29.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz taryhy ähmiýetli halkara resminamasyna gol çekmek dabarasyna gatnaşdy.

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti bilen Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň hem-de Okeaniýa döwletleriniň Milli olimpiýa komitetleriniň arasynda Okeaniýa döwletleriniň 17-siniň 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlaryna gatnaşmagy hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. 

2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziýada taýýarlyk görmek meseleleri milli Liderimiziň hemişe üns merkezindedir, hormatly Prezidentimiz bu iri möçberli sport çäresiniň geçirilmegine Türkmenistanyň halkara sport dünýäsinde abraýynyň ýokarlanmagy nukdaýnazaryndan hem ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketiniň wagyz edilmegi, onuň hatarlaryna ýaşlaryň we çagalaryň barha köpsanlysyny çekmek babatynda hem aýratyn ähmiýet berýär. 

Häzirki wagtda Aşgabady iri sport merkezine öwürmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Paýtagtymyzda Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygynyň güýçli depginlerde alnyp barylmagy ýurdumyzyň täze belentlikler we dünýä derejesinde sportda ýokary netijeler gazanmaga barýan ýolunda aýdyň alamat boldy, Olimpiýa şäherjiginde ýene birnäçe ýyldan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary geçiriler. Aziýanyň Olimpiýa geňeşi tarapyndan şeýle kararyň kabul edilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen bedenterbiýäni we sporty ösdürmek döwlet syýsatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilmegidir. Ýeri gelende aýtsak, milli Liderimiz Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Prezidenti bolmak bilen, sporty ösdürmäge goşan goşandy üçin Aziýa Olimpiýa geňeşiniň Hormat ordenine mynasyp boldy. 

…Ir bilen döwlet Baştutanymyz “Oguzkent” myhmanhanasyna geldi, bu ýerde dabara gatnaşyjylar we köpsanly hormatly myhmanlar ýagnandylar. Olaryň hatarynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň häkimi, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar. 

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aziýa Olimpiýa geňeşiniň we Milli olimpiýa komitetleriniň assosiasiýasynyň prezidenti şeýh Ahmad Al –Fahad Al-Sabah we Okeaniýa döwletleriniň Milli olimpiýa komitetleriniň prezidenti jenap Robin Mitçell, şeýle hem sport marketingi ugrunda işleýän “Lagardere unlimited” kompaniýalar toparynyň (Fransiýa) dolandyryjy direktory jenap Týerri Funk-Brentano bilen duşuşygy boldy. 

Söhbetdeşligiň barşynda myhmanlar, türkmen Liderine sport hereketini ösdürmäge goldaw berýändigi we uly şahsy goşandy, Aşgabatda Aziýa oýunlaryny guramaga we oňa ýurtlaryň köpsanlysynyň, şol sanda Okeaniýa ýurtlarynyň gatnaşmaklary üçin döredilýän şertler üçin hoşallygyny beýan etdiler. Sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň halkara gatnaşyklarynyň beýleki ugurlarynda hem netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti biziň ýurdumyzyň 2017-nji ýylda Aziadany ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli mümkinçilikleri döretjekdigini we şunuň ýaly ynam bildirilendigine buýsanylýandygyny aýtdy. 

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti bu dabara gatnaşmak üçin paýtagtymyzy gelen wekiliýetleriň baştutanlaryny gutlady, bu çäre Aziýa oýunlarynyň taryhynda uly ähmiýetli wakadyr, sebäbi bu oýunlara ilkinji gezek Aziýa yklymyna degişli bolmadyk Okeaniýa ýurtlarynyň türgenleri hem gatnaşar. 

Myhmanlaryň hatarynda Bileşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we beýleki ýurtlaryň Milli Olimpiýa komitetleriniň, şeýle hem beýleki sport guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bar. Duşuşyga halkara sport hereketiniň meşhur işgärleri – Beýik Britaniýanyň Milli komitetiniň prezidenti jenap Sebastýan Koe, JTA kompaniýasynyň baş direktory Jon Tibbs hem çagyryldy. Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň, 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we Guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçylary gatnaşýarlar. Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we Guramaçylyk komitetiniň düzümine Oýunlary geçirmäge taýýarlyk görmek üçin jogapkär ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary girýärler. 

