatlarynyň, her ýyl döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramyna gabatlanýan ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylyň awgustynda milli Liderimiziň başlangyjy bilen ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi. Onuň baş maksady türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň taryhyna uly goşandy bolan ahalteke bedewleriniň arassa ganyny gorap saklamak we dünýä dolan şan-şöhratyny artdyrmak, daşary ýurtlaryň ahalteke atçylyk birleşiklerini bir bitewi gurama birleşdirmekden ybaratdyr.

Türkmen döwletiniň Baştutanyny aýlawy synlamak üçin ýörite meýdança çagyrýarlar. Aýlawyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy bu ýerde gurlan desgalaryň düzüm aýratynlyklary bilen tanyşdyrýarlar.

Meýdan aýlawy dünýäde iň uly aýlaw hasaplanýar. Ol kinoteatr, adybir myhmanhana, at çapyşyklaryň taryhynyň muzeýi we ýahtanyň üstünden atçapyşyklaryna tomaşa etmek üçin ýörite gurlan ýahta duralgasy bilen bir hatarda, Meýdan Сity toplumynyň bir bölegi bolup durýar. Meýdan myhmanhanasynda bolsa ähli otaglaryň diýen ýaly penjirelerinden aýlawy we at çapylýan ýollary synlamak bolýar. Şol otaglaryň sany bu ýerde 290-na deňdir.

Meýdan kaşaň bäş ýyldyzly myhmanhana—bu ösen düzümli myhmanhana bolup, bu ýerde dynç almak, şeýle hem işlemek üçin ähli şertler döredilendir. Şonuň üçin myhmanhana işewür adamlar üçin hem niýetlenendir.

Baharyň ortasyndan güýzüň ortasyna çenli howa şertleri at çapyşyklaryny geçirmäge mümkinçilik bolmaýar. Şonuň üçin bu döwürde aýlawda dürli korporatiw we jemgyýetçilik çäreleri geçirilýär, şeýle hem sergiler guralýar.

Dubaýyň bilelikdäki birnäçe beýleki taslamalary ýaly, Meýdan öz rekordlaryna eýedir. Aýlaw özünde tomaşaçylary ýerleşdirmekde bolşy ýaly, ot örtükli çapuw meýdançasynyň uzynlygy boýunça hem dünýäde iň ulusy bolup durýar. Emeli örtükli ähli howa üçin niýetlenen içki çapuw meýdançanyň uzynlygy 1750 metre barabardyr, ot örtükli daşarky meýdança bolsa 2400 metrdir. Bu ýerde türgenleşik meýdançasy hem bar. Aýlawyň çäklerinde, şeýle hem 110×10 metr ölçegindäki LED ekranlaryň dünýäde iň ulularynyň biri oturdylandyr. Ýerli duralgada 8600-den gowrak ulag ýerleşýär. Tutuş toplumyň meýdançasy 620 gektar. Aýlawda iň gymmat baýrak gaznasy 26,25 million dollar bolan Dubaýyň dünýä kubogy ugrunda çapyşyklar geçirilýär.

Meýdan aýlawy ýaryşa gatnaşyjylar üçin bolşy ýaly, tomaşaçylar üçin hem iň aňyrbaş şertleri döretmäge ukyplydyr. Baş münberde hormatly myhmanlar üçin niýetlenen başga-da, kinoteatra ýa-da başga bir islendik restorana düşmek mümkinçiligi bar.

Meýdan- Siti toplumy bilen tanyşlygyň barşynda belent mertebeli türkmen myhmanyna onuň guramaçylyk düzümi barada jikme-jik maglumatlar berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde desganyň tehnologik aýratynlyklary bilen içgin gyzyklandy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti we atçylyk toplumynyň ýolbaşçylary elektromobile münýärler hem-de ýaryşyň öň ýanynda bedewler çykarylýan görkezme meýdançasyna tarap ugraýarlar.

Ýolugrunda türkmen döwletiniň Baştutanyna 60 müň tomaşaçy orunlyk münberiň binasy görkezildi. Ol dünýäde iň uzyn—1,7 kilometr uzynlykly “delýuks” derejeli bäş ýyldyzly myhmanhanany özüne birleşdirýär. Binanyň üçegi ýarymaýyň konsol görnüşindedir, üçegiň gün düşýän bölegi we titan örtükleri bolsa desganyň tehnologik taýdan kämil gözelligini beýan edýär. Münberiň esasy aýratynlyklarynyň biri üçekde ýerleşdirilen 4 müň 500 adama niýetlenen Bubble Lounge bolup durýar.

Meýdan toplumy dünýäde diňe iň iri aýlaw hökmünde däl-de, eýsem, şäher içinde şäher hökmünde garamak bolar. Ol özünde dört ugry: Racecourse, Metropolis, Horizons we Godolphin Parks birleşdirýär. Olaryň her biri gaýtalanmajak görnüşdedir.

Suw kanallarynyň arasynda ýerleşen Horizons özünde ýokary derejeli täjirçilik, ýaşaýyş we söwda binalaryny birleşdirýär. Godolphin Parks kenar ýkasynda ýerleşen ýaşaýyş toplumy görnüşindedir. Meýdan Racecourse özünde aýlawda dünýäde ilkinji bäş ýyldyzly myhmanhanany, şeýle hem adybir muzeýi, galereýany we 585 tomaşaça niýetlenen IMAX kinoteatryny birleşdirýär. Metropolisiň binagärlik bezegi topragyň we metalyň alamatlaryndan, olaryň güýjünden we gymmatlygyndan emele getirilendir. Birnäçe toplumlarda söwda merkezleri bilen birleşdirilen edaralar üçin otaglar ýerleşendir.

