24.9 C
Aşkabat
16.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

«Grassroots» Çagalar Futbol Festiwaly Geçirildi

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde ýurdumyzda sagdyn-durmuş ýörelgesi esasy orna çykaryldy. Ýakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň çagalaryň gatnaşmagynda bilelikde guran «Grassroots» futbol baýramçylygy hem bu ugurda uly işleriň alnyp barylýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Gökderedäki “Nebitçi” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde geçirilen «Grassroots» çagalar futbol festiwalynda dynç-alýan çagalaryň onlarçasy öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bu festiwalyň esasy maksadynyň ýurdumyzda çagalar we ýetginjekler futboluny ösdürmekden ybaratdygyny aýratyn bellemek gerek.

Festiwalyň dowamynda çagalar guramaçylar tarapyndan ýörite guralan türgenleşik işlerine, dürli ugurdaky bäsleşiklere gatnaşdylar. Festiwalyň dowamynda dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda futbol bäsleşigi guraldy. 4-nji iýunda badalga berlen bäsleşige 11 toparyň gatnaşandygyny bellemek gerek. Bäsleşigiň jemleýji güni ýarym final hem-de final duşuşyklary geçirildi. Onuň netijesinde aýgytlaýjy duşuşykda “Olimpden” 1:0 hasabynda üstün çykan “Köpetdag” topary baş baýraga mynasyp boldy. Hormat münberiniň üçünji basgançagyna “Dostluk” topary çykmagyň hötdesinden geldi.

Çagalar festiwalynyň soňunda guramaçylar tarapyndan ýörite taýýarlanan sowgatlar, medallardyr kubok gowşuryldy.

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistanda Bugdaý Hasylynyň Dörtden Bir Bölegi Ýygnaldy

Tebigy Gazyň, Elektrik Energiýasynyň, Ýaşaýyş Jaý-Jemagat, Awtoulag we Aragatnaşyk Hyzmatlarynyň Täze Bahalary Bellenildi

Türkmenistanyň Futbol Çempionaty-2020: Käbir Tegelek Sanlar