Bu şanly wakanyň resmi banneriniň öňünde dabara gatnaşyjylaryň surata düşmek çäresi boldy, soňra milli Lideriimz wekiliýetleriň baştutanlary bilen bilelikde “Oguzkent” myhmanhanasynyň Tegelek zalyna bardy. 

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň öňünde gutlag sözi bilen çykyş etdi. 

Türkmenistan Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolmak bilen, halkara Olimpiýa hereketiniň ösmegine öz mynasyp goşandyny goşýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýytdy we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmegi ýurdumyza ynanmagynyň munuň aýdyň subutnamasydygyny nygtady. Biz bu ynama Türkmenistanyň sport ulgamynda gazanan üstünlikleriniň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde garaýarys. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, adamlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek boýunça alyp barýan işlerimiziň oňyn netijesi hökmünde baha berýäris diýip, milli Liderimiz belledi. 

Biz ýurdumyzyň päk ahlaklylygyň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýäde doly ykrar edilýändigine buýsanýarys. Şeýle iri sport çäresiniň ýurdumyzda geçirilmegi biziň üçin ilkinji tejribedir. Biz V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegi üçin ähli zerur çäreleri göreris. V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisiniň türkmen topragynda halkymyzyň myhmansöýerligini we göwnaçyklygyny duýmaklary üçin ähli tagallalary ederis. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa oýunlarynyň iň iri halkara sport ýaryşlaryny guramagy başarýan ýurt hökmünde dünýäniň sport ulgamynda Türkmenistanyň öz mynasyp ornuny eýelemegine mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. 

Şu gün Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň taryhynda täze sahypa açylýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Biz şu gün Okeaniýa döwletleriniň 17-siniň 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek V Aziýa oýunlaryna gatnaşmagy hakyndaky Guramaçylyk komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Okeaniýa döwletleriniň Milli Olimpiýa Komitetleriniň arasynda Ähtnama gol çekýäris. 

Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlaryň ählisini örän möhüm dabaranyň geçirilmegi bilen gutlap, ýurdumyzyň paýtagtynda V Aziýa oýunlaryny geçirmekde Aziýa we Okeaniýa döwletleriniň bilelikde edýän tagallalarynyň dünýäde sporty mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Halklaryň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi berkitmekde, Ýer ýüzünde parahatçylygy üpjün etmekde bu Oýunlar möhüm ähmiýete eýe bolar. 

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatdaky milli syýasaty häsiýetlendirdi. Bu syýasat halkymyzyň saglygyny berkitmäge, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli ýetişdirmäge, olimpiýa hereketini köpçülikleýin we giňden ornaşdyrmaga gönükdirilendir. Şu maksatlardan ugur alnyp, «Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011–2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy», «Türkmenistanda 2012–2016-njy ýyllarda sporty ösdürmegiň we ussat türgenleri taýýarlamagyň umumydöwlet maksatnamasy» kabul edildi. 

Mundan başga-da, Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamada, şeýle hem «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011–2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» sportuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge uly üns berildi. Bu maksatnamalaryň giň gerim bilen durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän onlarça sport desgalary guruldy we olaryň gurluşygy dowam edýär. Döwlet Baştutanymyz bu sport desgalarynyň hatarynda Gyşky oýunlar sport toplumyny, Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurlan sport-sagaldyş toplumlary bolan häzirki zaman desgalaryny, köp sanly stadionlary, sport mekdeplerini we toplumlaryny, şeýle hem çagalaryň tomusky sagaldyş merkezlerini görkezdi. 

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň bedenterbiýe we sport ulgamynda örän uly özgertmeler bolup geçdi diýip, milli Liderimiz aýtdy. Jemgyýeti ösdürmegiň bu möhüm ulgamynda hil taýdan ýokary netijeler gazanyldy. Geçirilen bu çäreleriň ählisi örän gowy netijeleri berýär we häzirki döwürde türkmen sporty dünýäde özüni has giňden görkezýär. Biziň türgenlerimiziň onlarçasy dünýä we Aziýa oýunlarynda çempion bolmagy hem-de baýrakly orunlary eýelemegi başardylar. Häzirki döwürde türkmen sportunda uly üstünlikleriň gazanylmagy Bitarap döwletimiziň ýöredýän «açyk gapylar» syýasatynyň, alnyp barylýan ýadawsyz işleriň we Hökümetimiz tarapyndan milli sporty ösdürmäge ägirt uly üns berilýändiginiň we jemgyýetimiziň ählumumy goldawynyň netijesidir. 