Aýlawy gözden geçirip, Türkmenistanyň Prezidenti onuň enjamlaşdyrylyşy, atlaryň saklanyş şertleri, ýaryşlary guramagyň we geçirmegiň dürli ýagdaýlary bilen gyzyklandy. Arap hünärmenleri bilen geçirilen söhbetdeşligiň barşynda belent mertebeli myhman dünýä täsin gudraty—ahalteke bedewlerini bagyşlan türkmen halkynyň gadymy atçylyk däpleri barada gürrüň berdi we geljek ýyl Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söhbetdeşlikde bütin dünýäde meşhur bolan türkmen we arap gadymy atçylyk sungaty barada aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri atçylyk sportuny ösdürmek babatda iki döwletiň ýörelgeleriniň gabat gelýändigine ünsi jemläp, bu ugurda BAE bilen hyzmatdaşlygyň örän wajypdygyny belledi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti syn ediş meýdançasy bilen tanyşdyryldy. Ol ýaryşyň başlanmagynyň birnäçe wagt öň ýanyndan tomaşaçylara atlary görkezmek üçin ýörite gurnalan meýdança bolup durýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz bu işleri geçirmegiň aýratynlyklary bilen jikme-jik gyzyklanýar.

Soňra türkmen döwletiniň Baştutanyna ýaryşlar üçin niýetlenip, meýdançada gurnalan ägirt LED monitorda Meýdan- City toplumy baradaky wideofilm görkezildi. Onda iň döwrebap atçylyk sport toplumy barada has doly düşünje almaga mümkinçilik döreden toplumyň binagärlik, inžener-tehniki we dizaýner çözgüdi aýdyň beýan edildi. Filmden öň ekranyň ýüzünde Türkmenistanyň Prezidentine gutlag sözleri we arzuwlar ýazyldy.

Soňra milli Liderimiz çempionlaryň galereýasyna baryp gördi. Bu ýerde aýlawda geçirilen ýaryşlaryň ähli ýeňijileri bilen tanyşdyrylýar.

Meýdan- City toplumy bilen tanyşlykdan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dubaýyň häkiminiň, BAE-niň Premýer-ministriniň we wise-prezidentiniň dogany –BAE-niň maliýe ministri Şeýh Hamdam Bin Raşid Al-Maktum bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda döwletara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi hakynda pikir alşyldy. Onuň kuwwaty dürli ugurlarda, şol sanda maýa goýumlary, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda, gaýtadan işeýän senagatda, syýahatçylykda we beýleki ugurlarda netijeli gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berýär. Özara pikire görä, däbe öwrülen medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegi, bilim, ylym we medeniýet ugry boýunça tagallalaryň birleşdirilmegi hem wajyp bolup durýar. Duşuşyk tamamlanandan soň, türkmen Lideri we BAE-niň maliýe ministri birek-birege bagt, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýlawdan ugramak bilen bu ajaýyp toplumyň eýelerine gyzykly tanyşlyk üçin minnetdarlyk bildirdi we olar bilen mähirli hoşlaşyp, olara uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de Türkmenisan bilen BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz özüne garaşyp duran awtomobile münüp, bu ýerden Dubaý şäheriniň halkara howa menziline ugrady. Iki dostlukly halklaryň gatnaşyklarynyň taryhynda täze tapgyryň başyny başlan bu saparyň netijelerine ýokary baha bermek bilen BAE-niň maliýe ministri Şeýh Hamdam Bin Raşid Al-Maktum milli Liderimize ak ýol arzuw etdi.

Bu ýerden Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Aşgabada tarap ugur aldy.

Şu günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde milli Liderimizi resmi adamlar garşyladylar.

* * *

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary tamamlandy. Türkmen Lideriniň BAE-niň ýokary ýolbaşçylygy bilen geçiren gepleşikleriniň barşynda gazanylan ylalaşyklarda we şertnamalarda öz beýanyny tapan netijeleri türkmen-emirat hyzmatdaşlygyny anyk ugurlar boýunça hem, möçberi boýunça hem hil taýdan täze derejä çykardy.

Bular çuňňur mana eýedir, çünki Türkmenistan asyrlaryň dowamynda dünýäde Beýik Ýüpek ýolunyň bir bölegi hökmünde tanalypdyr. Ýewraziýa giňişliginde giň çäklere eýe bolan döwlet, täze taryhy eýýamda ýüzlerçe ýyl ozal bolşy ýaly, deňhukukly we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy üçin Aziýa bilen Ýakyn Gündogaryň arasynda birleşdiriji köpri bolmagynda galýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki saparynyň biziň sebitlerimizi anyk ýagdaýda ýakynlaşdyrandygyna hem-de bu babatda hakykatda wajyp ähmiýetiniň bardygyna hiç hili şübhe ýokdyr.

Degişli makalalar

DIM-de Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi

turkmenhabargullugy

FIFA-nyň Referisi Çary Gurbanow: «Wideo Kömek Ulgamy Adalatly Netije Çykarmaga Mümkinçilik Berer»