23.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Aşgabadyň Iň Baýry AÝGB-nyň Durky Täzelenýär

Aşgabadyň Sowet Soýuzynyň Gahrymany Gurban Durdy köçesindäki (30-njy etrapça) awtoulaglara ýangyç guýýan bekediň durky dolulygyna täzelener. Paýtagtyň AÝGB-ny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň hojalyk hasaplaşygynda işleýän abatlaýyş-gurluşyk kärhanasy amala aşyrýar.

Şu günler bekediň meýdanyny giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar. Ýangyç saklanylýan gaplar täze ýere geçiriler we ýangyç paýlaýan enjamlaryň sany artdyrylar.

Şäheriň iň baýry AÝGB-nyň biriniň durkunyň üýtgedilmegi we enjamlarynyň çalşylmagy awtoulaglara hyzmat etmegi amatlaşdyrmaga mümkinçilik berer hem-de desganyň ekologiýa taýdan howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrar.

Wladimir KOMAROW
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Hukuk Ulgamyndaky Hyzmatdaşlygy Berkidip

syrach

Ägirt uly “Galkynyş” Gaz Känini Özleşdirmek Dowam Etdirilýär

syrach

Maliýe-ykdysady ulgamynyň häzirki döwürde gazanýan netijeleri.

syrach