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny Aşgabat şäherinde geçirmek barada karar kabul etdi. Häzirki döwürde bu halkara sport baýramçylygyna taýýarlyk işleri güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Biz V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk Komitetini we bu Oýunlara taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komiteti döretdik. V Aziýa oýunlaryny geçirmegiň Baş meýilnamasynyň taslamasy işlenip düzüldi. Köp sanly duşuşyklar we okuw seminarlary, sergiler we maslahatlar geçirilýär. Bu ugurda halkara tejribesi öwrenilýär. 

Paýtagtymyzda bahasy 5 milliard amerikan dollaryna golaý bolan Olimpiýa şäherjigi gurulýar. Olimpiýa şäherjigi Merkezi Aziýada iň iri sport toplumlarynyň biri bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. 157 gektarda ýerleşýän bu toplumda Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan köpugurly sport desgalaryna bildirilýän ähli talaplara laýyklykda enjamlaşdyrylan desgalaryň 30-a golaýy bar. Bu toplum suwda ýüzmek we suwa bökmek üçin howuzlary bolan ýapyk we açyk desgalary, ýapyk hem-de iki sany türgenleşik we 10 sany açyk tennis meýdançasyny öz içine alýar. Bu ýerde bouling, badminton we stoluň üstünde oýnalýan tennis üçin, içki ýapyk welotrek, ylgaw ýodajyklary bolan köpugurly sport meýdançalary hem ýerleşýär. Bu toplumyň düzümine kiçi futbol, ýeňil atletika, fehtowaniýe we boks, sportuň oýun görnüşleri, gimnastika üçin türgenleşik meýdançalary we zallary, şeýle hem lukmançylyk-dikeldiş merkezi girýär. 

Toplumyň tutuş ugry boýunça welosiped we ylgaw ýodajyklary geçýär. Bu ýerde türgenler we tomaşaçylar üçin amatly bolar ýaly ähli zerur üpjünçilik desgalary döredilýär. Şol desgalaryň hatarynda türgenler üçin dürli görnüşli ýaşaýyş toplumlaryny, medeni-durmuş we söwda merkezlerini görkezmek bolar. Bulardan başga-da, bu ýerde häzirki zaman myhmanhanalary, restoranlar, kafeler, dükanlar, durmuş hyzmaty kärhanalary we awtoduralgalar gurulýar. Toplumyň çäklerinde pyýada geçelgeler we bir relsli ýol hem döredilýär. Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi iň gowy milli we öňdebaryjy binagärlik däpleriniň hem-de inženerçilik-tehniki pikiriň sazlaşykly utgaşýandygyny görkezýär diýip, milli Liderimiz nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz toplumyň paýtagtymyzyň günorta böleginde, Köpetdagyň eteginde ýerleşmegini bu taslamanyň esasy aýratynlyklarynyň biridigini belledi. Bu ýerde howa ýagdaýy ähli ekologiýa kadalaryna laýyk gelýär. Bulardan başga-da, Milli sport we syýahatçylyk instituty, beýleki üpjünçilik ulgamlary hem toplumyň golaýynda ýerleşýär. Olimpiýa şäherjiginiň döredilmegi örän iri sport ýaryşlaryny, şol sanda Aziýa, halkara we beýleki uly sport çärelerini geçirmäge mümkinçilik berer. 

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen ylalaşylyp, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna sportuň 19 görnüşi girizildi. Pursatdan peýdalanyp, şeýle hem türgenleri bu Oýunlara has giňden çekmek maksady bilen, şol sanawa sportuň ýene-de 2 görnüşini – atçylyk sportuny (konkury) we türkmen milli göreşini hem goşmagy teklip edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Soňky döwürde sportuň bu görnüşleri sport söýüjileriň we türgenleriň arasynda giň meşhurlyga eýe boldy. Birnäçe gün mundan öň Aşgabatda Guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr. 

