18.9 C
Aşkabat
25.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Paýtagt üçin täze awtobuslar.

Aşgabadyň köçeleri boýunça uzynlygy 2 müň 320 kilometrden gowrak bolan ýolda altmyşdan gowrak ugur boýunça awtobus gatnaýar. Umumylykda şäher ugurlary boýunça şäher awtobuslarynyň 700-si işleýär, olaryň bäş ýüzden goragy bolsa, häzirki zaman günorta koreýanyň awtobuslarydyr. 
Günorta koreýanyň “Hundaý” kompaniýasynyň awtobuslary şäheriň ulag parkyna ilkinji sapar 2008-nji ýylda gelip gowuşdy. Olary satyn almak häzir hem dowam etdiriilýär. Eýýäm şu ýylyň başynda bu firmanyň awtobuslarynyň ýene-de 90-sy paýtagtyň ýolagçylary üçin iberiler. Ulag parkynyň artdyrylmagy Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň hünärmenlerine awtobuslaryň täze gatnaw ugurlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. 
Awtobuslaryň gatnawynyň ýygylygy ýolagçylaryň sanyna-akymyna baglydyr. Meselem, muňa mysal edip, “Brzeňňi – Teke bazar” aralygyna gatnaýan 16-njy ýa-da “Älem – Parahat” aralygyna gatýan 29-njy belgileri görkezmek bolýar. Ýolagçylar duralgalarda uzak garaşmaly bolmaýarlar. Awtabuslaryň gatnawynyň aralygy 5-7 mimut. Awtobuslaryň gatnawynyň wagty hem-de awtobuslaryň gatnaw ugurlarynyň karta-çyzgysy her bir duralgada goýlandyr. Kada bolşy ýaly, şäherde duralgalaryň aralygy 300-500 metrden köp däl. Bu bolsa aşgabatlylar üçin örän amatlydyr – diýip, Aşgabat şäher ýolagçylar awtoulag kärhanasynyň ýolbaşçysy Myrat Işanow gürrüň berýär. 

Bu günki gün şäher ulag parkyna slesarlaryň, motoristleriň, elektriklerň, kuzowçylaryň toparlary – ýüzden gowrak hünärmenler hyzmat edýär. Koreýaly önüm öndürijiler 2008-nji ýylda biziň hünärmenlerimiz üçin on günlik okuwlary açdylar.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň üçünji duşuşygynda eden çykyşy

syrach

Türkmenistan-Germaniýa: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Giňeldilýär

turkmenhabargullugy

ÝHHG-niň Aşgabatda Geçiren Seminary Saýlawlara Degişli Borçnamalara we Standartlara Seredip Geçdi

syrach