BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynyň işine gatnaşmagyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kuba Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň we Ministrler Geňeşiniň Başlygy Raul Kastro bilen duşuşygy boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti we Kuba Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň we Ministrler Geňeşiniň Başlygy duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşmak babatda döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirip, bar bolan tejribäni we köptaraplaýyn mümkinçilikleri nazara almak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna üns berdiler.
Duşuşygyň barşynda Kubanyň lideri Raul Kastro Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk döredijilik syýasatyna ýokary baha berdi. Bu syýasat Orta Aziýa sebitinde durnuklylygyň möhüm şerti boldy. Kubanyň hökümetiniň baştutany türkmen döwletiniň Lideriniň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden yzygiderli öňe sürýän, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň şu Bütindünýä sammitinde ýaňyja eden çykyşynyň barşynda beýan eden we ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmäge, ählumumy durnukly ösüş üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny doly goldaýandygyny aýtdy.
Öz nobatynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzyň Latyn Amerikasynyň döwletleri bilen gatnaşyklaryny giňeltmek jähtinden Kuba Respublikasy bilen doly möçberli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy, şol sanda halkara guramalarynyň çäklerindäki gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Häzirki wagtda şol gatnaşyklar işjeňleşdirildi.
Duşuşygyň barşynda syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu jähtden, taraplar maýa goýum, dynç alyş we syýahatçylyk ulgamynda, şeýle hem gumanitar babatda, hususan-da, saglygy goraýyşda hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky meselelere degip geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-kuba gatnaşyklarynyň iki dostlukly ýurduň halklarynyň hoşmeýilli erk-islegi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleri esasynda üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
referans: www.turkmenistan.gov.tm