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Okeaniýa döwletleriniň Milli Olimpiýa Komitetleriniň arasynda gatnaşýan döwletleriň düzümini giňeltmek baradaky Ähtnama şu gün dabaraly ýagdaýda gol çekilmegi bu Oýunlaryň hukuk ýagdaýyny we ähmiýetini täze derejä çykarar diýip, milli Liderimiz nygtady. 

Umuman, bu resminama gol çekilmegi bilen, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzalary bolan 45 sany Milli Olimpiýa Komitetinden daşary Okeaniýa döwletleriniň 17 sany Milli Olimpiýa Komiteti hem V Aziýa oýunlaryna gatnaşar. Bu bolsa, Oýunlaryň guramaçylarynyň üstüne uly jogapkärçilik ýükleýär. Olardan 2017-nji ýylda Aşgabatda V Aziýa oýunlaryny üstünlikli geçirmek üçin sazlaşykly we utgaşykly hereket etmegi talap edýär. 

Çykyşynyň ahyrynda milli Liderimiz bu ýere ýygnananlaryň ählisine ýeňil bolmadyk işinde üstünlikleri arzuw etdi we olary Aziýa Oýunlaryna taýýarlyk görmäge işjeň gatnaşmaga çagyrdy. 

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns berlip diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. 

Soňra hormatly Prezidentimiz çykyş etmek üçin Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti Şeýh Ahmad Al-Fahad Al Sabaha söz berdi. 

Aşgabatda V Aziýa oýunlaryny geçirmäge taýýarlyk görmegiň çäklerinde kärdeşlerim bilen duşuşmak meniň üçin uly hormatdyr diýip, AOG-nyň ýolbaşçysy aýtdy we Türkmenistana, onuň milli Liderine we ýurdumyzyň ähli halkyna myhmansöýerlik hem-de bu Oýunlary guramak boýunça geçirilýän giň möçberli işler üçin hoşallyk bildirdi. Aziada – 2017-niň taslamasy hut biziň wekiliýetimiziň türkmen paýtagtynda bolan wagtynda döräpdi we ýakyn wagtda bu pikir täze üstünlikli başlangyçlaryň nyşany hökmünde iş ýüzünde durmuşa geçiriler diýip, şeýh belledi. 

Türkmenistanyň goldawy we myhmansöýerligi netijesinde bu taslama Okeainiýa döwletleriniň hem goşulýandygy begendirýär diýip, AOG-nyň ýolbaşçysy nygtady we şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de ýurdumyzyň hyzmatdaşlary tarapyndan hem bu ähmiýetli çäräni ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy. 

Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah şeýle hem Aziýa oýunlaryny taýýarlamaga we geçirmäge gatnaşmaga çekilen mass-mediýa ulgamynyň görnükli hünärmenleriniň, dünýäde meşhur bolan beýleki hünär ussatlarynyň uly tejribesiniň bardygyny belledi. Munuň özi hem türkmen guramaçylarynyň bu çäräni ýokary derejede geçirmäge hyjuwlydygyna şaýatlyk edýär. 

AOG-nyň prezidenti “Aziada – 2017” ýaly iri taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da artdyrjakdygyna ynam bildirdi. Çünki, şeýle derejedäki wakalar köpugurly halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär, dostluk we işewür gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, sebitde we dünýäde birek-birege ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynyň ýola goýulmagyna oňyn täsir edýär, şeýle hem diňe bir sportuň däl, eýsem, milli ykdysadyýetiň, medeni durmuşyň we syýahatçylygyň, bilimiň we beýleki ulgamlaryň ösdürilmegini höweslendirýär. 

Şeýh Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna bütindünýäniň ýurtlarynyň üçden bir böleginiň diýen ýaly wekilçilik etjekdigini belläp, bu ýaryşlaryň parahatçylyk döredijilik ýaly asylly maksada gönükdirilendigini ýene-de bir gezek nygtady. Biz bu ägirt uly waka sabyrsyzlyk bilen garaşýarys we sazlaşykly işläris, ählumumy bähbitlere laýyklykda onuň üstünlikli bolmagy üçin ähli tagallalary ederis diýip, OAG-nyň prezidenti aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşy üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Aziýa Olimpiýa geňeşiniň alyp barýan işine işjeň gatnaşylmagyna Türkmenistanda biziň ýurdumyzyň sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň örän möhüm ugry hökmünde garalýar diýip nygtady. Biz Aziýa döwletleriniň dünýä olimpiýa hereketinde mynasyp orun eýelemek maksadyna berk ygrarlydyrys, sport, olimpiýanyň asylly ýörelgeleri häzirki zamanda halklaryň özara düşünişmegini we dostlugyny pugtalandyrmakda netijeli gural bolup hyzmat edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Aziýa Olimpiýa geňeşiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky çözgüdi kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip we muňa Okeaniýa döwletleriniň hem goşulýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz Okeaniýa döwletleriniň Milli olimpiýa komitetleriniň prezidenti jenap Robin Mitçelle söz berdi. 

