14.9 C
Aşkabat
05.05.2024
YKDYSADYÝET

Prezidentimiz Bütindünýä bankynyň wise-prezidentini kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilýän ýokary derejedäki halkara energetika forumyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça wise-prezidenti hanym Lora Taky kabul etdi. 

Wagt tapyp kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, myhman Bütindünýä bankynyň ykdysady taýdan okgunly ösüş gazanýan, dünýä giňişliginde ygtybarly we jogapkärli işewür hyzmatdaş hasaplanýan Türkmenistan bilen ýola goýulýan gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, myhman milli Liderimize Türkmenistanda Bütindünýä bank Toparynyň hemişelik wekilhanasynyň açylmagyna goldaw berendigi üçin hoşallyk bildirdi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda degişli ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi. Şeýle hem biziň ýurdumyza guran saparynyň maksady barada aýtmak bilen, hanym Lora Tak ertir Aşgabatda açylýan we energetika ýaly möhüm pudakda özara peýdaly gatnaşyklaryň höweslendirilmegine gönükdirilen halkara maslahatyny geçirmek baradaky başlangyjynyň uly ähmiýetiniň bardygyny we onuň döwrüň talabydygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giň işjeň gatnaşyklary durmuşa geçirýän Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we rowaçlygyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly häzirki zamanyň möhüm mesleleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamk boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryna işjeň goşulýandygyny belledi. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň iri halkara maliýe guramalary, şol sanda bilelikdäki iş boýunça oňyn tejribe toplanylan Bütindünýä banky bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge meýillidigini tassyklady. 

Duşuşygyň barşynda milli Liderimiz we myhman Türkmenistanda durmuşa geçirilýän we milli ykdysadyýetimiziň köptaraplaýyn esasda ösdürilmegine, maliýe-bank düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna, durmuş ulgamynyň kämileşdirilmegine we tutuşlygyna alnanda, ýurdumyzyň ösüşiň belent sepgitlerine çykmagyna gönükdirilen giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda, Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýedigi bellenildi. Milli maliýe ulgamyny ösdürmekde, statistika pudagynda, saglygy goraýyş ulgamynda hem-de beýleki ugurlarda alnyp barylýan netijeli gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady we serişde kuwwaty, türkmen bazarynda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini şertlendirer. 

Söhbetdeşligiň barşynda özara peýdaly pikir alyşmalar üçin açyk meýdança boljak hem-de durnukly ösüşiň möhüm şerti bolan ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin öňde boljak forumyň gün tertibi barada gürrüň edildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasynda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygy, şol sanda dürli ugurlarda täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşy geçirilmegi bilen alnyp barylýan gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak barada aýtdylar.

Degişli makalalar

Birža Täzelikleri

Daşary Ykdysady Işiň Möhüm Wezipeleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy

Kuwwatlylygy Ýylda 30 Milliard Kubmetr Gaz Akdyrmaga Niýetlenen «Gündogar-Günbatar» Gaz Geçirijisine Gaz Berlip Başlanyldy