20.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmen Aýdymçysy Çynaradan Muşdaklaryna Täze Aýdym

Türkmenistanly sungat işgäri we häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynda bilim alýan we sungat kärini dowam etdirýän Çynara “Zyýana galdyk” atly täze aýdymy bilen muşdaklarynyň söýgüsini gazandy. Mälim bolşy ýaly, aýdymçy golaýda “Bir umyt ýeterlik” atly kitabyny hem okyjylar köpçüligine ýetiripdi.

Türkiýe Respublikasyndaky Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň dolandyryjylar geňeşiniň agzasy bolan Çynara Türkiýede “Aldap bilmersiň” atly albomy bilen aýdym-saz durmuşyna gadam basypdy. Ol bu gezek “Zyýana galdyk” atly täze albomy bilen muşdaklaryna uly sowgat etdi.

Sazy we sözleri Çynara degişli bolan bu aýdym “Ölmez Müzik Yapım” tarapyndan taýýarlandy. Dürli görnüşli şekilleri özünde jemlän bu aýdymyň wideo şekilleri Turgaý Jeýlaner tarapyndan režissýorlyk edildi. Hem aýdym hem-de onuň wideo şekilleri gysga wagtda uly gyzyklanma döretdi.

Aýdymlary bilen bir hatarda kitaby bilen hem meşhurlyk gazanan Çynaranyň “Chinara Collection” atly aksesuar harytlary “Trendyol.com” internet saýtynda satylýar.

Aýdymçy Çynara “Atawatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň okyjylary tarapyndan hem tanalýar. Ol “www.atavatan-turkmenistan.com” saýtynyň sowallaryna uly höwes bilen jogap beripdi.

Çeşme: Atavatan Türkmenistan

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Giňişleýin Mejlisi

turkmenhabargullugy

Тürkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň Bellenen Möhletleri Gulluk Eden Harby Gullukçylary Harby Gullukdan Boşadyldylar

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Saýlanylan Prezidenti Öz Işine Girişdi

turkmenhabargullugy