Myhman özüne Okeaniýanyň ýurtlarynyň milli olimpiýa komitetleriniň 17-sini birleşdirýän halkara guramasy bolan Okeaniýa döwletleriniň Milli Olimpiýa komitetleriniň adyndan Türkmenistan bilen işjeň gatnaşyklara taýýardygyny beýan edip, 2017-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçiriljek Aziýa oýunlaryna gatnaşmagyň özleri üçin uly hormatdygyny nygtady. 

Aziýa oýunlary örän möhüm wakadyr, bu ýaryşlaryň ähmiýeti sport ulgamynyň çäginden çykyp, durmuş taýdan ösüşiň we daşary syýsasy gatnaşyklaryň dürli ugurlaryny öz içine alýar diýip, Robin Mitçell aýtdy. Okeaniýanyň köp döwletleri uly bolmadyk adalarda ýerleşýär we olar bütin dünýä, şol sanda giň Aziýa sebiti bilen halkara guramalarynyň, mysal üçin, OPEK, Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady komissiýasy ýaly guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklar, şeýle hem göni aragatnaşyklar arkaly has ýakynlaşmaga ymtylýarlar. Biz dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek we diňe sportda bäsleşmek isleýäris diýip, Okeainiýa döwletleriniň Milli Olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçysy belledi. Biz Aşgabatda Aziada ýaly möhüm ähmiýetli çärelere gatnaşmak üçin 25 sagatlyk uçuşy amala aşyrmaga taýýardyrys. Bu biziň üçin uly hormatdyr we ajaýyp mümkinçilikdir diýip, jenap Mitçell aýtdy we dünýäniň iki yklymynyň bu ugurda häzirki wagtda netijeli işleýändigini nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Robin Mitçelliň sözlerini teswirläp, Okeaniýa döwletleriniň wekiliýetleriniň Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna gatnaşmaklary hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini has giňeltmäge, döwletleriň sport ulgamyndaky bilelikdäki hereketerini ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açmaga ýardam berer. 

Soňra milli Liderimiz “СSM Strategies” (Beýik Britaniýa) kompaniýasynyň prezidenti jenap Sebastýan Koene söz berdi. Ol öz wagtynda 2012-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiýadanyň Guramaçylyk komitetine ýolbaşçylyk edipdi, häzirki wagtda bolsa Beýik Britaniýanyň Milli Olimpiýa komitetiniň baştutany bolup durýar. 

Britan kompaniýasynyň ýolbaşçysy şu taryhy dabara getnaşmagyň özi üçin uly mertebe bolup durýandygyny nygtap, Aşgabada gelip görmäge çakylyk üçin, şeýle hem sportuň eýeleýän ornuna oňat düşünýändigi, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde köpugurly işi guramakda hemmetaraplaýyn goldawy üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirdi. 

Aziada- 2017 ýaly ýokary derejedäki çäreleriň üstünlikli bolmagyny gazanmak üçin esasy iki uly ulgamda – guramaçylyk babatda we degişli düzümi döretmekde möhüm ädimleri ätmek zerur bolup durýar. Biziň ýurdumyz bu ugurlarda zerur bolan möhüm çäreleri gördi. Ilki bilen, Sebastian Koe Aşgabatdaky Olimpiýa toplumynyň desgalarynyň ýokary tehnologik derejesini belläp, bu giň möçberli işleri diňe ýurduň ýolbaşçylygynyň – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugra aýratyn üns bermeginiň netijesinde mümkin bolandygyny nygtady. 

Şu günki gün hem sport hereketi üçin, özi-de, diňe bir Aziýa ýurtlarynyň onlarçasy üçin däl, eýsem, Okeaniýa üçin hem örän ähmiýetli gündür diýip, jenap Koe nygtady. Munuň özi sport bäsleşiginiň çekeleşikli bolmagyny, Olimpiýa gymmatlyklarynyň sarpasynyň has-da artmygyny üpjün eder. Bu işe gatnaşmak meniň üçin uly hormatdyr diýip, britan kompaniýasynyň ýolbaşçysy aýtdy. Bu iş arkaly biz Londonda Olimpiýa oýunlaryny geçirmekde toplan tejribämizi paýlaşarys we bilelikde dünýä derejesindäki örän ähmiýetli wakany ýokary derejede gurajakdygymyza ynanýaryn. Çykyşynyň ahyrynda Sebastian Koe iri halkara sport çärelerini guramak ulgamyndaky britan hünärmenleriniň ýurdumyz bilen işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin myhmana minnatdarlyk bildirip, Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmäge, şol sanda sport ulgamynda gatnaşyklary giňeltmek üçin hemişe açykdygyny belledi. 

“СSM” kompaniýasy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Guramaçylyk komiteti bilen ýakyn hazmatdaşlyk edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. V Aziýa oýunlarynyň Baş meýilnamasynyň işlenip taýýarlanylmagy bilelikdäki işiň netijesidir, ol oýunlary ýokary derejede geçirmek üçin zerur bolan tapgyrlaýyn taýýarlyk görmegiň ähli ugurlary boýunça esasy çäreleri öz içine alýar. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, 2012-nji ýylyň London Olimpiýa oýunlarynyň Guramaçylyk komiteti hem, jenap Koeniň baştutanlyk edýän Beýik Britaniýanyň Milli komiteti hem özüniň ýokary hünär derejesini we işiniň netijeliligini görkezdi, Türkmenistan 2017-nji ýylda ýurdumyzyň paýtagtynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek meselelerinde “СSM” kompaniýasy bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegi göz öňünde tutýar. 

Soňra Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça VAziýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Okeaniýa döwletleriniň Milli Olimpiýa komitetleriniň arasynda Ähtnama gol çekmek dabarasy yglan edilýär. 

Gol çekmek üçin ýörite taýýarlanylan ýere bu guramalaryň ýolbaşçylary çagyrylýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah we Okeaniýa döwletleriniň Milli Olimpiýa komitetleriniň prezidenti Robin Mitçell ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Ähtnama gol çekýärler. 

Şu resminama bilen Aziadanyň ýyl ýazgysynda täze sahypa açylýar – ol özüniň çägini giňeldýär we 2017-nji ýylda bu oýunlara Aziýanyň 45 ýurdunyň türgenleri bilen bilelikde Okeaniýa ýurtlarynyň 17-sinden türgenler hem gatnaşar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň ajaýyp paýtagty Aşgabatda geçiriljek abraýly halkara ýaryşlarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge ýardam berjek bu dabara gatnaşyjylaryň ählisine minnetdarlyk bildirip we işlerinde uly üstünlikler arzuw etmek bilen “Oguzkent” myhmanhanasyndan ugrady. 

Okeaniýa ýurtlarynyň türgenleriniň Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça VAziýa oýunlaryna gatnaşmagy hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň, Okeaniýa döwletleriniň Milli Olimpiýa komitetleriniň we Aziada-2017-ä taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň ýolbaşçylary türkmen we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin metbugat maslahatyny geçirdiler. 

Metbugat maslahatynda çykyş edip, AOG-yň Prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah durmuş-ykdysady ösüşiniň depginleri bilen haýran galdyrýan Türkmenistanyň özünde galdyran täsirleri barada gürrüň berdi. Ösüş ähli ulgamlarda duýulýar, ýöne ol giň möçberli gurluşyk işlerinde has aýdyň ýüze çykýar diýip, myhman aýtdy. Şol gurulýan desgalaryň hatarynda täze awtomobil ýollary, polat ýollar, logistiki ulgamlar, ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, lukmançylyk merkezleri we beýlekiler bar. Türkmenistanyň häzirki zaman şäher gurluşygynda sport desgalarynyň gurluşygynyň möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny aýratyn bellemek isleýärin, şeýlelikde, halkara derejeli ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýän sportuň kämil maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilmegi bilen birlikde, adamlaryň sagdyn we işjeň durmuşy üçin ygtybarly esas goýulýar diýip, şeýh sözüni dowam etdi. 

Aziada-2017-niň taslamasynyň döredilýän mahalynda biziň bu Oýunlara täze gerim bermek barada arzuwymyz bardy. Ine, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde bu arzuwymyz hasyl bolýar. Okeaniýa döwletleriniň ýaryşlara gatnaşmagy täze başlangyçlar we gatnaşyklar üçin oňat badalgadyr. Türkmenistanyň Baştutanynyň çykyşynda VAziýa oýunlarynyň maksatnamsyna konkur we türkmen milli göreşi boýunça ýaryşlary girizmek barada aýdylan teklipleri nazara almak bilen, oýunlaryň maksatnamsynyň üstünde işleniler we ol 2015-nji ýylda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş assambleýasynda kabul ediler diýip, şeýh habar berdi. 2016-njy ýylda Aziada-2017-niň düzümleýin ulgamlaryny gözden geçirmek üçin synag çäreleriniň birnäçesini geçirmek göz öňünde tutulýar. 

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti uly umumy işiň üstünlige eýe boljakdygyna ynam bildirip, Aziadanyň Guramaçylyk komitetine ilkinji gezek ýurduň Prezidentiniň ýolbaşçylyk edýändiginiň ähmiýetini nygtady. Munuň özi bu çäräniň aýratyn derejä eýedigine şaýatlyk edýär. Bu şeýle möçberdäki ilkinji Aziýa oýunlary bolar! – diýip, şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah aýtdy. 

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 62 ýurtdan 5 müňdan gowrak türgeniň çykyş etmegine garaşylýar. Aziada-2017-ä taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň başlygy D.Gulgeldiýew žurnalistlere iri sport forumynyň öňisyrasynda geçirilýän guramaçylyk işleri, Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy barada gürrüň berdi. Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda ilkinji nobatdaky desgalaryň gurluşygy doly tamamlandy, 2-nji we 3-nji nobatdakylaryň gurluşyk işleri ýokary depginde alyp barylýar. Bu ýerde jemi 39 desga, şol sanda sportuň dürli görnüşleri boýunça milli we halkara derejedäki ýaryşlary geçirmek üçin niýetlenen 16 sport desgasy gurlar. Mundan bagşa-da, bu ýerde türgenler we ýaryşlara gatnaşyjylar üçin myhmanhanalar, ýaşaýyş jaý toplumlary, naharhanalar, lukmançylyk edaralary, medeni-dynç alyş desgalary bina edilýär. Olimpiýa şäherjigi Aşgabady iri sport merkezine öwürer. Aziada tamamlanandan soň, türkmen paýtagtynda iri halkara ýaryşlaryny yzygiderli geçirmek bolar. Aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary bolsa bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmak üçin ajaýyp şertler döredilen döwrebap sport desgalaryna baryp bilerler. 

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak boýunça taýýarlyk işlerine Bütindünýä Olimpiýa oýunlaryny we beýleki iri halkara ýaryşlaryny guramaga gatnaşan iň gowy daşary ýurt hünärmenleri çekildi. 

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerini çekmek guramaçylyk işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Geçen ýyl Aşgabatda dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda iki tapgyrdy halkara sport media-forumy geçirildi. Türkmen we daşary ýurt neşirleriniň, teleradio ýaýlymlaryň wekilleriniň şu günki duşuşygy hem onuň dowamy bolar, indiki duşuşyk bolsa 2015-nji ýylda geçiriler. 

Okeaniýa döwlpetleriniň Milli Olimpiýa komitetleriniň prezidenti Robin Mitçelliň žurnalistleriň öňünde çykyş edip belleýşi ýaly, Ähtnama gol çekilmegi taryhy waka boldy. AOG-nyň 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi baradaky çözgüdi halkara jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sporty ösdürmek ulgamyndaky başlangyçlarynyň ykrarnamasy bolup durýar. 

Okeaniýa ýurtlarynda 1963-nji ýyldan başlap, her dört ýyldan şeýle sport Oýunlary geçirilýär diýip, jenap Mitçell aýtdy. Şu gün bolsa biziň türgenlerimiziň umumaziýa giňişligine çykmagy üçin ajaýyp mümkinçilik açyldy. Munuň özi biziň döwletlerimizde sporty we köp taraplaýyn sport gatnaşyklaryny ösdürmek, bu ulgamda tejribe alyşmak, dürli medeniýetlere eýe bolan ýaşlaryň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak üçin kuwwatly höweslendiriji çäre bolar. Bularyň ählisi beýleki ulgamlaryň hemmesinde özara gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň girewi we binýady bolmalydyr. 

Aziada -2017-de Türkmenistanyň ýygyndysynyň çykyşynyň näderejede netijeli boljakdygy baradaky sowala jogap berip, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy medallar ugrundaky bäsleşigiň örän çekeleşikli boljakdygyny, muňa garamazdan, biziň türgenlerimiziň ýaryşlara örän jogapkärli çemeleşýändigini we Watanymyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerini aýtdy. 

Daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köpüsini metbugat maslahatynda Türkmenistanyň geljekde özünde sportuň olimpiýa görnüşleri boýunça Aziýa oýunlaryny geçirmäge ukyplylygy baradaky sowal gyzyklandyrdy. 

Bu sowala jogap berip, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti olimpiýa Aziadasyny geçirmek üçin özüne ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän sport desgalaryny – köp tomaşaçy orunlyk stadionlary, sportuň dürli görnüşleri üçin toplumlary, türgenleşik zallaryny, döwrebap media we lukmançylyk merkezlerini, halkara derejesindäki howa menzilini, myhmanhanalary we beýlekileri birleşdirýän köp şahaly sport düzüminiň bolmagynyň zerurdygyny aýtdy. Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygynyň dowam edýändigine garamazdan siziň paýtagtyňyz bularyň ählisine eýedir. Häzirden Türkmenistanyň özünde sportuň olimpiýa görnüşleri boýunça Aziýa oýunlaryny hem geçirmäge doly ukyplydygyny ynamly aýtmak bolar. 

Şu gün daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýerine öwrüljek Olimpiýa şäherjigine baryp gördüler. 

Myhmanlar eýýäm gurlup gutarylan desgalar bilen tanyşdylar, olaryň olimpiýa derejesine laýyklykda enjamlaşdyrylyşyna ýokary baha berdiler, häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan desgalary synladylar. Bu toplumyň düzümleri bilen tanyşdylar. Bu taslamanyň örän iri gerimine haýran galýandyklaryny beýan edip, olar bu ägirt uly sport toplumynyň Türkmenistanyň buýsanjyna we tutuş ýer ýüzünden köpsanly türgenleriň we sport janköýerleriniň gelýän künjegine öwrüljekdigi baradaky bir pikiri aýtdylar. 

Günüň ikiknji ýarymynda Aşgabatda halkara media-forumyň açylyşy boldy. Munuň özi dürli ýurtlardan gelen žurnalistleriň, halkara habarlar agentlikleriniň, ýöriteleşdirilen neşirleriň we telewizion kompaniýalaryň wekilleriniň duşuşygydyr – Aşgabatda geçiriljek Aziadanyň maglumat taýdan goldanylmagyny guramak boýunça maslahatlaryň nobatdaky tapgyrydyr. 

Nobatdaky sport media-forumyň mowzuklaýyn bölümleriniň işine ählumumy sport hereketinde esasy bilermen “Jon Tibbs and Assoсiates” kompaniýasynyň direktory Jon Tibbs, Sport baradaky döwlet komitetiniň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary, milli we daşary ýurtlaryň, şol sanda Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, ABŞ-nyň, Ispaniýanyň, Russiýanyň, Şwesiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we beýlekileriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

Forumyň gün tertibine 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa Oýunlarynyň ähmiýetini wagyz etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň tutýan ornuny ýokarlandyrmak, Oýunlara taýýarlyk görlüşini dogry we anyk şöhlelendirmek, olaryň ynsanperwerlik many-mazmunyny hem-de halkara gatnaşyklarynyň ösüşine oňyn täsirini açyp görkezmek ýaly meseleler girizildi. 

Ertir forum öz işini dowam eder.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Mejlisi Pariž Ylalaşygyny Tassyklady

syrach

Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleri Ulgamynda Hyzmatdaşlyk

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi «Bilim Hakynda»

turkmenhabargullugy